Wagyz üçin teklipler
«Siz şu soraga nähili jogap bererdiňiz: Geljege gorky bilen garaýarmysyňyz ýa-da umyt bilen? (Jogap bersin). Mukaddes Ýazgylar bize geljege umyt bilen garamaga esas berýär» (Soňra Matta 6:9, 10-njy aýatlary oka we Hudaýyň Patyşalygy ýer ýüzünde Hudaýyň islegini nädip berjaý etjekdigini düşündir).
«Siz nähili pikir edýärsiňiz, biziň ykbalymyz Hudaýyň elindemi? (Jogap bersin). Mukaddes Ýazgylardaky şu aýada görä, Hudaý adamlaryň ykbaly öz elinde diýýär» (1 Timoteos 2:3, 4-nji aýatlary oka we Mukaddes Ýazgylaryň ýaşaýşy saýlap almaga kömek edýändigini görkez).
«Biz her gün diýen ýaly adamlaryň aýylganç zalymlyklary edýändigini eşidýäris (Ýakynda bolan ýerli wakany gürrüň ber). siziň pikiriňizçe, adamlara göze görünmeýän zalym ruh täsir edýärmi? (Jogap bersin. Ylham 12:12-ni oka we ondan özümizi nädip gorap biljekdigimizi düşündir).
«Siz şu sözler barada näme pikir edýärsiňiz? (1 Timoteos 6:10-y oka). Pul we maddy zat üçin ýaşaýan adamlaryň ejir çekýändigi bilen ylalaşýarmysyňyz?» (Jogap bersin we baýlyga kowalaşmagyň nämä eltýändigini düşündir).