Teokratik gulluk mekdebinde geçilenleri gaýtalamak
2008-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda başlanýan hepdede geçiriljek Teokratik gulluk mekdebinde şu aşakdaky sowallara serediler. Mekdebiň gözegçisi 2008-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan 27-nji oktýabr aralygynda geçilen material boýunça, 30 minudyň dowamynda geçilenleri gaýtalamaly.
DILEWARLYK
1. Adamyň haýsydyr bir zada näme üçin iman edýändigini nädip bilse bolar? (be-U sah. 259, abz. 1, 2).
2. Biz adamyň ýüregindäki ters pikiri ýa-da ýigrenji aýyrmaga nädip kömek edip bileris? (be-U sah. 260, abz. 2).
3. Biz okuw geçýän adama ruhy taýdan öser ýaly, ýüregini barlamaga nädip kömek edip bileris? (be-U sah. 261, abz. 3).
4. Diňleýjileriň ýüregine täsir eder ýaly, biz nämäni unutmaly däl? (be-U sah. 262, abz. 5).
5. Ýygnak duşuşygynda çykyş edenimizde näme üçin berlen wagta ünsli bolmaly? (be-U sah. 263, abz. 1, 3, çarçuwa).
No.1 ÝUMUŞ
6. Pawlus Korintoslylara birinji hatyny näme üçin ýazdy? (bsi08-1 sah. 20, abz. 3).
7. Pawlus näme sebäplere görä Korintoslylara ikinji hatyny ýazdy? (bsi08-1 sah. 22, abz, 1, 2).
8. Mesihçiler gulluga nähili garamaly? (bsi08-1 sah. 23, abz. 18).
9. Şu günler biz Filipidäki doganlaryň göreldesine eýerip, nädip Hudaýy razy edip we doganlaryň guwanjy bolup bileris? (bsi08-1 sah. 29, abz. 12).
10. Pawlus we onuň ýoldaşlary Selanikdäki ýygnagyň doganlaryna nähili gowy görelde görkezdiler? (bsi08-1 sah. 4, abz. 13).
MUKADDES ÝAZGYLARY HER HEPDE OKAMAK
11. «Teni heläk bolup, ruhy... gutular ýaly, bu (erbet) adamy şeýtana tabşyryň» diýmek nämäni aňladýar? (1 Kor. 5:5) (w08 15.7. «Ýehowanyň Sözi diri — Korintoslylar kitabyndan peýdaly pikirler»).
12. «Her gezek» Isanyň ölümini bellemek nämäni aňladýar we ony «haçana çenli» bellemeli? (1 Kor. 11:26) (w08 15.7. «Ýehowanyň Sözi diri — Korintoslylar kitabyndan peýdaly pikirler»).
13. 2 Korintoslylar 12:2—4-nji aýatlarda nähili görnüş barada aýdylýar we ony kim gören bolmaly? (w04-U 15.10, sah. 8, abz. 4; sah. 10, abz. 9)
14. Näme üçin Pawlus Musanyň kanunyny «Mesih gelýänçä... terbiýeçä» deňeýär? (Gal. 3:24) (w08-U 1.3. sah. 18—21).
15. Näme üçin Pawlus doganlaryň «ruhy, jany we teni» üçin doga etdi? (1 Sel. 5:23) (w08 15.9. «Ýehowanyň Sözi diri — Selanikliler we Timoteos kitabyndan peýdaly pikirler»).