Adamlara Ýehowany söýmegi öwredýäris
1. Käbir adamlary Ýehowa näme çekýär?
1 Ilkinji sapar Ýehowa barada eşideniň ýadyňdamy? Seni Ýehowa näme çekdi? Akýürekli adamlaryň köpüsi Ýaradyjynyň, esasanam, rehimdarlyk we söýgi ýaly ajaýyp häsiýetleri özüne çekdi diýerler (1 Ýahýa 4:8).
2, 3. Biz «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitaby boýunça okuw geçýän adamlaryň Ýehowa söýgüsini nädip ösdürip bileris?
2 «Bu biziň Hudaýymyz». «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitaby Ýehowanyň söýgüsini we oňa ýakynlaşmagyň wajyplygyny nygtap geçýär. Biz bu kitap boýunça okuw geçirip, adamlaryň Hudaýa söýgüsini nädip ösdürip bileris? Okuw geçýän adamyň täze pikire ünsüni çekip, şeýle sowal berip bileris: «Sen şu okanlarymyzdan Ýehowa barada näme bildiň?» ýa-da «Bu Ýehowanyň iň gowy Atadygyny nädip subut edýär?» Şeýdip öwretsek, gyzyklanýan adama Ýehowa bilen ömürlik dostlugy saklamaga kömek edip bileris.
3 Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýän adama ýeke-täk diri hak Hudaý baradaky alýan biliminiň hormatdygyna düşünip, oňa minnetdar bolmaga kömek etsek, olar Işaýanyň «bu biziň Hudaýymyz» diýen sözleri bilen ylalaşar (Iş. 25:9). Hudaýyň Sözüni düşündireniňde, Ýehowanyň Isa Mesihiň ýolbaşçylygynda Patyşalygy arkaly islegini ýerine ýetirip, adamlara bereket berjekdigini nygtamaly (Iş. 9:6, 7).
4, 5. Ýehowany söýmek nämäni aňladýar?
4 Ýehowa söýgiňi görkezmek. Biz Ýehowany bütin ýüregiň, janyň we düşünjäň bilen söýmegiň diňe bir Hudaýa bolan güýçli duýgy däldigini bilýäris. Biz Ýehowanyň pikirini özümize siňdirmeli (Zeb. 97:10). Hudaýy söýsek, onuň ähli tabşyryklaryny berjaý edip, hatda synaglara we yzarlamalara duş gelsek-de, «mukaddes ýaşaýyşda, takwalykda gezeris» (2 Pet. 3:11; 2 Ýahýa 6).
5 Hudaýyň islegini söýgi bilen berjaý etsek, oňa ýaraýar (Zeb. 40:8). Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamlar Hudaýyň ähli tabşyryklarynyň ömürlik peýda getirýändigine düşünmeli (Kanun. 10:12, 13). Ýehowanyň görkezmesi boýunça ýaşaýan adam Onuň ähli ajaýyp işleri üçin çuňňur minnetdarlygyny görkezýär. Okuw geçýän adama Ýehowanyň dogry ýolunda ýöremegiň horlukdan we agyrydan goraýandygyna düşünmäge kömek etmeli.
6. Ýehowany söýýän adam nähili bereket alyp biler?
6 Hudaýy söýýän adam şeýle bereketleri alar. Ýehowa kiçigöwünli, söýýän adamlaryň aladasyny edip, olara öz «çuň pikirlerini» açýar (1 Kor. 2:9, 10). Ýehowanyň niýeti baradaky bilim almak bilen, olaryň gelejege aýdyň garaýşy we berk umydy bolar (Ýerem. 29:11). Ýehowany söýýänler onuň ajaýyp rehimdarlygyny gazanarlar (Çyk. 20:6). Hudaý şeýle adamlary çuňňur söýýänligi üçin, olaryň ebedi ýaşaýşa umydy bar (Ýahýa 3:16).
7. Seniň pikiriňçe, adamlara Ýehowany söýmegi öwretmek näme üçin wajyp?
7 Biz gökdäki Atamyz barada näçe köp bilim alsak, şonça-da ol barada başgalara yhlasly gürrüň bermek isleýäris (Mat. 13:52). Adamlara, esasan hem, çagalara Ýehowany söýmegi öwretmek nähili hormat! (Kanun. 6:5—7). Biz okuw geçýän adamlar bilen «[Ýehowanyň] uly ýagşylygyny» duýup, ony elmydama şöhratlandyryp bileris (Zeb. 145:7).