Sowally bukja
◼ Ata-enäniň ikisi-de her hepde geçirilýän maşgala okuwy barada hasabat berip bilýärmi?
«Rebbiň terbiýe hem öwüdi bilen ulaltmaga» esasan ata jogapkär, ýöne ata-enäniň ikisi-de çagalaryny terbiýelemäge borçly (Ef 6:4). Mukaddes Ýazgylar çagalary şeýle höweslendirýär: «Oglum, ataň tälimini eşit, eneň öwredenlerini taşlama» (Sült 1:8). Maşgala okuwyny geçirmek — ata-enä çagasyna terbiýe bermek üçin iň wajyp hasaplanýar.
Öňler suwda çokundyrylmadyk çagalary bilen maşgala okuwyny ata-enäniň ikisi bile geçirse-de, diňe olaryň okuwy geçirýäni hasabat tabşyrýardy. Emma häzir üýtgeşiklik girizildi. Eger maşgala okuwynda çagalaryny öwretmäge ata-enäniň ikisi-de gatnaşsa, onda olaryň ikisi-de wagyz hökmünde hepdede bir sagat ýazyp bilýärler. Elbetde, ata-eneler çagalaryna hepdede bir sagatdan köp tälim berýärler. Çagalaryna terbiýe bermek üçin ata-enäniň ikisi-de elmydama tagalla etmeli (Kan 6:6—9). Emma her aý tabşyrylýan hasabata, esasan, wagyz eden wagtymyz girizilýär. Şol sebäpli eger okuw hepdede bir sagatdan we bir gezekden köp bolsa-da ýa-da her çagasy bilen aýratyn geçirilse-de, hepdede bir sagatdan köp hasabat bermeli däl. Muny ata-enäniň diňe biri Mukaddes Ýazgylar okuwy hem-de hepdede bir sany ikilenç ideg hökmünde ýazmaly.