Wagyz edende çydamly bol
1 Pawlus resul 30 ýyldan gowrak hoş habary üstünlikli wagyz etdi. Her bir degerli işe päsgel berlişi ýaly, onuň hem wagzyna garşylyk görkezildi (2 Kor. 11:23—29). Muňa garamazdan, Pawlus ruhdan düşmedi (2 Kor. 4:1). Ol gullugyny üstünlikli amala aşyrmak üçin kynçylyga döz gelmäge Ýehowanyň güýç berýändigine düşünýärdi (Flp. 4:13). Pawlus wepaly gullugyny göz öňünde tutup, şeýle diýip bildi: «Meniň Mesihden görelde alşym ýaly, siz hem menden görelde alyň» (1 Kor. 11:1).
2 Şu günler synaglara nädip çydamaly. Doganlarymyzyň köpüsi maşgala agzalary, işdeşleri we mekdep ýoldaşlary tarapyndan her gün ýaňsylama, garşylyklara ýa-da biperwaýlyga uçraýarlar (Mat. 10:35; Ýahýa 15:20). Mümkin, senem şeýle ýagdaýlara duş gelýänsiň. Belki, sen saglyk ýagdaýyň ýaramazlygy ýa-da gündeki göwün açmalar we synaglar bilen göreşip, imanyň hem-de çydamlylygyň synalýandyr. Eger geçmişdäki we şu günki wepaly gullukçylaryň kynçylyklara döz gelendigi barada oýlansak, bu bize çydamaga güýç berer (1 Pet. 5:9).
3 Eger biz «Hudaýyň ähli ýaraglaryny dakynandygymyza» göz ýetirsek, onda çydamlylyk bilen gulluk etmäge güýjümiz bolar (Efes. 6:10—13, 15). Şeýle-de synaglara döz gelmek üçin Hudaý mukaddes ruhuny berer ýaly, çydamlylyk barada doga etmeli (2 Kor. 6:4—7). Biz ruhy söweşde ýeňmek üçin ruhumyza şypa berýän Hudaýyň ýatlatmalaryna üns bermeli (Zeb. 119:24, 85—88). Söýgüli atanyň ýazan hatyny çaganyň öwran-öwran okaýşy ýaly, bizem Mukaddes Ýazgylary her gün okap, Ýehowa bilen gatnaşygymyzy berkidýäris. Mukaddes Ýazgylary her gün öwrensek, kynçylyklara hötde gelmäge akyldarlyk berer. Galyberse-de, Hudaýyň pikiriniň gelýän kararymyza täsir etmegine we aýypsyzlygymyzy berkitmäge ýardam ederis (Sül. tym. 2:10, 11).
4 Çydamlylyk bereket getirýär. Biz Pawlus ýaly wepalylyk bilen çydamly gulluk etsek, Ýehowanyň ýüregini şatlandyrarys. Bu bize-de, hoş habara seslenýänlere-de bereket getirer (Sül. tym. 27:11). Geliň, gullugymyzy dowam etmegi berk ýüregimize düweliň. Şeýdip, imanymyzyň berkdigini we «ot bilen synalýan hem bolsa, pany altyndan gymmatdygyny» subut ederis (1 Pet. 1:6, 7).