Ilkinji şenbe güni Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlamaga aýratyn üns beriň
2011-nji ýylyň maý aýyndan başlap, wagyzçylara her aýyň ilkinji şenbe güni Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlamak maslahat berildi. Biz «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» we «Hakyky iman» atly edebiýatlar arkaly okuwa başlap bileris. Şol sebäpli ilkinji şenbe güni geçirilýän wagyz duşuşygynda bu edebiýatlar arkaly nädip Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlamalydygyna üns bermeli we hödürleri sahnalaşdyrmaly.
Ýygnagyň ýaşululary her bir topar bilen aýratynlykda wagyz duşuşygyny geçirip biler. Ýa-da olar birki topary bile goşup, bir ýerde geçirip biler. Emma ýygnak duşuşygy şenbe güni geçirilýän bolsa, toparlary goşup bile wagyz duşuşygyny geçirmek üçin, Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlanýan bu ýörite güni başga güne geçirmeli däl.