Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 6/14 sah. 2—4
  • Ýehowa gulluk etmegi durmuşyňyzda birinji orunda goýuň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowa gulluk etmegi durmuşyňyzda birinji orunda goýuň
  • Hudaýa gullugymyz — 2014
  • Meňzeş maglumat
  • Sowally bukja
    Hudaýa gullugymyz — 2008
  • Wagyz duşuşygynyň peýdasy
    Hudaýa gullugymyz — 2012
  • Hoş habary wagyz etmegiň usullary
    Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýän gurama
  • Mukaddes Ýazgylar okuwyny tapmagyň bäş usuly
    Hudaýa gullugymyz — 2012
Hudaýa gullugymyz — 2014
km 6/14 sah. 2—4

Ýehowa gulluk etmegi durmuşyňyzda birinji orunda goýuň

1 Isa diňleýjilerini iki hili jaý gurýan adama meňzetdi. Birinjisi, Isa gulak asyp, öýüni «gaýanyň» üstünde gurýar we «sil» kimin garşylyklara hem-de betbagtçylyklara döz gelýär. Ikinjisi bolsa diňe özüni bilip, gulak asman öýüni «çägäniň» üstünde gurýar we kynçylyga döz gelip bilmeýär (Mat. 7:24—27). Soňky günlerde ýaşaýandygymyz üçin betbagtçylyklar apy-tupan ýaly üstümize abanýar. Biz uly muşakgatyň gara bulut kimin ýakynlaşyp gelýändigini görýäris. Biz soňuna çenli çydap, wepaly galarysmy? (Mat. 24:3, 13, 21). Köp zatlar biziň häzirden nähili ýaşaýandygymyza bagly. Şol sebäpli özümize şeýle sorag bermeli: «Men Ýehowa gulak asyp, onuň isleýşi ýaly ýaşamagy ýüregime düwdümmi?»

2 Ýehowa gulluk etmegi durmuşyňda birinji orunda goýmak nämäni aňladýar? Bu Ýehowanyň durmuşymyzda iň wajyp orun eýelemelidigini aňladýar. Şeýle-de bu pikirlerimizi Hudaýyň Patyşalygyna gönükdirmelidigini görkezýär. Diýmek, biz gündelik durmuşda Hudaýa gulak asyp ýaşamaly. Munuň üçin biz şahsy ýa-da maşgala okuwynda we ýygnakda Mukaddes Ýazgylary öwrenmäge ýürekden tagalla etmeli. Şeýle-de wagyz işine yhlasly gatnaşyp, ruhy zatlary durmuşymyzda birinji orunda goýmaly (Wag. 12:13; Mat. 6:33). Eger biz Hudaýa gulak assak, imanymyz daş kimin berk bolar we betbagtçylyga uçranymyzda gowşamaz.

3 Millionlarça adamlaryň Isadan görelde alyp, Hudaýa gullugy birinji orunda goýýandygyny we gelejege umyt bilen garaýandygyny görmek, diýseň begendirýär (Ýahýa 4:34). Olar ruhy işlere yhlasly gatnaşyp, bol bereketleri alýarlar. Bir uýa ýanýoldaşy bilen iki ogluny Ýehowa gulluk eder ýaly terbiýeläp ýetişdirendigi barada şeýle diýýär: «Biz kongresleriň ählisine we ýygnak duşuşyklaryna taýýarlykly baryp hem-de yzygider wagyz edip hakykaty durmuşymyzda birinji orunda goýýardyk». Onuň ýanýoldaşy şeýle diýýär: «Hakykat—durmuşymyzyň bir bölegi däl-de, eýsem, durmuşymyzda wajyp orun tutýar. Galan ähli zatlar bolsa hakykat ýaly wajyp däl». Siz hem Ýehowa gulluk etmegi wajyp saýýarmysyňyz?

4 Bir hepdelik gün tertibini düzüň. Ýehowa guramasynda her hepde geçirilýän bäş sany duşuşyk arkaly bize ruhy zatlary birinji orunda goýmaga we gowy gün tertibini düzmäge kömek edýär. Ýehowa gulluk etmegi wajyp hasaplaýan mesihçiler maşgaladaky ýa-da başga işlerini bu duşuşyklara gatnaşyp biler ýaly planlaşdyrýarlar. Olar wajyp bolmadyk işleriň ýygnak duşuşyklaryna yzygider barmaga päsgel bermegine ýol bermeýärler (Fil. 1:10; Ýew. 10:25).

5 Ruhy taýdan ýetişen mesihçiler şahsy we maşgala okuwyny belli bir wagtda geçirmegiň hem-de duşuşyklara taýýarlanmagyň her gün belli bir wagtda naharlanmak ýaly wajypdygyna düşünýärler (Mat. 4:4). Sen her gün 15—20 minut şahsy okuwa wagt tapyp bilermiň? Esasanam başga zatlaryň okuw geçmäge päsgel bermegine ýol bermäň. Şahsy okuwyny yzygider geçirmegi endik ediniň. Elbetde, munuň üçin öňküden irräk turmaly bolar. Bütin dünýäki Beýtel maşgalalarynyň 22 müň 719 agzasy her gün irden turup, gündelik aýady okaýarlar we pikir alyşýarlar. Elbetde, agşam irräk ýatsak, gowy dynjymyzy alarys we ertesi güni özümizi ýadaw duýmarys.

6 Eger sen maşgalabaşy bolsaň, onda maşgala agzalaryň bilen ruhy işlere wagt sarp edip biler ýaly gowy gün tertibini düz. Käbir maşgalalar agşamlyk edinenden soňra Mukaddes Ýazgylary, «Ýyllyk kitabyny» ýa-da başga-da edebiýatlary bilelikde okaýarlar. Köp ata-eneleriň aýtmagyna görä, maşgala okuwyna her hepde bir agşam ýörite wagt sarp etmegi çagalaryna ruhy taýdan ösmäge kömek etdi. Bir mesihçi ata şeýle diýýär: «Biziň 30 ýyl bäri her hepde çarşenbe güni maşgala okuwyny yzygider geçirmegimiz çagalarymyza ruhy taýdan ösmäge kömek etdi». Onuň üç çagasy hem ýaşka suwda çokundyryldy we wagtyň geçmegi bilen pioner gullugyna başladylar. Maşgala okuwyndan başga-da wagyz üçin teklipleri, ýygnak duşuşyklarynyň käbir bölümlerini bilelikde gaýtalap ýa-da başga-da peýdaly zatlar bilen meşgullanyp bolýar.

7 Sen her hepde gün tertibini düzüp, Patyşalyk barada wagyz etmek üçin «pursatdan peýdalanýarmyň?» (Kol. 4:5). Biziň köpümiz maşgaladaky we ýygnakdaky borçlarymyzy berjaý etmek üçin köp zähmet çekýäris. Eger biz wagyz etmek we şägirt taýýarlamak işine her hepde wagt sarp etmesek, onda onuň ýerini başga zatlar eýelär. Bir uly maldarçylyk fermasynyň başlygy şeýle diýýär: «Men 1944-nji ýyllarda wagza gidip biler ýaly ýörite bir gün bellemelidigine düşündim. Şondan bäri men wagza gitmek üçin hepdede bir gün goýýaryn». Bir ýaşuly dogan anyk gün tertibini düzmegiň her aý 15 sagat wagyz etmäge mümkinçilik berýändigini aýdýar. Eger ol şenbe güni işlemeli bolsa, irden gulluk edeninden soňra başga işlerini planlaşdyrýar. Sen maşgala agzalaryň bilen hepdede azyndan bir sagat wagyz edip, ruhy zatlary birinji orunda goýýandygyňy görkezip bilermiň? (Fil. 3:16).

8 Özüňizi barlap görüň. Ýehowa gullugymyzy birinji orunda goýmaga bize köp zatlar päsgel berýär. Garaşylmadyk ýagdaýlar sebäpli şahsy okuwyny geçirmek, ýygnak duşuşyklaryna gatnaşmak ýa-da wagyz etmek üçin düzen gün tertibimiz üýtgemegi mümkin. Duşmanymyz Şeýtan bize «päsgel bermek» we gün tertibimizi bozmak üçin elinde baryny edýär (1 Sel. 2:18; Efes. 6:12, 13). Hiç zada sizi ruhdan düşürmäge we eliňizi gowşatmaga ýol bermäň. Ýygnagyň işlerine gatnaşmak üçin düzen gün tertibiňize eýerip biler ýaly gerekli özgerişlikleri ediň. Wajyp zatlary ýerine ýetirmek üçin tutanýerli we erjel bolmaly.

9 Biz bu dünýäniň we günäli tenimiziň Hudaý bilen dostlugymyza zyýan ýetirip, köp wagtymyzy almagyna we wajyp zatlardan ünsümizi sowmagyna ýol bermeli däl. Munuň üçin şeýle soraglar arkaly özümizi wagtal-wagtal barlap durmaly: «Men soňky wagtlar ýaşaýşa höwesim gaçyp, maksatsyz hereket edip başladymmy? Ýa-da men bu geçegçi dünýä has köp bil baglap başladym?» (1 Ýahýa 2:15—17). Men ruhy zatlara garanyňda, şahsy işlerime, syýahat etmeklige, sport bilen meşgullanmaklyga ýa-da telewizor görmek, Internetdäki saýtlara «syýahat» etmek ýaly başga-da göwnaçmalara näçe wagt sarp edýärin?

10 Eger seniň durmuşyňy wajyp bolmadyk işler eýelän bolsa, näme etmeli? Pawlus resul doganlarynyň gullukda «kämilleşmegi» üçin doga edýärdi. Biz hem wagyz işinden ünsümiz sowulmaz ýaly Ýehowadan doga arkaly kömek sorap bilerismi? (2 Kor. 13:9, 11). Soňra gelen kararymyza görä hereket eder ýaly gerekli özgerişleri etmeli (1 Kor. 9:26, 27). Ýehowa size saga-sola sowulman, özüne gulak asyp gulluk etmäge kömek eder (Iş. 30:20, 21).

11 Hudaýa şatlyk bilen gulluk ediň. Millionlarça adamlar hakyky bagty tapmak üçin jan edýärler. Emma maddy zatlaryň hakyky bagty berip bilmeýändigine düşünip, lapykeç bolýarlar. Bu «salgym», ýagny howany ýumruklan ýalydyr (Wag. 2:11). Eger biz Ýehowa gulluk etmegi durmuşymyzda birinji orunda goýsak, ony «mydama gözümiziň alnynda göreris» we durmuşdan kanagat taparys (Zeb. 16:8, 11). Bu hakykatdan hem şeýle, çünki bizi Ýehowa ýaratdy (Ylh. 4:11). Beýik niýetli Hudaýsyz durmuşymyz manysyz bolardy. Ýehowa gulluk etmeklik durmuşymyzy manyly edýär we biziň özümize hem-de başgalara ebedi peýda getirýär.

12 Biz özümize göwnüýetiji bolup, Şeýtanyň dünýäsiniň soňunyň golaýlaşýandygyny ünsden düşürmeli däl. Biziň gelejege bolan garaýşymyz gündelik durmuşymyza täsir edýär. Nuh pygamberiň döwründe ýaşan adamlar bütindünýä Tupanyň boljakdygyna ynanmandyrlar. Olar «iýip, içip, öýlenip, äre çykmak» ýaly öz işleri bilen başagaý bolup, «Tupan turup hemmesini äkidýänçä» hiç zada üns bermändirler (Mat. 24:37—39). Şu günlerem bu dünýä bil baglaýan adamlar gelejekde görlüp-eşidilmedik Ýehowanyň beýik gününde umytlarynyň puja çykandygyny görerler (2 Pet. 3:10—12).

13 Ýehowanyň islegini berjaý etmegi durmuşyňyzda birinji orunda goýuň. Bu şeýle edeniňe degýär, çünki Ýehowa ynamdar Hudaýdyr. Ol hiç haçan ýalan sözlemeýär we öz wadasyny hemişe berjaý edýär (Titus 1:2). Ýehowa ebedilik Hudaý, şol sebäpli biz oňa doly bil baglap bileris (Hab. 1:12; 2 Tim. 1:12). Biz häzirden Hudaýa gulak asyp we iman edip ýaşasak, bagtly Hudaýymyz Ýehowa şatlanyp, ebedi gulluk edip bileris! (1 Tim. 1:11; 6:19).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş