Biz näme üçin gaýta-gaýta gelýäris
1. Wagyz gullugy babatda nähili sorag ýüze çykýar?
1 Köp ýerlerde meýdançalar ýygy-ýygydan geçilýär. Hatda hoş habar bilen gyzyklanmaýaryn diýen adamlaryň öýüne biz gaýta-gaýta barýarys. Näme üçin hakykaty diňläsi gelmeýän adamlaryň öýüne biz ýene-de barýarys?
2. Dyngysyz wagyz edýänligimiziň esasy sebäbi näme?
2 Ýehowa we adamlara bolan söýgi. Dyngysyz wagyz edýänligimiziň esasy sebäbi, biz Ýehowany söýýäris. Ýüregimiziň joşguny beýik Hudaýymyz barada gürrüň bermäge höweslendirýär (Luka 6:45). Ýehowa bolan söýgimiz onuň tabşyryklaryna gulak asmaga höweslendirýär we başgalara-da şeýle etmäge kömek edýäris (Sül. tym. 27:11; 1 Ýahýa 5:3). Adamlaryň hoş habara nähili seslenýändigine garamazdan, biz wagyz etmegimizi dowam edýäris. Birinji asyrdaky mesihçileri yzarlanda-da, olar wagyz etmegiň «yzyny üzmediler» (Res. iş. 5:42). Adamlar seslenmedik ýagdaýynda-da biz ruhdan düşmeýäris, sebäbi Ýehowany ýürekden söýýäris we oňa wepaly gulluk edýäris.
3. Dyngysyz wagyz etmäge näme kömek edýär?
3 Dyngysyz wagyz edýändigimiziň ýene-de bir sebäbi, biz goňşymyzy söýýäris (Luka 10:27). Ýehowa hiç kimiň heläk bolmagyny islemeýär (2 Pet. 3:9). Hatda ýygy-ýygydan wagyz edilýän meýdançada-da Ýehowa gulluk etmek isleýän adamlary tapýarys. Meselem, Ýehowanyň bir Güwäçisine 56 adamdan düşýän Gwadelupa adasynda, geçen ýyl 214 adam suwda çokundyryldy. Ýatlama agşamyna bolsa takmynan 20 000, ýagny adadaky her 22 adamyň biri geldi!
4. Meýdançadaky ýagdaý nädip özgerip biler?
4 Ýagdaýyň özgerişi. Biz meýdançada hemişe dürli adamlara duşýarys. Hakykata seslenmedik adamyň öýüne indiki sapar gelenimizde, gapyny hoş habary hiç haçan eşitmedik maşgalanyň agzasy açyp, diňlemegi mümkin. Ýa-da gyzyklanjak täze ýaşaýjylara duşup bileris. Belki, ata-enesi garşy çykan çagalar indi ulalyp, şol öýde ýaşaýandyr. Mümkin, şeýle adamlar Patyşalyk habaryny höwes bilen diňlär.
5. Adamlaryň gowy seslenmegine näme sebäp bolup biler?
5 Adamlar hem özgerip biler. Pawlus resul öň «dil ýetirýän, azar berýän, zorluk edýän» adamdy (1 Tim. 1:13). Şu günler hem Ýehowa gulluk edýänleriň köpüsi ilki hakykat bilen gyzyklanmaýardylar. Olaryň käbiri hatda garşylyk görkezýärdi. Garşylyk görkezýän ýa-da sowuk-sala garaýan adamlaryň käbiri dünýädäki ýagdaýyň üýtgemegi bilen diňlemegi mümkin. Başgalar bolsa dogan-garyndaşynyň ölümi, işden boşadylanlygy, pul ýetmezçiligi ýa-da saglygyň ýaramazlygy ýaly betbagtçylyga uçrandan soň, hoş habara seslenmegi mümkin.
6. Näme üçin ruhubelentlik bilen wagyz etmegimizi dowam etmeli?
6 Bu dünýäniň soňy geldi. Emma biziň wagyz etmek we şägirt taýýarlamak işimiz badyny artdyrýar (Iş. 60:22). Şonuň üçin biz ruhubelentlik bilen wagyz etmegimizi dowam edýäris we dogry garaýşy saklamaga çalyşýarys. Belki, indiki wagyz etjek adamymyz diňlär. Biz wagyz etmegimizi bes etmeli däl! «Muny etmek bilen... hem özümizi, hem özümize gulak asýanlary halas ederis» (1 Tim. 4:16).