Sowally bukja
◼ Dini guramalara nähilidir bir baglanyşygy bolan hassahanada Ýehowanyň Güwäçisine bejergi almak ýa-da garryllar öýünde ýaşamak bolýarmy?
Käbir dini guramalarda hassahanalar we garrylar öýi bar. Ol ýerde agyr keselli adamlara medisina kömegini berip, seredýärler. Aslynda, şeýle hassahanalaryň we garrylar öýüniň Beýik Babyl bilen göni baglanşygy ýok (Ylh. 18:2, 4). Belki, olar bir wagt gazanç üçin dini guramalar arkaly gurlandyr. Şu günler şeýle hassahanalar diňe dini guramanyň adyny göterýärler. Emma olaryň käbirinde dini guramalaryň wekilleri işleýär.
Ýehowanyň Güwäçisi medisina kömegine ýa-da seredilmäge mätäç bolsa, dini gurama bilen bagly hassahana ýa-da garrylar öýüne ýüz tutmak baradaky meseläni özi çözmeli. Käbir mesihçileriň ynsaby muňa rugsat berse-de, käbirleriň ynsaby çatmaýar (1 Tim. 1:5). Mesihçiniň gelen karary käbir ýagdaýlara täsir etmegi mümkin, şonuň üçin olara seretmek gerek.
Siziň ýaşaýan ýeriňizde dini guramanyň adyny göterýän hassahanadan ýa-da garrylar öýünden başgasy ýok diýeliň. Belki, diňe olarda gowy bejergi alyp bolýandyr ýa-da seredilýändir. Aýdaly, diňe şeýle hassahanada sizi bejermek üçin ýörite enjam bar. Ýa-da ol ýerde size kömek edip biljek lukman, meselem, hirurg işleýändir. Galyberse-de, dini guramanyň adyny göterýän hassahanalarda mesihçileriň gan baradaky garaýşyna hormat goýýarlar. Käbir hususy ýa-da şäher hassahanalarynda bolsa, siziň dini garaýşyňyza hormat goýmaýarlar. Haýsy hassahanada berjergi almak barada oýlananyňyzda, şulary göz öňünde tutmaly.
Siz dini guramanyň adyny göterýän hassahanada bejergi almagy ýa-da garrylar öýünde bolmagy, diňe medisina kömegi hökmünde garap bilersiňiz. Siz şeýle edaralary dine degişli söwda kärhanasy hökmünde garap bilersiňiz. Şeýle ýagdaýda hyzmat hakyny ýalan dini goldamak üçin berilýän meýletin sowgada deňäp bolmaýar. Siz diňe edilen hyzmat üçin töleýärsiňiz.
Siz mesihçi hökmünde ýalan seždäni hiç bir ýagdaýda goldamaz ýaly, seresap bolmaly. Siz ol ýerde işleýän we oňa geleýän adamlara «Ata» diýen titul bilen ýüzlenmeli däl (Mat. 23:9). Şeýle-de size iş bilen baglanyşykly gatnaşykda bejergi beriljekdigine göz ýetirmeli.
Siz keselhana ýerleşeniňizde Ýehowanyň Güwäçisidigiňizi we ýygnak ýaşulularynyň hem siziň ýanyňyza geljekdigi barada duýdursaňyz gowy bolar. Bu size ruhy taýdan goldaw almaga kömek eder (1 Sel. 5:14).
Garrylar öýünde bolýan dogan-uýalaryň mesihçi garyndaşlary, ýygnak ýaşululary we imandaşlary aladysyny etmeli, aýratynam, garrylar öýi dini gurama degişli bolanda. Gartaşan dogan-uýalara imandaşlary tarapyndan şeýle kömek berilse, olary şol ýerde geçirilýän dini gulluga, baýramçylyga we beýleki çärelere çagyrmazlar.
Şu ýokarda aýdylanlary we şahsy ýagdaýyny göz öňünde tutup, haýsy hassahanada bejergi almak we garrylar öýünde bolmak baradaky meseläni her bir mesihçiniň özi çözmeli (Gal. 6:5).