Siz baý bolup bilersiňiz!
1. Pioner gullugy barada näme üçin oýlanmaly?
1 Siz köp şatlyk tapmak isleýärmisiňiz? Adamlara kömek edip, durmuşdan kanagatlanasyňyz gelýärmi? Siz Ýehowa köpräk gulluk etmek isleýärmisiňiz? Eger siz şu sowallara hawa diýip jogap berseňiz, onda pioner gullugy barada oýlanyp görüň. Elbetde, hemmeler pioner bolup gulluk edip bilmeýär. Sebäbi muňa Mukaddes Ýazgylara esaslanan maşgala we başga borçlar, şeýle-de ýarawsyzlyk päsgel berip biler.
2. Pionerler nähili ruhy baýlyklara eýe bolýar?
2 Süleýman Hudaýyň görkezmesi boýunça, maddy baýlygyň Ýehowanyň berekedine baglydygyny aýtdy (Sül. tym. 10:22). Şu günler Ýehowanyň berekedi, ilki bilen, ruhy taýdan baý edýär. Şeýle baýlyk pionerlerde bolelindir. Meselem, olar adamlara bermekde şatlyk tapyp, şahsy işlerinden «wagty satyn alýarlar» (Kol. 4:5; Res. iş. 20:35). Ýehowa olaryň söýgüden doly zähmetini görýär we gymmat saýýar. Şeýle «gökdäki hazynalar» gymmatyny ýitirmez (Mat. 6:20; Ýew. 6:10). Şeýle-de pionerleriň Ýehowa bilen aragatnaşygy berk, çünki olar «gözüni sag» saklap, Ýehowanyň zerur zatlar bilen üpjün etjekdigine ynanýarlara (Mat. 6:22, 25, 32; Ýew. 13:5, 6).
3. Ruhy baýlyga eýe bolmaga jan etmek näme üçin maddy baýlyga kowalaşmakdan gowudyr?
3 Maddy baýlyga kowalaşmak köplenç «ençeme düşnüksiz hem zyýanly höweslere» eltýär (1 Tim. 6:9, 10; Ýakup 5:1—3). Ýehowanyň berekedi bolsa, diňe peýda getirýär. Pioner wagyz gullugyna köp wagt sarp edýändigi üçin ruhy taýdan paýhasly bolýar we ünsüni wajyp zatlara gönükdirýär (Flp. 1:10, 11) Bir dogan köp wagtyny alýan inženerlik kärini goýup, pioner bolup gulluk edip başlaýar. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men işläp, gaty ýadaýardym. Emma pioner gullugyndan ýadamaýaryn. Indi, men adamlara hakykaty öwredip, kömek edýärin. Bu örän gyzykly we gowy iş».
4. Pionerler nähili bereketler alýar?
4 Başgalar üçin bereket. Şu günler ähli adamlar «kyn pursatlarda» ýaşaýarlar (2 Tim. 3:1). Adamlariň ählisi umyda mätäç. Haçanda adamlar hoş habara seslenip, olarda umyt dörände, Patyşalygyň wagyzçylary özlerini bagtly duýýarlar. Halas ediş işine ýylda 800 sagatdan gowrak wagt sarp etmek, pioner üçin uly hormatdyr! (1 Tim. 4:16).
5, 6. Size pioner bolmaga näme kömek eder?
5 Siz pioner bolmak barada oýlandyňyzmy? Munuň üçin az-kem wajyp işlerden wagt satyn almaly bolarsyňyz (Efes. 5:15, 16). Hudaýyň Patyşalygyna köp wagt sarp etmek üçin, ençeme dogan-uýalar iş gününi azaldyp, ýönekeý ýaşap başladylar. Siz-de şu özgerişleri edip bilermisiňiz?
6 Gowy gün tertibini düzmek üçin, Ýehowadan paýhasly bolmagy soraň (Ýakup 1:5). Ol size ruhy taýdan bol baýlyk eçiler! Şeýle-de Ýehowa gerekli zatlar bilen üpjün edip, maddy zerurlyklaryňyzyň aladasyny eder (Mat. 6:33). Şu meselede Ýehowany synap görýänlere bol berektler beriler we olar «hiç zada mätäç bolmaz» (Mal. 3:10).