Çydamlylyk görkezýärmisiňiz?
1 «Meniň oglanlarymyň hakykatda gezýändiklerini eşitmekden uly şatlygym ýok» (3 Ýahýa 4). Ýahýanyň ruhy çagalarynyň çydamlylygy oňa köp şatlyk getirýärdi. Biziň gökdäki atamyzyň millionlarça geljekki çagalarynyň «hakykatda gezýändikleri» bolsa, oňa nähili köp lezzet berýändir! (Sül. tym. 23:15, 16; 27:11).
2 Hudaýyň halky umuman erjellik bilen gulluk etse-de, käbirleri bu ýoldan kem-kemden haýal ýöräp başladylar. Mümkin, olar başda hakykaty bilende, hyjuwly bolandyrlar; emma ýyllar geçdigiçe, olar şägirt taýýarlamak işine az ýa-da käwagt gatnaşyp başladylar.
3 Kimdir biriniň saglyk ýagdaýynyň gowşamagy ýa-da gartaşanlygy zerarly ýöremegini haýalladandygy düşnükli. Emma olar çydamlylygy üçin öwgä mynasyp. Olar elinden gelenini edýärler. Durmuşyny Hudaýa bagyş eden adamyň her biri özüne şeýle sowal bermeli: «Men öz isleglerime çendenaşa üns berip, Hudaýyň Patyşalygy durmuşymda ähmiýetsiz orny eýerleýärmi? Men «ýylymy» ýa-da öňki ýaly «çalyşýarynmy»? (Ylh. 3:15, 16; Luka 13:24). Ýehowanyň «ýagşylyk eden adama... hormat we parahatlyk bermegi» wada edendigini unutman, geliň, özümiz barada doga edip oýlanalyň, gerek bolsa düzeleliň (Rim. 2:10).
4 Synaglara nädip döz gelmeli. Isa synagalara çydamaga näme kömek etdi? Pawlus şeýle düşündirýär: «Ol öňüne goýlan begenç ugrunda utanjy äsgermän, haçdaky ölüme döz gelip, Hudaýyň tagtynyň sagynda oturdy» (Ýew. 12:1—3). Isanyň aljak begenji onuň başdan geçirmeli wagtlaýyn synaglaryndan has üstün gelýärdi. Eger biz hem gelejekde aljak begenjimiz barada unutmasak, synaglara döz gelmäge kömek eder (Ylh. 21:4, 7; 22:12). Şahsy okuw geçirip, ýygnak duşuşyklaryna yzygiderli gatnaşyp hem-de erjellik bilen doga etsek, Ýehowanyň berýän güýji arkaly biz onuň tabşyran ýumşuny çydamlylyk bilen dowam edip bileris.
5 Wepaly gullukçylarynyň çydamlylygyny görmek Ýehowa ýaraýar. Geliň, mundan beýläk-de «hakykatda gezip», onuň şatlygyny artdyralyň.