Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 10/07 sah. 3—sah. 6 abz. 6
  • Ýehowanyň guramasyna berk ýapyş

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowanyň guramasyna berk ýapyş
  • Hudaýa gullugymyz — 2007
  • Sözbaşylar
  • NÄME ÜÇIN SYNAGLAR GITDIGIÇE KÖPELÝÄR
  • ÇYDAMLYLYGY ÖSDÜRMEK
  • DÜRLI SYNAGDA ÇYDAMLYLYK BILDIRMEK
  • WEPALY GALMAGY BERK ÝÜREGIŇE DÜWMEK
Hudaýa gullugymyz — 2007
km 10/07 sah. 3—sah. 6 abz. 6

17-nji bap

Ýehowanyň guramasyna berk ýapyş

ÝAKUP şägirt şeýle ýazdy: «Hudaýa ýakyşlaşyň, Ol hem size ýakynlaşar» (Ýakup 4:8). Biz bikämil bolsak-da, Ýehowa dogalarymyzy eşitmez ýaly hiç birimizden uzakda däldir (Res. iş. 17:27). Eger oňa ýakynlaşmak üçin ädim ätsek, ol bize ýakynlaşar. Munuň üçin ýürekden doga etmeli (Zeb. 39:12). Şeýle-de onuň bilen gatnaşygymyzy gowulandyrmak üçin, Hudaýyň Sözüni, Mukaddes Ýazgylary yzygiderli öwrenmeli. Ol barada alýan bilimimiz, düşünjämiz arkaly Ýehowa Hudaýa, onuň bize degişli niýetine we islegine gowy düşünýäris (2 Tim. 3:16, 17). Şeýdip, biziň Ýehowa bolan söýgimiz artýar, onuň ýüregini agyrtmaz ýaly gorky döreýär (Zeb. 25:14).

Emma Ýehowa bilen diňe onuň Ogly Isa Mesih arkaly ýakyn gatnaşyk edip bolýar (Ýahýa 17:3; Rim. 5:10). Isa ýaly Ýehowa Hudaýyň pikirini we duýgularyny açan adam ýok. Onuň Atasy bilen gatnaşygy örän ýakyn bolany üçin ol şeýle diýip bildi: «Ogluň kimdigini Atadan başga hiç kim bilmez. Atanyň hem kimdigini Oguldan we Ogluň äşgär etmek isleýän adamlaryndan başga hiç kim bilmez» (Luka 10:22). Şoňa görä-de, dört sany hoş habary okap, Isanyň pikirini we duýgusyny bilsek, aslynda, Ýehowanyň pikirini, duýgusyny bilýäris. Şeýle bilim bizi Hudaýymyza ýakynlaşdyrýar.

Hudaýyň Oglunyň ýolbaşçylygy astynda biz Ýehowa ýakynlaşýarys, Hudaýyň ýer ýüzündäki guramasyna gulak asyp, onuň islegini nädip ýerine ýetirmelidigini bilýäris. Matta 24:45—47-nji aýatlardaky pygamberlige görä, Agasy, Isa Mesih ýer ýüzündäki mesh edilen mesihçilerden ybarat bolan «sadyk hem akylly hyzmatkäri» Ýehowanyň ähli gullukçylaryna «wagtly-wagtynda nahar paýlaryny bersin diýip» belledi. Şu günler «hyzmatkär» Mukaddes Ýazgylary öwrenmek üçin taýýarlaýan edebiýatlaryň üsti bilen bize bol ruhy iýmit berýär. Ýehowa bu «hyzmatkär» arkaly öz Sözüni her gün okamaga, ýygnak duşuşyklaryna yzygiderli gatnaşmaga we «Patyşalyk baradaky... Hoş Habary» yhlas bilen wagyz etmäge çagyrýar (Mat. 24:14; 28:19, 20; Ýeş. 1:8; Zeb. 1:1—3). Biz hiç haçan bu gurama adam gözi bilen garamaly däl. Ýogsam, Ýehowanyň gurama ýolbaşçylyk edýändigini unudarys we özüne ýakynlaşdyrjak bolup edýän onuň bar yhlasyna äsgermezlik ederis. Muňa derek Ýehowanyň ýer ýüzündäki guramasyna mümkin boldugyndan berk ýapyşyp, onuň görkezmesine seslenmeli. Şonda biz Hudaýymyz Ýehowa has köp ýakynlaşarys, synaglarda bolsa goldaw we gorag alarys.

NÄME ÜÇIN SYNAGLAR GITDIGIÇE KÖPELÝÄR

Mümkin, sen Ýehowa köp ýyldan bäri gulluk edýäniň üçin, Hudaýa bolan wepalylygyň synalanda, berk durmagyň nämedigine gowy düşünýänsiň. Eger sen Ýehowa we onuň halky bilen ýaňy tanşan bolsaň hem, Ýehowanyň ýokary häkimiýetine boýun bolmak isleýän adamlaryň ählisine Şeýtan Iblisiň garşylyk görkezýändigine düşünensiň (2 Tim. 3:12). Emma näçe kynçylyklary başdan geçiren hem bolsaň, ruhdan düşmäge ýa-da gorkmaga sende esas ýok, sebäbi Ýehowa seni goldamaga, sabyr edeniňe gutulyş we ýaşaýyş berjekdigine ynandyrýar (Ýew. 13:5, 6; Ylh. 2:10).

Şeýtanyň dünýäsiniň soňky günlerinde biziň ählimiz üýtgeşik agyr synaglara duçar boljakdygymyza garaşyp bileris. 1914-nji ýylda Hudaýyň Patyşalygy berkarar bolup, gökde uruş bolandan bäri, Şeýtanyň gökde, Ýehowanyň ýaşaýan ýerinde ygtyýary ýok. Şeýtan zalym jynlary bilen bilelikde ýer ýüzüne zyňyldy we şondan bäri olar diňe ýere täsir edip bilýärler. 1914-nji ýyldan bäri ýer ýüzünde betbagtçylyklaryň köpelmegi hem-de Ýehowanyň wepaly gullukçylaryna garşy yzarlamalaryň güýçlenmegi Şeýtanyň gahar-gazaba münendigini we adamzadyň üstünden zalymlyk bilen höküm sürýän döwrüniň soňky günlerinde ýaşaýandygymyzy subut edýär (Ylh. 12:1—12).

Şeýle kemsidiji ýagdaýa düşendigi üçin gazaba münen Şeýtan wagtynyň azalandygyny bilýär. Ol jynlary bilen bile Ýehowanyň halkynyň wagyz işine güýçli päsgel berýär we biziň agzybirligimizi bozmaga dyrjaşýar. Şonuň üçin Ýehowanyň gullukçylary ruhy söweş alyp barmaly bolýarlar, bu barada Efesliler 6:12-de şeýle diýilýär: «Biziň söweşimiz adamlara garşy däl-de, hökümdarlara garşy, ygtyýarlylara garşy, bu garaňky dünýäniň häkimiýetlerine garşy, ýamanlygyň gökdäki ruhy gudratlaryna garşydyr». Bu söweş ýetip gelýän uly muşakgatda iň ýokary derejesine ýeter. Eger biz bu söweşde Ýehowanyň tarapynda bolup, ýeňmek islesek, boýun synmaly däl, gaýtam, mundan beýläk hem ruhy ýaraglarymyzy gowy ýagdaýda saklap, Iblisiň ähli hilelerine garşy durmagy berk ýüregimize düwmeli (Efes. 6:10—17). Munuň üçin çydamlylyk gerek, bu bize tabşyrylan gullugy berjaý etmäge kömek eder. Emma çydamlylygy nädip ösdürmeli we biz nädip çydamly bolup bileris?

ÇYDAMLYLYGY ÖSDÜRMEK

Çydamlylyk — bu betbagtçylyklara, kynçylyklara we agyr ýagdaýlara döz gelmekdir. Ruhy manyda bolsa, kynçylyklara, garşylyklara, yzarlamalara ýa-da Hudaýyň ýolundan çykaryp bilýän başga-da dürli ýagdaýlara garamazdan, dogry hereket etmegi berk ýüregiňe düwmegi aňladýar. Mesihçi çydamlylygy hökman ösdürmeli. Munuň üçin wagt gerek. Çydamlylyk ukyby biziň ruhy taýdan ösüşimize bagly bolýar. Eger biz mesihçi ýoluna başlanymyzdan bäri kiçi synaglarda çydamlylygy görkezip, Hudaýa wepalylygymyzy saklan bolsak berkeýäris we geljekde duçar boljak has agyr kynçylyklara döz gelmäge gurplanýarys. Biz agyr synaglara uçrandan soň, her näme bolsa-da imanda berk galjak bolup, hereket edip bilmeris. Şeýle karara synaglar başlanmanka gelmeli. Hudaýa ýaramly häsiýetler bilen deň hatarda çydamlylygy-da ösdürmelidigi barada Petrus resul şeýle ýazdy: «Bütin gaýraty sarp edip, imanyňyzda artyklygy, artyklykda bilimi, bilimde nebsiňize buýurmagy, nebsiňize buýurmakda sabry (çydamlylygy, TD) sabyrda (çydamlylykda, TD) takwalygy, takwalykda dogan söýgüsini, dogan söýgüsinde hem Hudaýyň söýgüsini köpeldiň» (2 Pet. 1:5—7; 1 Tim. 6:11).

Çydamlylygy ösdürmegiň wajyplygy Ýakubyň sözlerinden hem görünýär: «Eý doganlar, dürli synaglara uçraňyzda, muny uly begenç saýyň; çünki imanyňyzyň barlanmagynyň çydam döredýänligini bilýänsiňiz. Kämil hem doly bolup, hiç bir ýetmeziňiz bolmaz ýaly, çydam işiňi kämil etmelidir» (Ýakup 1:2—4). Imanyň barlanmagynyň çydam döredýändigini bilip, Ýakup mesihçilere synaglary begenç bilen garşylamalydygyny aýdýar. Sen synaglara şeýle garaýarmyň? Soňra Ýakup çydamlylyk mesihçi häsiýetleri kämilleşdirip, bizi Hudaýa ýaramly şahsyýet edýändigini düşündirýär. Hawa, uly we kiçi synaglara uçrap, olaryň hötdesinden gelip, biz gün-günden çydamlylygy ösdürýäris. Çydamlylyk bolsa öz gezeginde başga gerekli häsiýetleri döredýär. Eger biz ujypsyz synaglardan gaçsak, imanymyz agyr kynçylykda synalanda, berk durjagymyz gümana (Luka 16:10).

Ýehowa biziň çydamlylygymyzy gymmat saýýar, bu ony bizi ebedi ýaşaýyş bilen sylaglamaga höweslendirýär. Soňra Ýakup dowam edip, şeýle diýýär: «Synaga çydaýan adam bagtlydyr; sebäbi ol synagdan geçenden soň, Rebbiň Özüni söýenlere wada eden ýaşaýyş täjini alar» (Ýakup 1:12). Hawa, biz çydamlylyk bildirýäris, çünki ýaşaýşymyz şoňa bagly. Çydamly bolmasak, hakykatda durup bilmeris. Eger bu dünýäniň täsirine düşsek, onda ýene-de yzymyza bu dünýä dolanarys. Çydamly bolmasak, Ýehowanyň ruhuny ýitirip, durmuşymyzda onuň miwesini getirip bilmeris.

Şu kyn pursatlarda çydamly bolmak üçin mesihçi hökmünde başymyza düşýän horluklara dogry garamagy öwrenmeli. Ýakubyň aýdyşyna görä: «Muny uly begenç saýyň». Bu hemişe ýeňil düşmez, sebäbi synaglar bize beden we duýgy taýdan horluklara sezewar edýär. Emma geljekki ýaşaýşymyz barada gürrüň gidýändigini unutmaly däl. Resullar bilen bolan waka seretsek, horluklarda nädip begenip biljekdigimizi düşünmäge kömek eder. Resullaryň işleri kitabynda şeýle okaýarys: «Resullary çagyryp, ýençdirdiler, Isanyň ady bilen geplemezligi tabşyryp boşatdylar. Resullar mejlisiň öňünden şadyýan gitdiler; çünki Reb Isanyň ady üçin masgaraçylyk çekmäge mynasyp bolupdylar» (Res. iş. 5:40, 41). Resullar Isanyň tabşyrygyna boýun bolup, Ýehowanyň razylygyny gazanany üçin horluga sezewar bolandygyna düşünýärdiler. Ençeme ýyldan soň, Petrus birinji hatyny ýazanda, dogrulyk üçin ejir çekmegiň peýda getirýändigine ünsümizi çekýär. Bu barada 1 Petrus 4:12—16-njy aýatlarda ýazylanlary okamagyňy haýyş edýäris.

Pawlus we Silas bilen hem şoňa meňzeş waka bolup geçdi. Olary Filipide missioner gullukdaka tussag edýärler we bulam-bujurlyk edip, kanuna laýyk gelmeýän däp-dessurlary wagyz edýärler diýip günäkärleýärler. Netijede, olary ýenjip, zyndana salýarlar. «Gije ýaryma golaýlanda, Pawlus bilen Silas» türmededigine we bejerilmedik ýaralaryna garamazdan, «doga edip, Hudaýa öwgüli nagmalar aýdýardylar, tussaglar hem olary diňleýärdi» diýip, Mukaddes Ýazgylar habar berýär (Res. iş. 16:16—25). Pawlus we onuň işdeşi Mesih üçin görýän horluklaryna dogry garaýardylar, ony diňe bir Hudaýyň we adamlaryň öňünde aýypsyz saklandygynyň subutnamasy däl, eýsem, hoş habary kabul etmäge bellenenlere güwälik etmäge mümkinçilik hasaplaýardylar. Gürrüň adamlaryň ýaşaýşy barada gidýärdi. Şondan soň türmeçi we onuň öýündäkileri hoş habary kabul edip, Mesihiň şägirtleri boldular (Res. iş. 16:26—34). Pawlus bilen Silas Ýehowa we onuň güýjüne bil baglap, horluklarda goldajakdygyna ynanýardylar. Olaryň tamasy çykdy.

Şu günler hem Ýehowa bize synaglara hötde geler ýaly ähli gerekli zatlary berýär. Ol biziň çydamlylyk görkezmegimizi isleýär. Ol öz Sözüni hödürläp, niýeti barada dogry bilim berýär. Şeýdip, biziň imanymyz berkeýär. Biziň imandaşlar bilen gürrüňdeş bolmaga, Hudaýyň Sözüni öwrenmäge we mukaddes gullugymyzy berjaý etmäge mümkinçiligimiz bar. Şeýle-de doga arkaly Ýehowa bilen ýakyn gatnaşygymyzy saklap bilýäris. Ol biziň öwgimizi, onuň öňünde arassa galmaga kömek etmek üçin edýän dileglerimizi eşidýär (Flp. 4:13). Galyberse-de, umydymyz barada oýlanmagyň netijesinde alýan güýjümizi hem ünsden sypdyrmaly däl (Mat. 24:13; Ylh. 21:1—4).

DÜRLI SYNAGDA ÇYDAMLYLYK BILDIRMEK

Şu günler bizem Isa Mesihiň ilkinji şägirtleriniň uçran synaglaryna uçraýarys. Garşydaşlaryň berýän nädogry maglumatlary arkaly biziň günlerimizde Ýehowanyň Güwäçilerine söz bilen hüjüm edýärler, rehimsiz urýarlar. Resullaryň döwründäki ýaly şeýle garşylyklary köplenç köre-kör ynanýan we ýalan taglymatlary, däp-dessurlary Patyşalyk baradaky hoş habar tarapyndan paş edilýän adamlar guraýar (Res. iş. 17:5—9, 13). Wagtal-wagtal Ýehowanyň halky hökümet tarapyndan kepillendirilen kanuny hukugyny gorap, ýeňilleşdirme gazanýarlar (Res. iş. 22:25; 25:11). Emma käwagt hökümdarlaryň özi wagyz işimizi togtatmak üçin gadagan edýärler (Zeb. 2:1—3). Şeýle ýagdaýlarda biz wepaly resullaryň göreldesine mertlerçe eýerip, «adamdan zyýada Hudaýa boýun bolmagymyzy» dowam edýäris (Res. iş. 5:29).

Ýer ýüzünde milletparazlyk ösdügi saýyn Hudaýyň tabşyrygyny ýerine ýetirmegini bes etdirmek üçin hoş habaryň wagyzçylaryny has köp gysýarlar. Hudaýyň gullukçylary Ylham 14:9—12-nji aýatlarda ýazylan «janawara we onuň suratyna» sežde etmek baradaky duýduryşa has aýdyň düşünip ugradylar. Biz Ýahýanyň: «Hudaýyň buýruklaryny berjaý edip, Isa sadyk galanlaryň çydamy şu ýerde gerekdir» diýen sözlerine akyl ýetirýäris.

Kämahal uruşlar, bulagaýlyklar ýa-da yzarlamalar we resmi suratda gadagan edilmegi bilen döreýän kynçylyklar sebäpli Hudaýa açyk sežde edip bolmaýar. Uly duşuşyklary geçirmäge ýagdaý bolmazlygy mümkin. Filial bilen gatnaşyk etmek wagtlaýyn kesilip biler. Mümkin, etrap gözegçileri ýygnaklara gatnaşyp bilmez. Täze edebiýatlar gelýän däldir. Şeýle ýagdaý bolsa sen näme etmeli?

Mesele aýdyň: ýagdaýa görä, arassa seždäni goldamak üçin eliňde baryny et. Elbetde, Mukaddes Ýazgylaryň şahsy okuwyny geçirip bilersiň. Mümkin, kiçijik topar bolup öýlerde ýygnak duşuşyklaryny geçirip bolar. Duşuşyklarda öňki edebiýatlary hem-de Mukaddes Ýazgylary öwrense bolar. Gaty darykma we ynjalykdan düşmejek bol. Adatça, ýolbaşçylyk maslahaty şeýle ýagdaýda jogapkär doganlar bilen gatnaşygy mümkin boldugyndan tizräk sazlamagyň ýollaryny agtarýar.

Eger sen dogan-uýalaryň ählisi bilen gatnaşygyň kesilen hem bolsa, Ýehowa we onuň Ogly Isa Mesih bilen gatnaşygyň kesilmändigini unutma. Umydyň mundan beýläk hem berk bolup biler. Ýehowa ozalky ýaly seniň dogalaryňy diňläp, ruhy bilen berkider. Hudaýdan görkezme agtarmagyňy dowam et. Ýehowanyň gullukçysy we Isa Mesihiň şägirdidigiňi unutman, wagyz etmäge mümkinçilik bolanda, pursady sypdyrma (Res. iş. 4:13—31; 5:27—42; Flp. 1:27—30; 4:6, 7; 2 Tim. 4:16—18).

Eger saňa resullar we başga mesihçiler ýaly ölüm howpuny salýan bolsalar, «ölüleri direlden Hudaýa» bil bagla (2 Kor. 1:8—10). Onuň wada edýän direlişe bolan imanyň saňa hatda iň gazaply yzarlamalara-da döz gelmäge kömek eder (Luka 21:19). Bu babatda Isa bize görelde galdyrdy, ol synaglarda wepaly galsa başgalary berkidip, olara çydamlylyk bildirmäge kömek etjekdigini bilýärdi. Şonuň ýaly sen hem doganlaryňy goldap bilersiň (Ýahýa 16:33; Ýew. 12:2, 3; 1 Pet. 2:21).

Yzarlamalardan ýa-da gullugymyza görkezýän garşylyklardan başga çydamlylygy talap edýän ençeme ýagdaýlar bolup biler. Meýdançadaky adamlaryň biperwaýlygy käbirini ruhdan düşürýär we olar hoş habary açyk wagyz edip bolýandygyna garamazdan, Ýehowa gulluk etmegini bes edýärler. Başgalar bolsa beden we duýgy keseli bilen göreşmeli bolýarlar ýa-da bikämillik zerarly ýagdaýynyň çäkliligi bilen ylalaşmaly bolýarlar. Pawlus resul wagtal-wagtal gullugyny kynlaşdyrýan has agyr kynçylyga döz gelmeli bolýardy (2 Kor. 12:7). Birinji asyrda filipili Epafrodit bolsa dostlarynyň onuň keselländigi barada eşidendigini bilende, gaty gam çekýär (Flp. 2:25—27). Biziň we başgalaryň kemçilikleri çydamlylyk bildirmäge örän kyn bolýan ýagdaýlara eltmegi mümkin. Bikämillik zerarly mesihçileriň arasynda agzalalyk döremegi mümkin. Eger Ýehowanyň Sözündäki maslahata eýerip, çydamlylyk görkezsek, şeýle kynçylyklary-da üstünlikli ýeňip bileris (Ezek. 2:3—5; 1 Kor. 9:27; 13:8; Kol. 3:12—14; 1 Pet. 4:8).

WEPALY GALMAGY BERK ÝÜREGIŇE DÜWMEK

Biz hemişe Ýehowanyň ýygnagyň Başy edip bellän Isa Mesihe wepaly bolmaly (Kol. 2:18, 19). «Sadyk hem akylly hyzmatkär» hem-de bellenen gözegçiler bilen bile işleşmeli (Ýew. 13:7, 17). Hudaýyň guramasynyň görkezmesine gulak asyp, jogapkär doganlar bilen hyzmatdaşlyk edip, biz Ýehowanyň islegini guramaçylykly ýerine ýetireris. Bize berlen doga sylagyny doly ulanmaly. Ýadyňda bolsun, gökdäki söýýän Atamyz bilen gürrüňdeşlige ne türmäniň diwarlary, ne ýalňyz oturylýan tussaglyk aýra salyp biler.

Direlen Isa Mesihiň şägirtlerine tabşyran wagyz işini hyjuw we çydamlylyk bilen berjaý ederis: «Gidiň-de, bütin milletleri şägirt ediň, olary Ata, Ogul we Mukaddes Ruhuň ady bilen çokundyryň» (Mat. 28:19, 20). Geliň, Isa ýaly çydamlylyk görkezip, Patyşalyga we wada edilen ebedi ýaşaýşa bolan umydymyzy ýitirmäliň (Ýew. 12:2). Mesihiň suwda çokundyrylan şägirtleri hökmünde, biziň Isanyň zalym dünýäniň soňy barada aýdan pygamberligini ýerine ýetirmäge ajaýyp mümkinçiligimiz bar. Ol şeýle diýdi: «Patyşalyk baradaky bu Hoş Habar hemme milletlere güwälik hökmünde dünýäniň ähli ýerinde wagyz ediler; ahyrzamana şonda geler» (Mat. 24:3, 14). Eger biz özümizi bu işe doly bagyş etsek, Ýehowanyň dogrulyk höküm sürýän täze dünýäsinde ebedi ýaşamak nähili şatlykly bolar!

Ýehowanyň islegini guramaçylykly ýerine ýetirýäris sahypa 170—179

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş