Näme üçin Mukaddes Ýazgylaryň şahsy we maşgala okuwyny geçirmek wajyp
1. Şu günler Ýolbaşçylyk maslahaty biziň aladamyzy nädip we näme üçin edýär?
1 Şu günler Ýolbaşçylyk maslahaty I asyrdaky ýaly, Ýehowanyň halkynyň abadançylygy barada çuňňur alada edýär (Res. iş. 15:6, 28). Uly muşakgat edil gara bulut kimin golaýlaşýar, şol sebäpli Patyşalygyň her bir wagyzçysyna Ýehowa bilen ýakyn gatnaşykda bolmak örän wajyp. Öňler kitap öwrenilýän duşuşyga sarp edilen wagty nädip ulanmaly? Bu wagty ähli maşgala agzalary bilen bile Hudaýa sežde etmek üçin ulanmaly. Şonda biz Hudaýyň ylhamly Sözüni has çuň öwrenip, ondan ýaşaýyş berýän suwy alyp bileris (Zeb. 1:1—3; Rim. 11:33, 34).
2. Maşgalamyz bilen Hudaýa sežde etmäge berlen agşamy nädip ulanmaly?
2 Maşgala bilen Hudaýa sežde edilýän agşam. Maşgalabaşynyň Ýehowanyň öňünde wajyp borjy bar, ol maşgalasy bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny yzygiderli geçirmeli (Kanun. 6:6, 7). Durmuş gurmadyk mesihçiler bu wagty Mukaddes Ýazgylaryň şahsy okuwyny çuňňur öwrenmek üçin sarp ederler. Biziň ählimize Mukaddes Ýazgylary okap, öwrenen zatlarymyz barada oýlanmak üçin «pursatdan peýdalanmak» wajyp. Şeýdip, biz «günleriň ýamandygyna» garamazdan, ruhy taýdan berk bolup bileris (Efes. 5:15, 16).
3, 4. Öwrenmek üçin nähili materialy saýlamak maslahat berilýär we nämäni göz öňünde tutmaly?
3 Näme öwrenmeli. Eger Garawul diňiniň «Görkezijisini» ýa-da «Elektron kitaphanasyny» ulansak, Mukaddes Ýazgylary öwrenmek örän gyzykly bolar. Maşgala agzalary «Garawul diňindäki» «Maşgala bagtynyň syrlary», «Çagalaryňyza tälim beriň» we «Biziň ýaş okyjylarymyz» ýaly bölümlerdäki makalalary öwrenip biler. Şeýle-de olar «Oýanyň!» žurnalynda «Ýaşlaryň sowallary» we täsin ýaradylyş baradaky gyzykly makalalary ulanyp bilerler.
4 Mukaddes Ýazgylary howlukman okasak, Hudaýyň prinsipleri we sapaklary ähli maşgala agzalarynyň aňyna hem-de ýüregine güýçli täsir edip biler (Ýew. 4:12). Käte guramamyzyň çykaran bir filmine seredip, ony ara alyp maslahatlaşyp bileris. Maşgala agzalarynyň zerurlyklaryny göz öňünde tutup, öwrenmek üçin dürli tärleri we temalary ulansak gowy bolmazmy?
5. Mukaddes Ýazgylaryň şahsy we maşgala okuwyny näme üçin esasanam häzir geçirmek wajyp?
5 Näme üçin bu häzir wajyp. Ruhy taýdan berk bolsak, «berk durup, Taňrynyň (Ýehowanyň)... gutulyşyny görmäge» taýyn bolarys (Çyk. 14:13, MKS). Biz «egri hem azgyn nesliň ortasynda» ýaşaýarys, şol sebäpli ata-eneler çagalaryny terbiýelemek üçin Hudaýyň görkezmesini agtarmaly (Flp. 2:14). Çagalara bolsa mekdepdäki ahlak taýdan ýaramaz täsire hötde gelmäge kömek etmeli (Sül. tym. 22:3, 6). Är-aýal hem Ýehowa bilen «üç örümli ýüp» kimin nikasyny berkitmeli (Wag. 4:12). Geliň, galan wagty paýhasly ulanyp, «iň mukaddes imanymyzy» berkideliň! (Ýahuda 20).