Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 8/08 sah. 2
  • Gulluk duşuşygynyň tertibi

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Gulluk duşuşygynyň tertibi
  • Hudaýa gullugymyz — 2008
  • Sözbaşylar
  • 11-nji awgustdan başlanýan hepde
  • 18-nji awgustdan başlanýan hepde
  • 25-nji awgustdan başlanýan hepde
  • 1-nji sentýabrdan başlanýan hepde
Hudaýa gullugymyz — 2008
km 8/08 sah. 2

Gulluk duşuşygynyň tertibi

11-nji awgustdan başlanýan hepde

4-nji aýdym

10 min. Ýerli bildiriş. Diňleýjilerden meýdançadaky adamlary nähili temalaryň gyzyklandyryp biljekdigi barada sora. Olardan haýsy pikirlere aýratyn üns berjekdikleri barada gürrüň bermegi haýyş et. Gürrüňe başlamak üçin nähili sorag berse bolar? Soňra haýsy aýady okap bolar? Bir hödür arkaly gürrüňe nädip başlap bolýandygyny görkez.

15 min. Hiç zada ünsüňi sowman, Hudaýyň islegini ýerine ýetir. «Yzyma eýeriň» (rusça) diýen kitabyň 93, 94-nji sahypasynyň 12, 13-nji abzaslaryna esaslanan nutk.

20 min. «„Ebedi ýaşaýyş üçin bellenenlere” kömek et!»a Makalada getirilen soraglary ber. 1997-nji ýylyň mart aýynda çykan «Hudaýa gullugymyzyň» (rusça) 3-nji sahypasyndaky çarçuwada ikilenç ideg etmek üçin berlen maslahatlara seret.

2-nji aýdym

18-nji awgustdan başlanýan hepde

7-nji aýdym

10 min. Ýerli bildiriş. «Etrap kongresiniň meýilnamasy» atly makalany ara alyp maslahatlaş. Wagyzçylara indiki gulluk duşuşygynda serediljek wagyz üçin hödürlere taýýarlanmagy ýatlat.

20 min. Biziň egin-eşigimiz we daş-keşbimiz Ýehowa şöhrat getirýär. Ýaşuly çykyş edýär. Ýehowa mukaddes Hudaý bolany üçin, onuň halky fiziki taýdan arassa bolmaly (Çyk. 30:17—21; 40:30—32). Esasanam, gullukda biz göreldeli egin-eşigimiz we daş-keşbimiz bilen Ýehowa ýaranyp, oňa şöhrat getirýäris (1 Pet. 2:12). Eger biz hapysa geýnip, arassaçylyga seretmesek, «Hudaýyň sözüne dil ýetiriler» (Titus 2:4). Wagyzçynyň göreldeli daş-keşbiniň netijesinde güwälik berlen ýerli wakany ýa-da edebiýatdan bir mysal getir.

15 min. Çagalar batyrgaý wagyz edýärler. Ata-eneler we olaryň tizden kanikuly gutarýan mekdepde okaýan çagalary üçin ruhlandyryjy nutk. Ýaş wagyzçylara islendik mümkinçilikden peýdalanyp, wagyz etmegi ýatlat. Diňleýjilerden mekdepde wagyz edende bolan wakany gürrüň bermegi haýyş et.

27-nji aýdym

25-nji awgustdan başlanýan hepde

16-njy aýdym

15 min. Ýerli bildiriş. «Bir günlük ýörite kongresiň meýilnamasy» atly makalany ara alyp maslahatlaş.

15 min. Ýerli zerurlyklar.

15 min. Köp kwartiraly jaýda wagyz etmek. Iki ýa-da üç wagyzçy bilen söhbetdeşlik. Kwartirada ýaşaýan adamlara wagyz etmek kyn, sebäbi köplenç olar bilen ýapyk gapy arkaly gepleşmeli bolýar. Adamy gyzyklandyryp biljek tärleri ara alyp maslahatlaş. Mähirli salamlaşyp, golaýda ýaşaýandygyňy aýt; eger öý eýesiniň ady poçta ýaşikde ýa-da gapyda ýazylan bolsa, onuň ady bilen ýüzlen; pikir alyşjak temaňy aýt ýa-da «Mukaddes Ýazgylar hakda gürrüňe başlamak we dowam etmek» atly broşýuranyň 2—7-nji sahypalaryndaky hödürleriň birini oka; wajyp sowala jogap berýän kitapça, žurnal ýa-da broşýura berjekdigiňi düşündir we onuň nähili sowaldygyny aýt.

3-nji aýdym

1-nji sentýabrdan başlanýan hepde

15-nji aýdym

10 min. Ýerli bildiriş. Wagyzçylara awgust aýy boýunça wagyz hasabatyny tabşyrmagy ýatlat.

20 min. Olar ýatdan çykmaz! 2008-nji ýylyň 15-nji aprelinde çykan «Garawul diňi» (rusça) žurnalynyň 25—28-nji sahypalaryna esaslanan nutk. Garrylar öýünde ýaşaýan mesihçileri agzap geç. Eger şeýle mesihçiler bolmasa, onda makaladaky prinsipleri ulanyp, saglyk ýagdaýy gowşak ýa-da başga sebäplere görä, ýygnagyň işine çäkli gatnaşýan wagyzçylary ruhlandyr.

15 min. Sentýabr aýynda ilkinji ideg edilen adamlar bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny başla. Diňleýjiler bilen söhbetdeşlik. Sentýabr aýynda «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» atly kitaby ulanarys we Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlamak üçin birnäçe abzaslar barada pikir alyşmaly. 2006-njy ýylyň ýanwar aýynda çykan «Hudaýa gullugymyzyň» içki sahypasyndaky maslahatlary ulanyp, ilkinji idegde nädip Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlap bolýandygyny görkezýän bir-iki hödüri sahnalaşdyr.

11-nji aýdym

[Çykgyt]

a Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýdyp, sorag-jogap görnüşinde geçir.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş