Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 9/07 sah. 3—sah. 6 abz. 4
  • Agzybir doganlyk

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Agzybir doganlyk
  • Hudaýa gullugymyz — 2007
  • Sözbaşylar
  • PIKIRIŇ TÄZELENMEGI
  • HALKARA AGZYBIRLIGIMIZI SAKLAÝARYS
  • BIR-BIRIMIZ BARADA ALADA ETMEK
  • ÝEHOWANYŇ ISLEGINI ÝERINE ÝETIRMÄGE BÖLÜNEN HALK
Hudaýa gullugymyz — 2007
km 9/07 sah. 3—sah. 6 abz. 4

16-njy bap

Agzybir doganlyk

ÝEHOWA Ybraýym we onuň nesli bolan ysraýyllylar bilen 2000 ýyllap aýratyn gatnaşyk saklady, soňra «özge milletlerden Öz adyna bir halk almak üçin Hudaý ilki bilen olara... ideg etdi» (Res. iş. 15:14). Ýehowanyň adyny göterýän halk güwäçilerden ybarat bolup, olar nirede ýaşasalar-da, pikirinde we işinde agzybirligi saklamalydylar. Hudaýyň adynyň esasynda birleşen bu topar Isanyň şägirtlerine tabşyran ýumşuny ýerine ýetirmegiň netijesinde peýda bolmalydy. Ol şeýle diýdi: «Şonuň üçin, gidiň-de, bütin milletleri şägirt ediň, olary Ata, Ogul we Mukaddes Ruhuň ady bilen çokundyryň. Size tabşyran ähli zatlarymy berjaý etmegi olara öwrediň» (Mat. 28:19, 20).

Sen Ýehowa özüňi bagyş edip, suwda çokundyrylyp, Isa Mesihiň şägirdi we mesihçileriň bütin dünýädäki agzybir doganlygyň agzasy bolduň. Olaryň milli, jynsy we ykdysady aýratynlyklary berk gatnaşyk saklamagyna ýol bermeýär (Zeb. 133:1). Şol sebäpli seniň ýygnagyňdaky mesihçiler milleti we jynsy bilen tapawutlansa-da, sen olary söýüp, hormat goýýarsyň. Sen ýygnakdaky käbir ýakyn dostlaryň bilen, ähtimal, öň jynsy, medeniýeti, bilimi ýa-da ykdysady ýagdaýy sebäpli gepleşmezdiň. Hilesiz dogan söýgüsini bildirýändigimiz üçin bizi jemgyýetçilik, dini ýa-da maşgala ýaly islendik gatnaşyklardan has berk arabaglanyşyklar birleşdirýär (Mar. 10:29, 30; Kol. 3:14; 1 Pet. 1:22).

PIKIRIŇ TÄZELENMEGI

Kimdir birine jynsy, syýasy, jemgyýeti we başga-da çuň ornaşan ters pikirlere garşy göreşmek kyn bolsa, birinji asyrdaky ýewreý mesihçileriň başga milletdäki adamlar bilen bagly ýalan dini düşünjelerini ýeňendigi barada oýlanyp biler. Rim ýüzbaşysy Korneliusyň öýüne barmaly diýip tabşyrylanda, Petrus bu ýumşy ýerine ýetirer ýaly Ýehowa ony öňünden taýýarlandygyny ýadymyza salalyň. Resullaryň işleri 10-njy bapdan bu wakany doly okamagyňyzy haýyş edýäris.

Petrusa görnüşde, hapa, haram haýwanlaryň damagyny çalyp, iýmek tabşyrylýar, ýewreýler üçin olara hatda çalaja degmek hem gadagandy. Petrus muny ret edende, gökden: «Hudaýyň tämiz eden zatlaryna hapa diýme» diýen ses gelýär (Res. iş. 10:15). Tizden Petrusa ýewreý däl adamyň ýanyna barmaly diýen ýumuş tabşyrylmalydy, bu ýumşy ýerine ýetirmek üçin Hudaýyň goşulmagy gerekdi. Ýehowanyň görkezmesini kabul edip, Petrus ýygnanan adamlara şeýle diýdi: «Bir ýehudy üçin başga milletden bolan biri bilen gatnaşmagyň ýa onuň ýanyna gitmegiň nähili ýerliksizdigini özüňiz bilýänsiňiz; ýöne Hudaý maňa hiç bar adama hapa ýa haram diýmeli däldigimi görkezdi. Şonuň üçin hem, çagyrylanymda, gürrüňsiz geldim» (Res. iş. 10:28, 29). Netijede, Petrus Ýehowanyň Korneliusa we onuň öýündäkilerine hoşamaýlyk bildirendigine göz ýetirýär.

Ýokary bilimli fariseý Tarsusly Pawlus özüni kiçeldip, jemgyýetde hiç hili ähmiýeti ýok, hatda ýüzüne-de seretmek gadagan edilen adamlar bilen gürrüňdeş bolmaly bolýar. Galyberse-de, olaryň görkezmesine eýermeli bolýar (Res. iş. 4:13; Gal. 1:13—20; Flp. 3:4—11). Serjius Pawlus, Dionisius, Damaris, Filimun, Onesimus ýaly adamlar hoş habary kabul edip, Isa Mesihiň şägirtleri bolanda, pikirini täzelemek üçin nähili özgerişikler edendigini biz diňe çak edip bileris (Res. iş. 13:6—12; 17:22, 33, 34; Flm. 8—20).

HALKARA AGZYBIRLIGIMIZI SAKLAÝARYS

Elbetde, seni ýygnakdaky dogan-uýalaryň söýgüsi, Ýehowa we onuň guramasyna çekendir. Şeýle söýgini sen başga toparlarda we guramalarda gören dälsiň. Sen Isa Mesihiň hakyky şägirtlerini ýalňyşman tanap bolýan alamaty, ýagny söýgini we agzybirligi duýansyň. Isa şeýle diýdi: «Size bir täze tabşyryk berýärin: biri-biriňizi söýüň, Meniň sizi söýşüm ýaly, siz-de biri biriňizi söýüň. Biri-biriňize söýgiňiz bolsa, siziň Meniň şägirdimdigiňizi hemmeler biler» (Ýahýa 13:34, 35). Sen ýygnagyňdaky söýginiň Ýehowanyň halkynyň bütindünýä maşgalasyndaky söýginiň kiçijik bir bölegidigini bileniňde, Ýehowanyň şu günki adamlara bolan garaýşyny has-da gadyryny bilensiň! Sen Mukaddes Ýazgylardaky Ýehowa parahatlykda, agzybirlikde sežde etmek üçin ýygnanjak adamlar baradaky pygamberligiň ýerine ýetýändiginiň şaýady we ony ýerine ýetirýän adamlaryň biri bolduň. Sen şol pygamberligi okap bilermiň? Ol Mika 4:1—5-nji aýatlarda ýazylan.

Şu günki ençeme agzalalyklary göz öňünde tutsak, «her milletden, her taýpadan, her halkdan we her dilden bolan» adamlaryň agzybir bolup biljekdigi barada kim pikir edip biler? (Ylh. 7:9). Meselem, tehniki taýdan ýokary derejede ösen ýurtlaryň ýaşaýjylary bilen şu günlere çenli gadymy däp-dessurlar boýunça ýaşaýan adamlaryň arasyndaky güýçli tapawut barada oýlanyp gör. Bir jynsdan we bir milletden bolan adamlaryň arasyndaky dini duşmançylygy barada hem oýlanyp gör. Milletparazlygyň güýçlenmegi bilen adamlaryň arasyndaky syýasy agzalalyk görlüp-eşidilmedik derejä ýetdi. Ykdysady taýdan aýylganç deňsizligi, başga-da ençeme agzalalyklary görüp, her halkdan, her topardan, her synpdan ýygnanan adamlaryň berk söýgä we parahatlyga esaslanan agzybirligi gudrat hasaplap, diňe Gudraty güýçli Hudaýyň amala aşyryp biljekdigi bilen ylalaşýarmyň? (Zak. 4:6).

Emma şeýle agzybirlik bar we sen muny Ýehowanyň suwda çokundyrylan Güwäçisi bolanyňda duýansyň. Berk imanyň kömegi bilen sen ruhy jennete girdiň. Her bir adam ajaýyp jenneti gorajak bolmaly. Munuň üçin Pawlusyň Galatýalylar 6:10-daky sözlerine gulak asmak zerur: «Wagt barka hemmelere, ylaýta-da imanlylar içerisine ýagşylyk edeliň». Şeýle-de ruhy jenneti goramak üçin «hiç bir zady igenjeňlik, şöhratparazlyk bilen etmän, eýsem kiçigöwünlilik bilen beýlekileri özüňizden üstün saýyp etmeli. Her kim diňe öz peýdasyny däl-de, beýlekileriň hem peýdasyny gözlemeli» (Flp. 2:3, 4). Eger biz mesihçi dogan-uýalarymyza adam gözi bilen däl-de, Ýehowanyň gözi bilen garasak, ýagny tizden aýryljak bikämillige üns bermesek, bir-birimiziň parahat we bagtly gatnaşygymyzdan lezzet alarys (Efes. 4:23, 24).

BIR-BIRIMIZ BARADA ALADA ETMEK

Pawlus resul ýygnak agzalarynyň bir-birine degişli bolup, biri-biriniň aladasyny etmelidigini mysal arkaly görkezdi (1 Kor. 12:14—26). Eger Hudaýyň guramasynyň bir bölegine bir zat täsir etse, onda bu guramanyň beýleki bölegine-de täsir edýär. Bütindünýä doganlygyň käbir agzalary bilen aramyz uzak bolsa-da, biz olaryň abadançylygy barada alada edýäris. Eger käbir doganlary yzarlasalar, bize-de agyr degýär. Imandaşlarymyzyň käbiri mätäçlik çekip ýa-da tebigy betbagtçylykdan, uruşdan ýa-da ilaty bulagaýçylykdan ejir çekýän bolsalar, beýlekiler olara ruhy we maddy taýdan kömek etmek üçin mümkinçilik gözleýärler (2 Kor. 1:8—11).

Dogan-uýalar hakda biziň hemmämiz her gün doga etmeli. Olaryň käbirine erbet iş etmez ýaly synaglara hötde gelmek kyn düşýär. Käbir doganlaryň çekýän horluklaryny köpleri bilýär, käbiriniň bolsa işdeşleri ýa-da maşgala agzalary tarapyndan her gün garşylyklara sezewar bolýandygyny köpleri bilmeýär (Matta 10:35, 36; 1 Selanikliler 2:14). Şeýle kynçylyklar hemmämizi biynjalyk edýär, çünki biz bütindünýä doganlygyň agzalarydyrys (1 Petrus 5:9). Biziň aramyzda wagyz gullugyna ýolbaşçylyk etmekde jogapkärli işi öz üstüne alyp, ýygnaga gözegçilik edip, erjellik bilen Ýehowa gulluk edýänler bar. Başgalara bolsa Hudaýyň halkynyň bütindünýä işine gözegçilik etmek tabşyryldy. Şeýle doganlara kömek etmäge hiç hili mümkinçiligimiz bolmasa-da, olar biziň dogamyza mätäç, şeýdip, biz olar barada alada edýändigimizi we söýýändigimizi görkezýäris (Efesliler 1:16; 1 Selanikliler 1:2, 3; 5:25).

Şu soňky günlerde bolýan bidüzgünçilik we şonuň bilen bagly kynçylyklar hem-de ýertitremeler, suw joşgunlar ýaly ýygy-ýygydan bolýan tebigy betbagtçylyklar sebäpli Ýehowanyň Güwäçileri bir-birlerine kömek etmäge hemişe taýýar bolmaly. Köplenç heläkçilik çeken adamlara gumanitar kömegini eltip bermek üçin örän köp tagalla etmeli bolýar. Birinji asyrdaky mesihçiler şu babatda gowy görelde galdyrdylar. Isanyň sözlerini ýada salyp, başga ýurtdaky şägirtler Ýahudada açlyk bolanda, imandaşlaryna maddy taýdan serişde ýolladylar (Resullaryň işleri 11:27—30; 20:35). Pawlus resul şeýle kömegiň guramaçylykly geçmegiň aladasyny edýär (2 Korintoslylar 9:1—15). Eger häzir haýsy-da bolsa bir betbagtçylyk sebäpli doganlar maddy zerurlyklara mätäç bolsalar, biziň guramamyz we her bir mesihçi aýratynlykda gerekli kömegi bermäge tiz seslenýärler.

ÝEHOWANYŇ ISLEGINI ÝERINE ÝETIRMÄGE BÖLÜNEN HALK

Biziň agzybir doganlygymyz Ýehowanyň islegini guramaçylykly ýerine ýetirýär. Şu aýratyn günlerde Hudaýyň islegi Patyşalyk baradaky hoş habaryň hemme milletlere güwälik hökmünde dünýäniň ähli ýerinde wagyz etmekden ybaratdyr (Matta 24:14). Ýehowanyň islegini ýerine ýetirende, ol biziň ýokary ahlak kadalaryna görä ýaşamagymyzy isleýär (1 Petrus 1:14—16). Ýehowanyň işini bitirmek üçin biziň ählimiz birek-birege tabyn bolmaly we hoş habaryň mundan beýläk hem ýaýramagyna goşant goşmaly (Efesliler 5:21). Häzir öz bähbitlerimizi gözlemän, Hudaýyň Patyşalygyny durmuşymyzda birinji orunda goýmak öňküden has wajyp (Matta 6:33). Eger biz şuny ýatda saklap, hoş habaryň hatyrasyna bilelikde zähmet çeksek, häzirden şatlanyp, lezzet alarys, geljekde bolsa bize ebedi bereketler garaşýar.

Ýehowanyň Güwäçileri hökmünde biziň ýaly arassa we yhlas bilen Hudaýa gulluk edýän halk ýok (Titus 2:14). Biz özümize üns berdirmek üçin başgalardan tapawutlanyp, özümizi aýry tutmaýarys. Biz Ýehowa sežde edýänimiz üçin tapawutlanýarys. Doganlarymyz bilen bütin dünýäde diňe bir eginme-egin zähmet çekmän, eýsem, olar bilen bir hakykat dilinde gepleşýäris, galyberse-de, wagyz edýän hakykatymyza görä bile hereket edýäris. Ýehowa bu barada Sefanýa pygamber arkaly şeýle welilik etdi: «Hemmeler Hudaýyň adyny çagyryp, Oňa bir adam hökmünde gulluk eder ýaly, Men halklara arassa dil bererin» (Sefanýa 3:9).

Soňra Ýehowanyň ylhamy bilen Sefanýa biziň günlerimizde peýda bolan ruhy taýdan arassa, jebisleşen doganlygy suratlandyrýar: «Ysraýylyň galyndysy adalatsyzlyk etmez, ýalan sözlemez, olaryň dilinde mekir sözler bolmaz; olaryň özleri otlar, erkana ýörärler we hiç kim olary bimaza etmez» (Sefanýa 3:13). Ýehowanyň Sözündäki hakykata düşünip, aň-düşünjesini täzeläp, Hudaýyň kadalaryna görä durmuşyny düzedip, Ýehowanyň Güwäçileri agzybirlikde zähmet çekip bilýärler. Olar ynsan gözi bilen garaýan adamlaryň ýetip bilmeýän zatlaryna ýetýärler. Hawa, mesihçileriň bütindünýä doganlygy — ýer ýüzüniň ähli ýerinde Hudaýa şöhrat getirip, başga adamlardan bölünen halkdyr (Mika 2:12).

Ýehowanyň Güwäçileri bütindünýä doganlyk hökmünde Isanyň tabşyrygyny göreldeli ýerine ýetirýärler we onuň aýtmagyna görä, bu hakyky şägirtlerini tapawutlandyrýan iň esasy alamatdyr. Ýehowany tanamak isleýänler Hudaýyň halky bilen ýakyndan tanşyp başlandan bu alamaty ýalňyşman kesgitleýärler. Şu soňky günlerde şeýle hormatly gullugy ýerine ýetirýän Ýehowanyň guramaçylykly halkyň agzasy bolmak nähili bagt! Mesihiň şägirtlerini tapawutlandyrýan söýgä geýnip, bütindünýä doganlygy bilen agzybirlikde gulluk etmäge ýene ençeme şatlykly mümkinçiligiň boljakdygyna ynam bilen garaşyp bileris.

Ýehowanyň islegini guramaçylykly ýerine ýetirýäris sahypa 163—170

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş