Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • od bap 17 sah. 169—178
  • Ýehowanyň guramasyndan daşlaşmaň!

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowanyň guramasyndan daşlaşmaň!
  • Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýän gurama
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • SYNAGLAR NÄME ÜÇIN KÖPELÝÄR?
  • ÇYDAMLYLYK HÄSIÝETINI ÖSDÜRIŇ
  • DÜRLI SYNAGLARA DÖZ GELÝÄRIS
  • HUDAÝA WEPALY BOLUŇ
  • «Siz çydamly bolmak bilen, özüňizi doly terbiýelärsiňiz»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
  • Sabyrly Ýehowa Hudaýdan görelde alyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
  • Wagyz edende çydamly bol
    Hudaýa gullugymyz — 2008
  • Synaglara şatlyk bilen döz geliň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
Başgalary
Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýän gurama
od bap 17 sah. 169—178

17-NJI BAP

Ýehowanyň guramasyndan daşlaşmaň!

ÝAKUP şägirt: «Hudaýa ýakynlaşyň, ol hem size ýakynlaşar» diýdi (Ýak. 4:8). Ýehowa beýik Hudaý bolsa-da, gökde ýaşasa-da, bikämil adamlaryň dogalaryny eşidýär (Res. 17:27). Biz nädip Ýehowa ýakynlaşyp bileris? Ýehowa doga edip, ýüregimizi döküp dursak, oňa hasam ýakynlaşarys (Zeb. 39:12). Şeýle-de Mukaddes Kitaby yzygider öwrensek, Ýehowany has gowy tanarys, onuň islegine we niýetlerine düşüneris (2 Tim. 3:16, 17). Şeýtsek, Ýehowa bolan söýgimiz gün-günden artar we ony gynandyrmarys (Zeb. 25:14).

2 Ýehowa diňe Isa arkaly ýakynlaşyp bilýäris (Ýah. 17:3; Rim. 5:10). Isadan başga hiç kim bize Ýehowany tanadyp bilmez. Isa Atasyny şeýle bir gowy tanaýardy welin: «Ogly Atadan başga hiç kim tanaýan däldir; Atany-da Oglundan we Ogluň tanatmak isleýän adamyndan başga hiç kim tanaýan däldir» diýdi (Luka 10:22). Injiliň ilkinji dört kitabyndan Isany gowy tanap bolýar. Eger biz Isanyň pikirlerine we duýgularyna düşünsek, Ýehowanyň hem pikirine we duýgusyna gowy düşüneris. Şeýdip, Ýehowa has-da ýakynlaşarys.

3 Isanyň ýolbaşçylygynda biz Ýehowanyň ýerdäki guramasy bilen ýakyndan işleşýäris. Gurama bize Ýehowanyň islegini berjaý etmegi öwredýär. Matta 24:45—47-nji aýatlardaky pygamberlige görä, Isa Mesih «öýdäki hyzmatkärlerine wagtly-wagtynda nahar paýlaryny bermek üçin... wepaly hem paýhasly hyzmatkäri» belledi. Şu günler wepaly hyzmatkär ruhy iýmiti bolluk bilen berýär. Ýehowa ýerdäki guramasy arkaly Sözüni her gün okamagy, ýygnaklara yzygiderli gatnaşmagy we «Patyşalyk baradaky hoş habary» yhlasly wagyz etmegi ýatladyp durýar (Mat. 24:14; 28:19, 20; Ýuşa 1:8; Zeb. 1:1—3). Biz wepaly hyzmatkäri Hudaýyň belländigini hiç haçan ýatdan çykarmaly däl. Ýehowanyň ýerdäki guramasynyň berýän görkezmesine eýerip, ondan daşlaşmaly däl. Şonda biz Hudaý bilen ýakyn dost bolarys, dostumyz bolsa bize islendik synagda kömek eder.

SYNAGLAR NÄME ÜÇIN KÖPELÝÄR?

4 Siz Ýehowa ençeme ýyldan bäri gulluk edýän bolsaňyz, synaglarda çydamly bolmagyň aňsat däldigini bilýänsiňiz. Emma siz Ýehowany ýaňy-ýakynda tanap, onuň halkyna goşulan bolsaňyzam, Şeýtanyň Ýehowanyň hökümdarlygyna tabyn bolýanlara garşy çykýandygyna düşünýänsiňiz (2 Tim. 3:12). Nähili synaglar bolsa-da gorkmaň, sebäbi Ýehowa arkaňyzda dur. Ol goldajagyny we ebedi ýaşaýşy berjegini söz berýär (Ýew. 13:5, 6; Ylh. 2:10).

5 Şeýtanyň dünýäsiniň soňky günlerinde hemmämiz synaglara duş gelýäris. 1914-nji ýylda Hudaýyň Patyşalygy höküm sürüp başlady. Şeýtan bilen jyn-arwahlar ýer ýüzüne zyňlansoň, göge baryp bilmeýär. Ol gahar-gazapdan dolup, ýer ýüzünde köp kynçylyklary döredýär. Ýehowanyň gullukçylaryna zalymlyk bilen topulýar. Şu zatlar zalym Şeýtanyň soňky günlerde adamzadyň üstünden höküm sürýändigini görkezýär (Ylh. 12:1—12).

6 Şeýtan wagtynyň azdygyny bilip, gahar-gazaba münýär. Ol jynlary bilen wagyz işine päsgel bermek hem-de Ýehowanyň gullukçylarynyň agzybirligini bozmak üçin her zat edýär. Şol sebäpli biz «adamlara garşy däl-de, gökdäki zalym ruhlara, hökümetlere, häkimiýetlere we garaňky dünýäniň hökümdarlaryna garşy» söweşýäris. Eger biz Ýehowanyň tarapyny tutup, ýeňiş gazanmak islesek, ýan bermeli däl. Hudaýyň berýän söweş ýaraglaryny dakynyp, «Iblisiň hilelerine garşy durmaly» (Efes. 6:10—17). Munuň üçin her birimiz çydamly bolmaly.

ÇYDAMLYLYK HÄSIÝETINI ÖSDÜRIŇ

7 «Çydamlylyk» kynçylyklara ýa-da agyr ýagdaýlara döz gelmegi aňladýar. Şeýle-de garşylyklarda, yzarlamalarda ýa-da Hudaý bilen dostlugymyza zyýan ýetirýän islendik ýagdaýda berk durmagy aňladýar. Şonuň üçin mesihçiler çydamlylyk häsiýetini ösdürmeli. Elbetde, munuň üçin wagt gerek bolýar. Biz ruhy taýdan ösenimizde hasam çydamly bolmagy öwrenýäris. Biz kiçi synaglara döz gelip, ruhy taýdan berkeýäris we has agyr synaglary hem ýeňip geçmegi öwrenýäris (Luka 16:10). Biz heniz agyr kynçylyklara, synaglara uçramankak, imanda berk durmagy öwrenmeli. Petrus resul Hudaýa ýaraýan häsiýetleri ösdürenimizde çydamlylyk häsiýetini hem ösdürmelidigini aýtdy. Ol: «Bar güýjüňizi jemläp, imanyňyzy ýagşylyk bilen, ýagşylygy bilim bilen, bilimi özüňe erk etmek bilen, özüňe erk etmekligi çydam bilen, çydamy Hudaýa wepalylyk bilen, Hudaýa wepalylygy doganlyk söýgüsi bilen, doganlyk söýgini hakyky söýgi bilen dolduryň» diýdi (2 Pet. 1:5—7; 1 Tim. 6:11).

Her gün synaglara döz gelip, çydamly bolmagy öwrenýäris

8 Ýakup şägirt hem çydamly bolmagy öwrenmegiň wajypdygyny şeýle düşündirdi: «Doganlarym, dürli kynçylyklara uçranyňyzda, ählisini şatlyk bilen kabul ediň. Sebäbi imanyňyz synalanda çydamly bolmagy öwrenýärsiňiz. Siz çydamly bolup, özüňizi gowy terbiýelärsiňiz. Şonda ähli zatda kämil, ýazyksyz bolarsyňyz we hiç zatda ýetmeziňiz bolmaz» (Ýak. 1:2—4). Diýmek, mesihçiler synaglary şatlyk bilen kabul etmeli, sebäbi synaglarda çydamly bolmagy öwrenýäris. Sizem synaglary şatlyk bilen kabul edýärsiňizmi? Soňra Ýakup çydamlylygyň Hudaýa ýaraýan häsiýetleri ösdürmäge we ony razy edip ýaşamaga kömek edýändigini aýtdy. Dogrudanam, her gün synaglara döz gelip, çydamly bolmagy öwrenýäris. Çydamly bolup, köp gowy häsiýetleri ösdürýäris.

9 Synaglarda çydamly bolsak, Ýehowany razy ederis. Ýehowa çydamly adamlara ebedi ýaşaýşy wada berýär. Ýakup: «Synaga çydaýan adam bagtlydyr, sebäbi ol Ýehowany razy edip, Hudaýy söýýänlere wada berlen ýaşaýyş täjini alar» diýdi (Ýak. 1:12). Täze dünýä hakda näçe oýlansak, synaglarda çydamly bolarys. Çydamlylyk bolsa ýaşaýyş ýolundan sowulmazlyga kömek eder. Eger biz ýaşaýyş ýolundan sowulsak, öňki ýaly günäli işleriň guly bolarys. Synaglarda çydamly bolmasak, Ýehowanyň mukaddes ruhuny alyp bilmeris we oňa ýaraýan häsiýetleri ösdürip bilmeris.

10 Biz şu kyn döwürde çydamly bolmak üçin, başymyza düşýän kynçylyklara dogry garaýyşda bolmagy öwrenmeli. Ýakup şägirt: «(Synaglaryň) baryny şatlyk bilen kabul ediň» diýipdi. Elbetde, muny etmek aňsat däl, sebäbi synaglarda beden ýa-da duýgy taýdan ejir çekýäris. Emma gelejekde bize ajaýyp ýaşaýyş garaşýar. Resullar bilen bolan wakalar hem bize synaglarda şatlygymyzy saklamaga kömek edýär. Resullar kitabynda şeýle diýilýär: «Olar... resullary çagyryp, gamçylap urdular we Isanyň ady hakda wagyz etmezligi tabşyryp, boşadyp goýberdiler. Şägirtler Isanyň ady üçin masgara bolandyklaryna begenip, Mejlisden çykyp gaýtdylar» (Res. 5:40, 41). Resullar Isanyň tabşyrygyna gulak asýandygy üçin kösenýändigine we Ýehowany razy edýändigine düşünýärdiler. Ençeme ýyl geçensoň, Petrus resul hem birinji hatynda halal ýaşamak üçin görgi görmäge utanmaly däldigini ýazdy (1 Pet. 4:12—16).

11 Bir gezek Pawlus bilen Silas Filipide missioner bolup gulluk edýärkä, adamlar olara şäheriň parahatlygyny bozýar we kanuna garşy gelýän däp-dessurlary öwredýär diýip aýypladylar. Soňra olary erbet ýenjip, türmä basdylar. Endam-jany ýaralanan «Pawlus bilen Silas ýarygijä golaý doga edip, Hudaýyň şanyna aýdym aýtdylar. Türmede oturanlar hem olary diňlediler» (Res. 16:16—25). Pawlus bilen Silas diňe Hudaýyň we adamlaryň öňünde wepalylygyny subut etmän, şol ýerdäki adamlara wagyz etmäge mümkinçilik dörändigine begendiler. Hoş habary kabul edip, olar hem halas bolup bilýärdi. Şol gije türmäniň gözegçisi we öý-içerisi Hudaýa iman edip, Isanyň şägirdi boldy (Res. 16:26—34). Pawlus bilen Silas Ýehowanyň kyn günde çydamaga güýç berjekdigine ynanýardy. Ýehowa-da olary taşlamady.

12 Ýehowa bize-de dürli ýollar bilen synaglara döz gelmäge kömek edýär. Ol biziň çydamly bolmagymyz üçin Mukaddes Kitaby berdi. Mukaddes Kitapdan Ýehowa barada bilim alyp, ony gowy tanasak, imanymyz berkeýär. Şeýle-de biz imandaşlarymyz bilen dostlaşyp, olar bilen eginme-egin gulluk edip bilýäris. Mundan başga-da, doga edip, Ýehowa bilen hasam dostlaşýarys. Ol biziň minnetdarlyk sözlerimizi we onuň öňünde päk bolmak üçin edýän dileglerimizi höwes bilen diňleýär (Flp. 4:13). Gelejege bolan umydymyz hakda oýlanmagam güýjümize güýç goşýar (Mat. 24:13; Ýew. 6:18; Ylh. 21:1—4).

DÜRLI SYNAGLARA DÖZ GELÝÄRIS

13 I asyrdaky şägirtler ýaly, bizem synaglara duş gelýäris. Köp adamlar Ýehowanyň Şaýatlary barada nädogry maglumat eşidip, olary kemsidýärler, urýarlar. Resullaryň günlerindäki ýaly, köplenç dine köre-körlük bilen uýýan adamlar garşy çykýarlar. Olaryň ýalan dini taglymatlary we däp-dessurlary Hudaýyň Sözüne garşy gelýär (Res. 17:5—9, 13). Käte Ýehowanyň halky döwletiň kanuny arkaly özüni goraýar (Res. 22:25; 25:11). Emma şonda-da hökümet wagyz işimizi gadagan edip, Ýehowa gulluk etdirmejek bolýar (Zeb. 2:1—3). Biz şeýle ýagdaýlarda-da resullaryň göreldesine eýerip, «adamlara däl-de, Hökümdar Hudaýymyza gulak asýarys» (Res. 5:29).

14 Ýer ýüzünde milletparazlyk köpelensoň, Hudaýyň gullukçylaryna hasam topulýarlar, olara wagyz etdirmejek bolýarlar. Ýehowanyň gullukçylary Ylham 14:9—12-nji aýatlarda agzalýan «wagşy haýwana we onuň şekiline sežde edýän» adamlara nämäniň garaşýandygyny bilýärler. Şol sebäpli biz Ýahýa resulyň: «Şeýle ýagdaýda mukaddeslere, ýagny Hudaýyň tabşyryklaryny berjaý edýänlere we Isa berk iman edýänlere çydamly bolmak gerekdir» diýen sözlerine gowy düşünýäris.

15 Uruşlar, gozgalaňlar, yzarlamalar we wagyz işiniň gadagan edilmegi sebäpli, Ýehowa arkaýyn sežde edip bilmezligimiz mümkin. Belki-de, siz ýygnak duşuşyklaryna baryp bilmersiňiz, filial bilen habarlaşyp bilmersiňiz, ýygnagyňyza etrap gözegçisi hem gelip bilmez we täze edebiýatlary-da alyp bilmersiňiz. Şeýle ýagdaýda näme etmeli?

16 Ruhy taýdan berk bolmak üçin eliňizde baryny ediň. Şahsy okuwyny hökman geçirjek boluň. Ýygnaklary dogan-uýalaryň öýünde kiçijik topar bolup geçirip bilersiňiz. Ýygnakda öň geçilen edebiýatlary we Mukaddes Kitaby öwrenip bilersiňiz. Şeýle kyn ýagdaýlarda howsala düşmäň. Ýolbaşçylyk maslahaty ýurduňyzdaky jogapkär doganlar bilen tiz wagtyň içinde habarlaşmak üçin elinde baryny eder.

17 Ýanyňyzda dogan-uýalaryň hiç biri bolmasa-da, Ýehowa bilen Isa size kömek eder. Gelejege bolan umydyňyzy hiç kim eliňizden alyp bilmez. Ýehowa dogalaryňyzy eşidýär, mukaddes ruhy bilen berkider. Şonuň üçin hemişe ondan görkezme soraň. Siz Ýehowanyň gullukçysydygyňyzy we Isa Mesihiň şägirdidigiňizi ýadyňyzdan çykarmaň. Şol sebäpli her bir mümkinçilikden peýdalanyp wagyz ediň. Ýehowa edýän tagallaňyzy bereketlär. Belki, başga adamlaram Ýehowa gulluk edip başlar (Res. 4:13—31; 5:27—42; Flp. 1:27—30; 4:6, 7; 2 Tim. 4:16—18).

18 Sizem resullar we başga mesihçiler ýaly ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolsaňyz, «ölüleri direldýän Hudaýa bil baglaň» (2 Kor. 1:8—10). Direlişe bolan imanyňyz has agyr synaglara döz gelmäge kömek eder (Luka 21:19). Isa Mesih bize görelde galdyrdy. Ol synaglarda Ýehowa wepaly bolsa, başgalaryň hem onuň göreldesine eýerip, çydamly boljakdygyny bilýärdi. Synaglarda wepaly bolsaňyz, dogan-uýalar hem sizden görelde alarlar (Ýah. 16:33; Ýew. 12:2, 3; 1 Pet. 2:21).

19 Yzarlamalardan we garşylyklardan başga-da kynçylyklar bolmagy mümkin. Mysal üçin, käbir dogan-uýalar ýaşaýan ýerindäki adamlaryň hoş habary diňlemeýändigi üçin ruhdan düşýär. Käbirleri bolsa saglyk, göwnüçökgünlik ýa-da bikämillik sebäpli döreýän kynçylyklara çydamaly bolýar. Pawlus resul hem käte Hudaýa isleýşi ýaly gulluk edip bilmeýärdi, käbir zatlar bolsa böwet bolýardy (2 Kor. 12:7). I asyrda filipili Epafrodit hem syrkawlap, ölümiň bäri ýanyndan gaýdýar. Ol özi hakda dostlarynyň eşidendigine gaty biynjalyk bolýar (Flp. 2:25—27). Käte özümiziň ýa-da başgalaryň ýalňyşy sebäpli kynçylyk döreýär. Dogan-uýalar we maşgala agzalarymyz bilen düşünişmezlik bolýar. Ýöne Hudaýyň Sözündäki maslahatlara eýersek, çydamly bolup kynçylyklary ýeňeris (Hyz. 2:3—5; 1 Kor. 9:27; 13:8; Kol. 3:12—14; 1 Pet. 4:8).

HUDAÝA WEPALY BOLUŇ

20 Biz Isa Mesihe ýürekden tabyn bolmaly, sebäbi Ýehowa ony ýygnagyň başy edip belledi (Kol. 2:18, 19). Şeýle-de biz «wepaly hem paýhasly hyzmatkäre» we ýolbaşçy doganlara tabyn bolup, olar bilen eginme-egin işleşmeli (Ýew. 13:7, 17). Guramada berilýän görkezmelere eýersek, Ýehowanyň islegini guramaçylykly ýerine ýetireris. Biz nähili ýagdaýda we nirede bolsagam, Ýehowa hemişe doga etmeli. Türmäniň ne demir gözenegi, ne-de beýik diwarlary gökdäki Atamyz Ýehowanyň söýgüsinden aýryp bilmez, aramyzdaky agzybirligi bozup bilmez.

21 Geliň, synaglarda Hudaýa wepaly bolup, Isa Mesihiň tabşyrygyny ýerine ýetirmek üçin elimizde baryny edeliň. Ol şägirlerine: «Gidiň-de, ähli halklardan şägirt taýýarlaň. Olary Ata, Ogul we mukaddes ruhuň ady bilen suwa çümdüriň. Olara ähli tabşyryklarymy berjaý etmegi öwrediň» diýdi (Mat. 28:19, 20). Isadan görelde alyp, synaglarda çydamly bolalyň. Hudaýyň Patyşalygy arkaly berjek täze dünýäsine umyt edeliň (Ýew. 12:2). Şu günler suwa çümdürilip, Isanyň şägirdi bolan adamlar «dünýäniň soňy» baradaky pygamberligiň ýerine ýetmegine goşandyny goşýarlar. Isa: «Patyşalyk baradaky hoş habar bütin ýer ýüzünde ähli milletlere wagyz ediler, soňra dünýäniň soňy geler» diýipdi (Mat. 24:3, 14). Eger biz şu soňky günlerde yhlasly wagyz etsek, Ýehowanyň täze dünýäsinde ebedi ýaşarys.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş