Mukaddes Ýazgylar okuwyny yhlasly hödürlemek üçin gün
1 Ýanwar aýyndan başlap, her ýygnak bir dynç güni, mümkin, aýyň başynda Mukaddes Ýazgylar okuwyny hödürlemek üçin elinden gelenini ederler. Ýerli ýagdaýa görä, bu şenbe ýa-da ýekşenbe günleri bolup biler. Ähli ýaşulular we gulluk kömekçileri bu işe aktiw gatnaşyp, wagyzçylara Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlamaga kömek etmeli.
2 Ýygnagyň gulluk komiteti Mukaddes Ýazgylar okuwyny hepdäniň haýsy dynç gününde hödürlemelidigini çözer. Ol gün barada wagyzçylara wagtal-wagtal ýatladyp durmaly. Bu olara öýden-öýe wagyz edende, Mukaddes Ýazgylar okuwyny hödürlemäge we ikilenç ideg etmäge taýýarlanyp, ünsli bolmaga kömek eder.
3 Nädip taýýarlanmaly. Biz «Hudaýa gullugymyzyň» 2006-njy ýylyň ýanwar aýynda çykan sanynyň içki sahypasynda we «Ýazgylary ulanyp ynandyrmak» (rusça) atly kitabyň 11-nji sahypasynda Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlamak babatda maslahatlary tapyp bileris. Şeýle-de «Siziň hakykaty bilesiňiz gelýärmi?» ýaly kitapçalary hödürläp bolar. Žurnal alan adamlary ideg edenimizde, «Hudaýa gullugymyzyň» 2007-nji ýylyň awgust aýynda çykan sanynyň 3-nji sahypasyndaky hödürler arkaly Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlap bolar. Ýaşulular we gulluk kömekçileri gysgaça 10—15 minut wagyz duşuşygyny geçirmegi planlaşdyranda, Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlamak üçin bir-iki maslahat berer ýaly, pikir alyşmaly hem-de sahna görkezmeli.
4 Elbetde, Mukaddes Ýazgylar okuwyny hemmeler başlamaz, başlaýanda-da, ony dowam etmek islemez. Bu bize Mukaddes Ýazgylar okuwyny hödürlemäge päsgel bermeli däl, sebäbi akýürekli adamlary öz guramasyna Ýehowa çekýär (Ýahýa 6:44). Biziň borjumyz diňe bir tohumy ekmek däl, eýsem, öser ýaly ony suwarmaly, ýagny akýürekli adamlar bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmeli. Biz bu wajyp işe Hudaýyň işdeşleri hökmünde gatnaşýarys (1 Kor. 3:9).