14-nji bap
Ýygnakda parahatçylygy we arassaçylygy saklamak
MUKADDES ÝAZGYLARDAKY pygamberligiň ýerine ýetmegi bilen her ýyl müňlerçe adamlar hakykatda sežde etmek üçin Ýehowanyň öýüne gelýärler (Mika 4:1, 2). Şeýle adamlary biz «Hudaýyň... ýygnagynda» begenip garşy alýarys! (Res. iş. 20:28). Olar biziň bilen Ýehowa gulluk edip bilýän mümkinçiligi gymmatly saýyp, ruhy jennetiň bardygyna begenýärler. Şeýle ruhy arassaçylyga we parahatly gatnaşyga diňe Ýehowanyň mukaddes ruhy arkaly hem-de onuň Sözündäki, ýagny Mukaddes Ýazgylardaky paýhasly maslahatlara eýermek üçin tagalla edip ýetýäris (Zeb. 119:105; Zak. 4:6).
Biz Mukaddes Ýazgylardaky prinsipleri ulanyp, täze şahsyýet, ýagny mesihçi bolýarys (Kol. 3:10). Ýehowanyň dogry kadalary boýunça ýaşamak üçin köp tagalla edip, uly bolmadyk düşünişmezliklere üns bermejek bolýarys. Her bir meselä Ýehowanyň garaýşy ýaly garap, dünýäniň erbet täsirine garşy durýarys we halkara doganlar hökmünde söýgi bilen agzybirlikde zähmet çekýäris (Res. iş. 10:34, 35).
Emma kä ýagdaýlarda ýygnagyň parahatlygyny we agzybirligini bozýan kynçylyklar döräp biler. Näme üçin? Bu köplenç Mukaddes Ýazgylardaky maslahata sowuk-sala garap, oňa eýermeýändigimiz üçin bolýar. Biziň barymyz günäli bolanymyz üçin bikämil bedenimize garşy göreş alyp barmaly bolýarys (1 Ýahýa 1:10). Kimdir biri bir zada anyk düşünmän, nädogry iş edip, ahlak ýa-da ruhy taýdan ýygnagy hapalap biler. Seresapsyzlyk bilen hereket edip ýa-da oýlanyşyksyz söz aýdyp, biriniň göwnüne degmegimiz mümkin ýa-da özümiz biriniň aýdan sözlerini, eden işlerini göwnümize alyp bileris (Rim. 3:23). Şeýle kynçylyklar ýüze çykanda, olary nädip çözüp bileris?
Şeýle ýagdaýlaryň ählisini söýgi bilen göz öňünde tutýandygyna biz Ýehowa örän minnetdar. Bikämilligi miras alanymyz üçin ýa-da ýagdaýymyzyň çäklidigi we kimdir biriniň günä edeni üçin kynçylyk dörese, Hudaýyň Sözi näme etmelidigi barada görkezme berýär. Söýgüli çopanlar her birimize kömek bermäge hemişe taýyn. Olaryň Ýazgylar esasynda berýän maslahatlaryny kabul etsek, dogan-uýalarymyz we Ýehowa bilen gowy gatnaşygymyzy ýitirmeris. Eger eden etmişimize görä maslahat ýa-da käýinç berilse, şeýle düzedişler arkaly gökdäki Atamyzyň söýgi bildirýändigine şübhelenmän bileris (Sül. tym. 3:11, 12; Ýew. 12:6).
UJYPSYZ DÜŞÜNIŞMEZLIKLERI ÇÖZMEK
Käwagt dogan-uýalaryň arasynda biraz düşünmezlik bolýar. Şeýle ýagdaýda ara wagt düşürmän olary doganlyk söýgüsi bilen sazlamaly (Efes. 4:26; Flp. 2:2—4; Kol. 3:12—14). Has dogrusy, ýygnak agzalarynyň arasynda döreýän kynçylyklaryň köpüsini Petrus resulyň maslahatyna eýerip, çözüp bolýandygyna göz ýetirersiň, ol şeýle diýdi: «Birek-birege bolan söýgiňiz joşgunly bolsun, sebäbi, söýgi köp günäleri basyrýandyr» (1 Pet. 4:8). Şeýle düşünişmezlikler bikämil bolanymyz üçin ýüze çykýar. Sebäbi hemmämiz köp büdreýäris (Ýakup 3:2). Eger biz şu zatlary boýun alsak we «altyn düzgüne» eýermäge çalşyp, özümize isleýän zadymyzy adamlara etsek, onda köp ýagdaýda doganlaryň ujypsyz etmişlerini aňsatlyk bilen geçireris (Mat. 7:12).
Eger biriniň etmişi seni biynjalyk edip, kynçylygy başga ýol bilen çözmeli diýip pikir edýän bolsaň, muny gaýra goýman tiz sazlamaly, sebäbi bu seniň diňe bir doganyň arasyndaky gatnaşyga däl, eýsem, Ýehowa bilen gatnaşygyňa hem täsir edýär. Isa şägirtlerine şeýle maslahat berdi: «Şonuň üçin gurbanyňy gurbanlyk edilýän ýere alyp baranyňda, doganyň senden öýke-kinesiniň bardygy ýadyňa düşse, gurbanyňy şol ýerde, gurbanlyk edilýän ýeriň öňünde goý-da, gidip öňürti doganyň bilen barlyş, onsoň gelip gurbanyňy bagyş et» (Mat. 5:23, 24). Mümkin, ýöne bir düşünişmezlik bolandyr. Eger mesihçi agzybirligi saklap, aç-açan gepleşseňiz, çalt düşünişse bolar. Eger ýygnakdakylaryň ählisi bir-biri bilen gowy pikir alyşsalar, düşünişmezlikden gaça durmaga we bikämillikden ýaňa ýüze çykýan kynçylyklary çözmäge kömek eder.
ÝAZGYLARA ESASLANAN MASLAHATY BERMEK
Käwagt gözegçi doganlar kimdir biriniň garaýşyny özgertmek üçin maslahat bermegi makul bilýärler. Elbetde, bu aňsat däl. Galatýadaky mesihçilere Pawlus resul şeýle ýazdy: «Eý doganlar, bir adam bir ýazyk üstünde tutulsa, Ruha uýan siz beýle adamy ýumşaklyk ruhy bilen dogry ýola getiriň» (Gal. 6:1).
Söýgi bilen süriniň aladasyny edip, gözegçiler ýygnagy ruhy howpdan goraýarlar we agyr kynçylyklaryň öňüni alýarlar. Süriniň çopanlary hemişe Ýehowanyň Işaýa arkaly beren wadasyna laýyklykda gulluk etmäge çalyşmaly: «Olaryň her biri ýelden gorag, çabgadan gizlengi ýer kimindir, çöllük ýerde suw çeşmesi kimin, düz meýdanda beýik gaýanyň kölegesi kimindir» (Iş. 32:2).
AGYR ETMIŞLERI ÇÖZMEK
Biziň öýke-kinä kän bir üns bermän geçirýändigimiz etmişlere sowuk-sala garaýandygymyzy ýa-da olary makullaýandygymyzy aňlatmaýar. Hemme etmişleri bikämillik bilen aklap bolmaýar; eger ýöne bir säwlik däl-de, uly ýalňyşlyk bolup, oňa ähmiýet bermesek, öýkelediji üçin hem, ýygnak üçin hem zyýanly bolar (Lew. 19:17; Zeb. 141:5). Musanyň kanunynda günäniň ýa-da etmişiň agyrlygyna üns berilýärdi. Mesihçiler ýygnagynda-da şeýle zatlar göz öňünde tutulýar (1 Ýahýa 5:16, 17).
Bir mesihçi başga mesihçä garşy agyr günä eden bolsa, ony nädip çözmelidigini Isa jikme-jik düşündirdi. Onuň görkezen ädimlerine seredeliň: «Doganyň saňa garşy günä etse, [1] bar-da, ikiçäk gürleşip, tagsyryny oňa aýt. Seniň sözüňe gulak assa, bu doganyňy gazandygyňdyr. Sözüňe gulak asmasa, [2] her söz iki ýa üç güwäniň agzyndan tassyklanar ýaly, bir ýa iki adamy ýanyňa al. Olara-da gulak asmak islemese, [3] onda ýygnaga aýt. Oňa-da gulak asmak islemese, goý, ol seniň üçin bir butparaz ýa-da salgytçy bolsun» (Mat. 18:15—17).
Matta 18:23—35-nji aýatlardaky Isanyň tymsalyndan görnüşi ýaly, Matta 18:15—17-nji aýatlardaky günäler pul ýa-da emläk bilen bagly meseleler bolup biler, mysal üçin, mesihçi bermeli zadyny bermeýär ýa-da ýalan sözleýär ýa-da kimdir biriniň abraýyny düşürmek üçin töhmet atýar.
Eger ýygnakdakylaryň biri saňa garşy şeýle günä edendigi barada deliliň bolsa, arka durar ýaly gözegçilere ýa-da başga birine ýüz tutmaga howlukma. Isanyň maslahatyna görä, kimden nägile bolsaň ilki şonuň bilen gepleş. Hiç kimi ara goşman dörän kynçylygy ikiçäk çözjek boluň. Eger günä eden adam seniň edýän tagallaňa seslenmese, entek indiki ädimlere geçme. Ýadyňda bolsun, Isa doganyň tagsyryny diňe bir gezek aýt diýmedi. Şoňa görä-de eger doganyň etmişini boýun alman, ötünç soramasa, biraz wagtdan ýanyna ýene-de barsaň dogry bolardy. Eger kynçylyk çözülse, etmişini başgalara aýtman, ýygnakdaky abraýyny saklanyň üçin günäkär dogan saňa minnetdar bolar. Şeýlelikde, sen maksadyňa ýetip, «doganyňy gazanarsyň».
Eger öýkelediji günäsini boýun alyp, ötünç sorasa we meseläni sazlamaga çalyşsa, onda indiki ädimleri etmegiň hajaty ýok. Diýmek, günä agyr bolsa-da, ony ikiçäk çözüp bolýar. Bu ýerde ahlaksyzlyk, zynahorlyk, gomoseksuallyk, Hudaýa dil ýetirmek, Hudaýdan dänmek we butparazlyk ýaly günäler göz öňünde tutulmaýar (1 Kor. 6:9, 10; Gal. 5:19—21). Beýle günäler üçin adamyň diňe bir ötünç soramagy ýeterlik däl. Olar ýygnagyň ruhy we ahlak arassaçylygyna howp salýar, şonuň üçin gerekli çäreleri görer ýaly ýaşululara aýtmaly (1 Kor. 5:6; Ýakup 5:14, 15).
Eger sen doganyň bilen «ikiçäk gürleşip», kynçylygy çözüp bilmedik bolsaň, onda Isanyň maslahatyna görä, «bir ýa iki adamy ýanyňa alyp», doganyň bilen ýene-de gepleşjek bol. Bu iki adamyň hem maksady doganyny gazanjak bolmaly. Olar bolan işe şaýat adamlar bolsa gowy bolardy, eger bolmasa, ikiçäk gepleşeniňizde, haýsy-da bolsa bir dogany ýanyňyzda bolmagy haýyş et. Belki, olaryň şeýle meselede tejribesi bardyr we öýkelediji adama garşy ýöňkelýän günäniň esaslydygyny ýa-da esasly däldigini bilmäge kömek eder. Iki dogan gepleşende, şaýat hökmünde saýlanan ýaşuly ýygnagyň adyndan çykyş etmeýär, sebäbi ýaşulular maslahaty oňa ygtyýar bermeýär.
Eger sen doganyň saňa garşy günä edendigine doly göz ýetirip, ony subut edip bilseň, onuň bilen birnäçe gezek ikiçäk, bir ýa iki şaýadyň ýanynda hem gepleşip kynçylygy çözüp bilmedik bolsaň we bu meseläni ýöne goýup bilmeseň, onda kynçylygy ýygnagyň gözegçilerine aýdyp bilersiň. Seniň hem, olaryň hem maksady ýygnagyň parahatlygyny we arassaçylygyny saklamakdygyny unutmaly däl. Işi ýaşulularyň garamagyna geçirip, sen eliňde baryny edýärsiň. Bu meseläni olara tabşyryp, ähli zadyň aladasyny Ýehowanyň etjekdigine ynan. Kimdir biriniň hereketi saňa bökdenç bolmagyna we Ýehowa gulluk edip alýan şatlygyňdan mahrum etmäge ýol berme (Zeb. 119:165).
Süriniň çopanlary meselä seredip, doganyň saňa garşy agyr günä edendigine göz ýetirseler we ol etmişi üçin toba etmän, ýetiren zyýanyň hem ýerlikli ýagdaýda öwezini dolmak islemese, toba etmeýän dogany gatnaşykdan kesmeli bolar. Şeýdip, olar sürini gorap, ýygnagyň arassaçylygyny saklap bilerler (Mat. 18:17).
DÜZGÜNI BOZÝANLARY BELGÄ ALMAK
Pawlus selaniklilere ýazan ikinji hatynda tertip-düzgüni bozýan we oňat hasaplansa, ýygnagyň beýleki agzalaryna erbet täsir edýän doganlar barada imandaşlaryny habardar edýär. Ol selanikdäki mesihçileri «alan taglymatyna uýmaýan, boş gezýän her bir dogandan daş durmagy» ündeýär. Soňra ol aýdanlaryny şeýle düşündirýär: «Kim bu hatda aýdanlarymyza gulak asmasa, ony belgä alyň. Onuň bilen gatnaşyk etmäň, utandyryň. Ony duşman hökmünde görmän, ýöne bir dogan hökmünde oňa öwüt beriň» (2 Sel. 3:6, 14, 15).
Käte mesihçiniň gatnaşykdan keser ýaly agyr günä edýändigini bilip bolmaýan ýagdaý bolýar, muňa garamazdan, ol Ýehowanyň gurmasyndaky mesihçiniň eýermeli kadalaryna juda äsgermezlik edýär. Muňa aşa ýaltalyk, tankydy garaýyş we «beýlekileriň işine gatyşyp» boş sözlemek ýaly işler degişli bolup biler (2 Sel. 3:11). Şeýle-de doganlar bilen gatnaşygyny diňe öz bähbidi üçin mekir ulanmak ýa-da bile-görä mesihçilere garşy gelýän göwün açmalary saýlamaklyk girýär. Tertip-düzgüni bozmak diýende, Mukaddes Ýazgylardaky maslahatlar esasynda çözüp ýa-da söýgi bilen basyryp bolýan ujypsyz zatlar däl-de, ýygnak agzalaryň ählisine ýaramaz täsir etjek ýa-da olaryň öwrenjek agyr günäleri göz öňünde tutulýar.
Şeýle mesihçä telim gezek nesihat berilse-de, ol Mukaddes Ýazgylardaky aýdyň prinsiplere öňküsi ýaly biperwaý garasa, onda ýaşulular tertip-düzgüni bozýan adama ýerlikli ündew bermek üçin nutk bilen çykyş etmegi makul bilerler. Ynjalyksyzlanar ýaly ýagdaýyň, dogrudan-da, agyrdygyny we habardar edýän nutk bilen çykyş etmegiň gerekdigini ýaşulular paýhasly bolup, düşgürlik bilen çözerler. Şeýle nutk bilen çykyş edýän dogan düzgüni bozýanyň adyny aýtmaýar. Emma nutkda aýdylýan ýagdaýa düşünýän doganlar nutkçynyň sözlerine gulak asyp, özüni gelşiksiz alyp barýan bilen gatnaşygyny çäklendirerler.
Ýygnak agzalarynyň tutanýerliligi we ýaramaz alyp barýan dogan barada edýän aladalary ony utandyryp, toba gelmegine elter. Ýerliksiz hereket edýän mesihçiniň özgerýändigi görünse, ony belgä almagyň zerurlygy ýok.
Ýehowanyň islegini guramaçylykly ýerine ýetirýäris sahypa 144 —151