Mukaddes Ýazgylar okuwyny tapmagyň bäş usuly
1. Ýaşaýan ýeriňizde Mukaddes Ýazgylar okuwyny tapmak kyn bolsa näme etmeli we näme üçin?
1 Saňa Mukaddes Ýazgylar okuwyny tapmak kynmy? Onda tagalla et. Ýehowa islegini erjellik bilen ýerine ýetirýän adamlara ak patasyny berýär (Gal. 6:9). Şu aşakdaky bäş maslahat saňa kömek eder.
2. Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlamak üçin nädip göni teklip edip bileris?
2 Göni teklip etmek. Adamlaryň köpüsi biziň «Garawul diňi» we «Oýanyň!» žurnallaryny hödür edýändigimizi bilse-de, Mukaddes Ýazgylar okuwyny teklip edýändigimizi bilmeýärler. Öýden-öýe wagyz edenimizde, Mukaddes Ýazgylar okuwyny göni teklip etsek gowy bolar. Şeýle-de ideg edýän adamlarymyza Mukaddes Ýazgylar okuwyny teklip edip bileris. Eger razy bolmasa, onda olaryň höwesini artdyrmak üçin, edebiýat eltmegimizi dowam etmeli. Bir dogan är-aýala birnäçe ýyllap žurnal eltýärdi. Bir sapar ol täze žurnal berip gaýtjak bolanda, birdenkä ýadyna düşüp olardan: «Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmek isläňizokmy?» diýip sorady. Geň galaýmaly, olar razylaşdy. Häzir olar suwda çokundyrylan Ýehowanyň Güwäçileri.
3. Biz näme üçin ýygnaga gelýänleriň hemmesi Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýändir öýtmeli däl? Düşündiriň.
3 Ýygnaga gelýänler. Sen ýygnaga gelýän gyzyklanýanlaryň hemmesi Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýändir öýtme. Bir dogan şeýle diýýär: «Men okuw geçýänlerimiň ýarysyndan köpüsini ýygnaga gelýänler bilen gürleşip tapdym». Bir uýa ýygnakda çekinjeň aýal bilen gürleşmegi ýüregine düwdi. Onuň suwda çokundyrylan gyzlary bardy. Şol aýal 15 ýyla golaý ýygnaga gatnaşýardy we hemişe Patyşalyk zalyna biraz duşuşyk başlamanka gelip, gutarandan soň bolsa derrew gidýärdi. Ol aýal okuw geçmäge razylaşyp, iňsoňy hakykaty kabul etdi. Uýa şeýle ýazýar: «Men 15 ýyllap şol aýala Mukaddes Ýazgylar okuw geçmegi hödür etmändigime gynanýaryn!»
4. Nädip tanyşlar arkaly Mukaddes Ýazgylar okuwyny tapyp bileris?
4 Tanyşlaryňyzdan soraň. Bir uýa dogan-uýalaryň Mukaddes Ýazgylar okuwyna bile gitmek üçin tagalla edýärdi. Ol okuw geçýän dogan-uýanyň razylygy bilen, okuw geçýänden: «Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmek isleýän adamlary bilýärmisiňiz?» diýip soraýardy. Sen birini idäp, «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabyny hödürläniňde: «Siz şu kitaby okamak isleýän adamy bilýärsiňizmi?» diýip sorap bilersiň. Käte wagyzçylaryň we pionerleriň ýaşaýan ýerinde adamlar bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmäge ýagdaýy bolmaýar. Şonuň üçin sen olara Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirip biljekdigiňi aýt.
5. Näme üçin dogan-uýalaryň iman etmeýän ýanýoldaşyna okuw geçmegi teklip etmeli?
5 Dogan-uýalaryň iman etmeýän ýanýoldaşy. Ýygnagyňdaky dogan-uýalaryň iman etmeýän ýanýoldaşy barmy? Käbir dogan-uýalaryň iman etmeýän ýanýoldaşy olar bilen Mukaddes Ýazgylar barada gürrüň etmek islemese-de, başga adamlar okuw geçmegi teklip edende, razylaşmagy mümkin. Emma, ilki bilen, nädip has gowy teklip edip bolar ýaly mesihçi ýanýoldaşy bilen maslahatlaşmaly.
6. Mukaddes Ýazgylar okuwyny tapmak üçin tagalla edeniňde, doga etmegiň nähili ähmiýeti bar?
6 Doga etmek. Doga etmegiň güýjüni inkär etmeli däl (Ýakup 5:16). Ýehowanyň islegine görä dilesek, ol eşitjekdigini wada berýär (1 Ýahýa 5:14). Bir örän işli dogan Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmek barada doga edip başlady. Onuň aýaly şägirt taýýarlamaga, aýratynam, şägirdiň aladasy köp bolsa, äriniň nädip wagt tapjakdygyna haýran galýardy. Aýaly äri üçin Mukaddes Ýazgylar okuwyny tapar ýaly Ýehowa doga edende, onuň wagt tapmagy barada hem dileýärdi. Iki hepdeden Hudaý olaryň dogasyna jogap berdi. Dogana ýygnagyndan bir pioner uýa Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmek isleýän adamy tapyp berýär. Aýaly şeýle ýazýar: «Kimdir biri Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmegi başarmaryn diýende, men: «Bu barada hemişe doga et. Biz hem şeýle begeneris öýtmändik» diýýärin. Sen erjel bolsaň, Mukaddes Ýazgylar okuwyny tapyp bilersiň we adamlara «ýaşaýşa getirýän gapydan» girmäge kömek edip, şatlanarsyň (Mat. 7:13, 14).