Wagyz üçin teklipler
«Siziň pikiriňizçe, Hudaý ähli dogalary eşidýärmikä? (Jogap bersin.) Bu barada Isa pygamberiň aýdan sözlerine üns beriň». Matta 6:7-ni oka we doga hakda köplenç berilýän sowallara Mukaddes Ýazgylaryň berýän jogaplary barada pikir alyş».
«Köp adamlar biziň ykbalymyz öňünden kesgitlenen diýýärler. Siz nähili pikir edýärsiňiz? (Jogap bersin.) Bu aýatlara görä, her bir adamyň özi saýlap bilýär». Matta 7:13, 14-i oka we Mukaddes Ýazgylarda ykbal barada näme diýilýändigini düşündir.
«Siziň pikiriňizçe, durmuşda bolýan wakalar öňünden aýdyldymyka? (Jogap bersin.) Bu barada Mukaddes Ýazgylarda näme diýilýändigine üns beriň». Galatýalylar 6:7-i oka we Hudaý gelejekde ýer ýüzünde ajaýyp durmuşyň boljakdygyny bireýýäm kesgitlese-de, onuň durmuş ýoluny saýlamaga her birimize mümkinçilik berýändigini düşündir.
«Şu günki ykdysady taýdan kyn döwürde adamlaryň köpüsi pul ýetmezçiligi sebäpli horluk çekýärler. Sizem munuň bilen ylalaşýarsyňyzmy? (Jogap bersin.) Paýhasly maslahata üns beriň». 1 Timoteos 6:8, 10-njy aýatlary oka we Mukaddes Ýazgylardaky puly dogry ulanmak hem-de kalbymyzy rahat saklamak hakdaky maslahatlar barada pikir alyş.