Biz galalary ýykýarys
1 Şeýtan asyrlar boýy ýalan taglymatlar arkaly köp adamlary aldap, hakykaty kabul etmez ýaly, olaryň akyllaryny küteltdi. Ol Üçýüzli Hudaý, baky ruh we dowzah ody ýaly taglymatlary ýaýradýar. Ol Ýaradyjynyň bardygyny we Mukaddes Ýazgylaryň dogrudygyny şübhä goýýar. Jynsparazlyk, milletparazlyk we başga päsgelçilikler adamlara hakykaty kabul etmäge böwet bolýar (2 Kor. 4:4). Biz gala kimin şeýle ýalan taglymatlary nädip ýykyp bileris? (2 Kor. 10:4, 5).
2 Ýürekde berk ornaşan taglymatlar. Adamlaryň ýüreginde çuňňur ornaşan ýalan dini taglymatlar köplenç olara güýçli täsir edýär. Käbirler şeýle taglymatlara çagalykdan ynanýarlar. Biz şeýle adamlara kömek etmek üçin gürrüňdeş bolanda, olaryň garaýyşlaryna hormat goýmaly (1 Pet. 3:15).
3 Biz şeýle adamlara nämä we näme üçin iman edýändigini düşündirmäge mümkinçilik berip, hormat goýup bileris (Ýakup 1:19). Mümkin, olaryň ýakyn dogan-garyndaşlaryndan biri aradan çykyp, ony göresi gelýändir, şol sebäpli baky ruha ynanýandyrlar. Ýa-da olar maşgalasy bilen şatlanmakdan lezzet alasy gelýändigi üçin baýramçylyk belleýändirler. Eger biz olaryň aýdýanlaryny ünsli diňlesek, duýgularyna düşünmäge we ýüregine täsir eder ýaly jogap bermäge kömek eder (Sül. tym. 16:23).
4 Isadan görelde alyň. Biz Isanyň kanunçy adama beren jogabyndan köp zat öwrenip bileris. Isa oňa näme etmelidigini göni aýdyp bilerdi. Emma ol adam ýüreginde çuňňur ornaşan taglymaty zerarly, Isanyň aýdanlaryny kabul etmezdi. Şol sebäpli Isa Ýazgylara salgylanyp, oňa pikirini aýtmaga mümkinçilik berdi we mysal arkaly dogry karara gelmäge kömek etdi (Luka 10:25—37).
5 Hudaýyň Sözündäki hakykat gala kimin ýalan dini taglymatlary ýykmaga kömek edýär (Ýew. 4:12). Şonuň üçin hakykaty sabyr bilen düşündirsek, adamlaryň ýüregine ýetip bileris hem-de olara ýalan taglymatlary ret etmäge we azat etjek hakykaty kabul etmäge kömek ederis (Ýahýa 8:32).