Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 10/12 sah. 5—6
  • Wagyz duşuşygynyň peýdasy

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Wagyz duşuşygynyň peýdasy
  • Hudaýa gullugymyz — 2012
  • Meňzeş maglumat
  • Wagyz gullugy üçin duşuşyk
    Hudaýa gullugymyz — 2009
  • Wagyz duşuşygynyň maksady
    Hudaýa gullugymyz — 2015
  • Kitap öwrenilýän duşuşygy bize nähili kömek edýär
    Hudaýa gullugymyz — 2007
  • Ýygnagyň aladasyny edýän doganlar
    Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýän gurama
Hudaýa gullugymyz — 2012
km 10/12 sah. 5—6

Wagyz duşuşygynyň peýdasy

1. Wagyz duşuşygynyň Kitap öwrenilýän duşuşygy ýaly nähili peýdasy bar?

1 Seniň pikiriňçe, Kitap öwrenilýän duşuşyk käbir aýratynlyklaryny ýitirdimi? Ol duşuşyk kiçi topar bolup geçirilýändigi üçin özüňi has rahat duýýardyň. Onda dostlaşmak aňsatdy we ruhlanýardyk (Sül. tym. 18:24). Kitap öwrenilýän duşuşygyň gözegçisi her birimiziň ýagdaýymyzy bilýärdi we ruhlandyrmaga jan edýärdi (Sül. tym. 27:23; 1 Pet. 5:2, 3). Indi şeýle mümkinçilikleri wagyz duşuşygy berýär.

2. Toparymyzdaky dogan-uýalar bilen dostlaşyp, ruhy taýdan berkär ýaly näme edip bileris?

2 Yhlasly bol. Wagyz duşuşygyna hem Kitap öwrenilýän duşuşygyna gelşi ýaly az adam gelýär. Dogan-uýalar bilen «bir jan bolup» wagyz etsek, ýakyndan dostlaşarys (Flp. 1:27). Sen toparyňdaky wagyzçylaryň ählisi bilen wagyz etdiňmi? Eger etmedik bolsaň, onda şeýle maksat goýup bilersiň (2 Kor. 6:13). Şeýle-de biz toparymyzdan kimdir birini maşgala okuwyna ýa-da myhmançylyga çagyryp bileris. Käbir ýygnaklarda dogan-uýalar wagyz duşuşygyny alyp barýan dogany nobat boýunça myhmançylyga çagyrýarlar. Bellenen hepde wagyz duşuşygyny alyp barýan dogan galyp bilmese-de, topardaky dogan-uýalar ruhlanmak üçin bile ýygnanyşyp naharlanýarlar.

3. Ýaşulular wagyz duşuşygy arkaly bize nädip kömek edýär?

3 Häzir ýygnak duşuşyklary hepdede iki sapar geçirilse-de, bu ýaşulularyň wagyzçylar barada kän alada etmeýändigini aňlatmaýar. Topara bellenilen gözegçi her bir wagyzçyny ruhlandyryp, wagyz etmegi öwredýär. Eger sen toparyň gözegçisi bilen wagyz etmedik bolsaň, bile wagza gitmegi haýyş et. Şeýle-de wagyz gözegçisi her aýyň bir dynç güni dürli toparlar bilen wagyz edýär. Ol kiçi ýygnaklardaky her topary ýylda iki gezek ideýär. Wagyz gözegçisi seniň toparyňy idände, gün tertibiňi wagyz eder ýaly düzüp bilermiň?

4. a) Wagyz duşuşygy nädip geçirilýär? b) Näme üçin wagyz duşuşygyny geçirer ýaly öýümizi teklip etmek barada oýlanmaly?

4 Köplenç her topar wagyz duşuşygyny dynç günleri aýratyn geçirýär. Wagyz duşuşyklary şol bir wagtda birnäçe ýerde geçirilse, dogan-uýalara duşuşyga we wagyz edilýän ýere barmak aňsat bolar. Şonda wagyzçylary bölüp, derrew wagza başlamak hem amatly bolýar. Toparyň gözegçisine-de wagyzçylaryň aladasyny etmek kyn düşmez. Emma käte iki ýa-da birnäçe topar wagyz duşuşygyny bile geçirmeli bolýar. Eger ýygnagyň ähli wagyzçylary aýyň ilkinji şenbe güni ýa-da «Garawul diňi» duşuşygyndan soň wagyz duşuşygy üçin ýygnanyşsa, onda her bir topar bile otursa gowy bolar. Toparyň gözegçisine jemleýji dogadan öň wagyzçylary bölmek üçin birnäçe minut berler («Sen öýüňi teklip edip bilermiň?» diýen çarçuwa seret).

5. Kitap öwrenilýän duşuşyk geçirilmese-de, biz nämä ynamly bolup bileris?

5 Häzir Kitap öwrenilýän duşuşygy geçirilmese-de, Ýehowa bize islegini berjaý etmäge ähli gerekli zatlary berýär (Ýew. 13:20, 21). Ýehowanyň kömegi bilen biz hiç zada mätäç bolmarys (Zeb. 23:1). Biz wagyz duşuşygy arkaly köp bereketleri alýarys. Eger biz «köp eksek, köp orarys» (2 Kor. 9:6).

[6-njy sahypadaky çarçuwa]

Sen öýüňi teklip edip bilermiň?

Käbir ýygnaklar wagyz duşuşygyny geçirmäge ýer ýoklugy sebäpli, birnäçe topar bolup dynç güni geçirýärler. Wagyz duşuşygy ýygnak üçin ähmiýetli, şol sebäpli ony öýümizde geçirmek uly hormat. Sen öz öýüňi teklip edip bilermiň? Sada ýaşasaň-da, teklip edip bilersiň. Ýaşulular Kitap öwrenilýän duşuşygy geçirmek üçin öň öý saýlanda göz öňünde tutan zatlar barada maslahatlaşyp, seniň hem öýüňi göz öňünde tutarlar. Eger sen öýüňi teklip etmek isleseň, toparyň gözegçisine aýdyp bilersiň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş