Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w11 15/5 sah. 11—15
  • Mesihçi maşgalalar, «taýýar boluň»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Mesihçi maşgalalar, «taýýar boluň»
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Gözüň «sag bolsun»
  • Ruhy maksatlar goý
  • Maşgala okuwyny geçiriň
  • «Oýa boluň» we «taýýar boluň»
  • Maşgalalar üçin berlen sowgat
    Hudaýa gullugymyz — 2011
  • Siz maşgala okuwyny gyzykly geçirip bilermisiňiz?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Ýaradyjyny şöhratlandyrýan maksatlary goýuň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2004
  • Ruhy maksatlaryňa nädip ýetmeli?
    Hudaýa gullugymyz — 2006
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
w11 15/5 sah. 11—15

Mesihçi maşgalalar, «taýýar boluň»

«Siz hem taýýar boluň. Çünki Ynsan Ogly oslamaýan sagadyňyzda geler» (LUKA 12:40).

1, 2. Biz näme üçin Isanyň «taýýar boluň» diýen duýduryşyna çynlakaý garamaly?

«YNSAN Ogly öz şöhraty içinde... gelip... olary (adamlary) biri-birinden saýlanda» saňa we maşgalaňa näme bolar? (Mat. 25:31, 32). Munuň oslamaýan sagadymyzda boljakdygy üçin, Isanyň «taýýar boluň» diýen duýduryşa çynlakaý garamak wajyp! (Luka 12:40).

2 Geçen makaladan maşgalanyň ruhy taýdan oýa bolmagy üçin, onuň her bir agzasy öz borçlaryny nädip ýerine ýetirmelidigini bildik. Geliň, maşgalamyzyň ruhy taýdan berk bolmagyna ýene-de nämäniň kömek edýändigine seredeliň.

Gözüň «sag bolsun»

3, 4. a) Mesihçi maşgalalar nämeden gaça durmaly? b) Gözümiziň «sag bolmagy» näme aňladýar?

3 Maşgalalar Isanyň gelmegine taýýar bolar ýaly, hakyky seždä degişli zatlardan ünsüni sowmaly däl. Olar taýýar bolmaga päsgel berýän zatlardan gaça durmaly. Köp maşgalalar baýlygyň duzagyna düşeni üçin, Isanyň gözümiziň «sag bolmagy»a barada näme diýenine seredeliň (Matta 6:22, 23-nji aýatlary okaň). Çyranyň ýolumyza ýagtylyk berýändigi sebäpli, biz büdremän ýöreýäris, şonuň ýaly göçme manyda «ýüregimiziň gözleri» bizi aýdyňlandyryp, günä etmez ýaly kömek edýär (Efes. 1:19).

4 Ýüregimiziň gözleriniň sag bolmagy näme aňladýar? Göçme manydaky sag göz belli bir maksada gönükdirilýär. Biz baýlyga kowalaşmagyň we diňe bir maşgalanyň maddy zerurlyklary barada alada etmegiň deregine, gözümizi ruhy zatlara dikmeli (Mat. 6:33). Biz Hudaýyň berýän zatlaryndan lezzet alýarys we durmuşymyzda Hudaýa gulluk etmegi birinji orunda goýýarys (Ýew. 13:5).

5. Bir ýetginjek gyz bar ünsüni Hudaýa gulluk etmäge berendigini nädip görkezdi?

5 Çagalara gözi «sag bolar» ýaly terbiýe berilse, nähili gowy netijeler berýär! Efiopiýada ýaşaýan ýetginjek gyzyň mysalyna seredeliň. Ol orta mekdebi gowy tamamlany üçin, oňa ýokary bilim almagy teklip etdiler. Emma ol bar ünsüni Ýehowa gulluk etmäge beresi gelýärdi. Şonuň üçin ol bu teklibi kabul etmedi. Soňra oňa aýda dört müň iki ýüz dollar tölenýän iş hödür etdiler. Onuň ýaşaýan ýurdunda bu ortaça tölenýän aýlykdan örän köpdi. Ýöne bu gyz bar ünsüni pioner bolup gulluk etmäge beripdi. Oňa bu işe razy bolmaz ýaly ata-enesi bilen maslahatlaşmak gerek däldi. Gyzynyň işe razy bolmandygyny bilende, ata-enesine nähili täsir etdi? Olar begendiler we oňa guwanýandygyny aýtdylar!

6, 7. Biz nämeden «habardar bolmaly»?

6 Matta 6:22, 23-nji aýatlarda Isa açgözlük hakynda duýdurýar. «Şikesli göz» erbet, görip, ýagny açgöz diýmegi aňladýar (Mat. 6:23; çykgyt). Isa açgözlüge nähili garaýardy? Mukaddes Ýazgylarda: «Zyna, her hili hapalyk ýa açgözlügiň araňyzda ady-da agzalmasyn» diýilýär (Efes. 5:3).

7 Açgözlügi birinde görmek aňsat, özüňde bolsa, saýgaryp bolmaýar. Şol sebäpli, biz Isanyň: «Habardar boluň! Özüňizi her hili betnesbislikden goraň» diýen maslahatyna üns bersek, paýhasly bolar (Luka 12:15). Şonuň üçin biz ýüregimizi barlap görmeli. Mesihçi maşgalalar göwün açmalara, dynç almaga we zat satyn almaga näçe wagt we pul sarp edýändigi hakynda çynlakaý oýlanmaly.

8. Bir zady satyn alanymyzda, nädip «habardar» bolup bileris?

8 Bir zat satyn almazdan öň, pulum ýeter ýa-da ýetmezmikä diýip, oýlanmak ýeterlikli däl. Biz özümize şeýle soraglary bermeli: «Şol zady yzygider ulanmaga we bejermäge wagtym bolarmy? Onuň nähili işleýänini gowy öwrener ýaly, näçe wagt gerek bolar?» Siz, ýaşlar, ady belli gymmat firmalaryň eginbaşy ýa-da başga harytlary ýokary hilli diýilýän reklamalardaky ähli sözlere ynanmaň. Özüňize erk etmegi öwreniň. Şeýle-de, siz oýlanyp görüň, şol zady satyn alyp, maşgalaňyza Ynsan Oglunyň gelmegine taýýar bolmaga kömek edip bilersiňizmi? Ýehowanyň: «Seni hergiz terk etmerin, Seni hergiz taşlamaryn» diýen sözlerine ynanyň (Ýew. 13:5).

Ruhy maksatlar goý

9. Maşgalada nähili ruhy maksatlar goýup bolýar?

9 Şeýle-de maşgala agzalary ruhy maksatlar goýup, olara ýetip, biri-biriniň imanyny berkidýär we bütin maşgalasyny ruhy taýdan goldaýar. Maksatlar goýsak, maşgala agzalaryna nädip Ýehowa has gowy gulluk etmäge we haýsy işleri wajyp saýmalydygyny bilmäge kömek eder (Filipililer 1:10, 11-nji aýatlary okaň).

10, 11. Sen maşgalaň bilen nähili ruhy maksatlary goýduň we ýene-de nähili maksatlary goýmakçy?

10 Hatda kiçi maksatlar goýulsa-da, maşgalanyň her bir agzasyna peýdaly bolýar. Meselem, her günki aýady okamagy maksat ediniň. Maşgalabaşy maşgala agzalarynyň aýat hakynda aýdýan pikirlerinden, olaryň Ýehowa we hakykata bolan söýgüsini biler. Maşgala bilen Mukaddes Ýazgylary yzygiderli okamagy maksat edinsek, bu çagalara labyzly okamagy öwrenmäge we Mukaddes Ýazgylary düşünmäge gowy mümkinçilik berýär (Zeb. 1:1, 2). Manyly doga etmegi maksat edinsek, gowy bolmazmy? Şeýle-de ajaýyp maksatlaryň biri mukaddes ruhuň miwesini ösdürmek (Gal. 5:22, 23). Wagyzda adamlara duýgudaşlyk bildirmegi öwrensek, nähili bolar? Çagalaryňyza hem duýgudaşlyk bildirmegi öwrediň, şonda olar pioner we missioner bolup gulluk etmek islär.

11 Sen maşgalaň bilen nähili maksatlary goýup biljekdigiň hakynda maslahatlaşsaň gowy bolmazmy? Maşgalaňyz köpräk wagyz etmegi maksat edinip bilermi? Belki, siz öýden-öýe ýa-da başga usul bilen wagyz etmäge gorkýan bolsaňyz, ony ýeňmegi öwrenmelisiňiz? Wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde wagyz etmegi nähili görýärsiňiz? Belki-de, başga dilde gepleýän adamlara wagyz etmek üçin, maşgalaňyzdan biri dil öwrener?

12. Maşgalabaşy maşgalasynyň ruhy taýdan ösmegine nädip kömek edip biler?

12 Maşgalabaşy maşgalasynyň ruhy taýdan nämede ösmelidigini bilmeli. Soňra maksatlar goýup, olara ýetmeli. Maşgalanyň ýagdaýyny we ukybyny göz öňünde tutup, ýetip bolýan maksatlary goýmaly (Sül. tym. 13:12). Elbetde, käbir maksatlara ýetmek üçin wagt gerek bolýar. Şol sebäpli, pursatdan peýdalanyp, telewizory seretmegiň deregine, wagtyňy ruhy maksatlara ýetmek üçin sarp et (Efes. 5:15, 16). Maşgalaňyz bilen ruhy maksatlara ýetmek üçin güýjüňizi gaýgyrmaň (Gal. 6:9). Ruhy maksatlara ýetýän maşgalanyň «ilerleýşini hemmeler görer» (1 Tim. 4:15).

Maşgala okuwyny geçiriň

13. Her hepde geçirilýän ýygnak duşuşyklarynyň tertibinde näme üýtgedi we biz haýsy soraglaryň üstünde oýlanmaly?

13 Maşgalalara Ynsan Oglunyň gelmegine «taýýar bolmaga» kömek etmek üçin 2009-njy ýylyň ýanwar aýynyň 1-inden başlap her hepde geçirilýän ýygnak duşuşyklarynyň tertibi üýtgedildi. Kitap öwrenilýän duşuşyk aýratyn bir gün geçirilmän, Teokratik gulluk mekdebi we Gulluk duşuşygy bilen bile geçirilýär. Bu mesihçi maşgalalara ruhy taýdan berkäp, her hepde bir agşam maşgala okuwyny geçirmäge mümkinçilik berýär. Ýygnak duşuşyklarynyň tertibiniň üýtgänine birnäçe wagt boldy, şol sebäpli özüňize şeýle soraglar beriň: «Men bu wagty maşgala ýa-da şahsy okuwyny geçirmek üçin sarp edýärinmi? Bu üýtgeşiklik maňa peýdaly boldumy?»

14. a) Maşgala ýa-da şahsy okuwynyň esasy maksady näme? b) Näme üçin hepdede bir agşam maşgala okuwyny geçirmeli?

14 Maşgala ýa-da şahsy okuwynyň esasy maksady — Hudaýa ýakynlaşmak (Ýakup 4:8). Biz Mukaddes Ýazgylary yzygider öwrenmek üçin wagt bellesek, Ýaradyjymyz barada bilimimiz artýar we onuň bilen gatnaşygymyz berkeýär. Biz Ýehowa ýakynlaşdygymyzça, ony bütin ýüregimiz, bütin janymyz, bütin düşünjämiz, bütin güýjümiz bilen güýçli söýeris (Mar. 12:30). Biz Hudaýa höwes bilen gulak asyp, onuň göreldesine eýerýäris (Efes. 5:1). Maşgala okuwyny yzygiderli geçmek, esasanam, maşgalanyň ähli agzalaryna ruhy taýdan «taýýar bolmaga» we «uly muşakgata» garaşmaga ýardam edýär (Mat. 24:21). Bu halas bolmak üçin wajyp.

15. Maşgala okuwy maşgala agzalarynyň biri-birine bolan söýgüsine nähili täsir edýär?

15 Şeýle-de maşgala okuwy maşgala agzalaryna biri-biri bilen ýakynlaşmaga kömek edýär. Her hepde maşgala agzalary bile ruhy temalar barada gürüňdeşlik edip, biri-birine ysnyşýar. Är-aýal bile Mukaddes Ýazgylardan gyzyldan-gymmatly bilim alýanyna begenip, has agzybir bolýar! (Wagyzçy 4:12-ni okaň)b. Ata-eneler çagalary bilen bile maşgala okuwyny geçip, «kämil birligiň bagy bolan söýgini geýýärler» (Kol. 3:14).

16. Üç uýanyň hepdede bir agşam Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmegi nähili peýdaly bolandygyny gürrüň beriň.

16 Ýygnak duşuşyklarynyň tertibiniň üýtgemeginden peýdalanyp, hepdede bir agşam Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýän üç uýanyň mysalyna seredeliň. Bu gartaşan dul uýalar garyndaş bolmasa-da, bir şäherde ýaşaýarlar we ençeme ýyl ýakyn jora. Olar diňe biri-biri bilen gürrüňdeşlik etmek üçin däl, eýsem, ruhlanar ýaly, duşuşmagy gowy görýär. Şol sebäpli, olar hepdäniň bir agşamy Mukaddes Ýazgylary bile öwrenmegi gepleşip, «Hudaýyň Patyşalygyny wagyz edýäris» atly kitaby okap başladylar. Uýalaryň biri şeýle diýýär: «Biz adatça, Mukaddes Ýazgylar okuwy bir sagatdan uzaga çekse-de, lezzet alýarys. Biz I asyrdaky dogan-uýalary göz öňüne getirip, şolaryň ýagdaýyna düşsek, näme ederdik diýip, pikir alyşýarys. Soňra öwrenen zatlarymyzy wagyzda ulanjak bolýarys. Şonuň üçin biz öňküden-de has ökdelik bilen wagyz edip we şägirt taýýarlap, begenýäris». Mukaddes Ýazgylar okuwy uýalary diňe bir ruhy taýdan däl, eýsem, olaryň dostlugyny hem berkitdi. Uýalar: «Bu üýtgeşiklik üçin biz örän minnetdar» diýýär.

17. Maşgala okuwy gowy geçer ýaly, näme kömek eder?

17 Sen barada näme diýse bolar? Hepde-de bir agşam maşgala ýa-da şahsy okuwyny geçirmegiň, saňa peýdaly bolýarmy? Eger okuw yzygider geçirilmese, gowy netije bermeýär. Maşgalanyň her bir agzasy maşgala okuwyna bellenen wagtda taýýar bolmaly. Ony geçirmäge wajyp bolmadyk işler päsgel bermeli däl. Şeýle-de maşgala okuwynda geçilýän materialy maşgala agzalary durmuşynda ulanar ýaly saýlamaly. Maşgala okuwy ýakymly geçer ýaly näme edip bilersiň? Maşgala agzalaryna hormat goýup, olar özüni arkaýyn duýar ýaly, peýdaly usullary ulanyp öwret (Ýakup 3:18)c.

«Oýa boluň» we «taýýar boluň»

18, 19. Ynsan Oglunyň tizden gelýändigini bilmegiň, saňa we maşgalaňa nähili täsir etmeli?

18 1914-nji ýyldan başlap dünýäniň ýagdaýynyň gitdigiçe erbetleşmegi, Şeýtanyň zalym dünýäsiniň soňky günlerinde ýaşaýandygymyzy görkezýär. Armageddon gara bulut kimin golaýlaşýar. Tizden Ynsan Ogly gelip, hudaýsyz adamlary höküm eder (Zeb. 37:10; Sül. tym. 2:21, 22). Muny bilýändigiň, saňa we maşgalaňa täsir etmeli dälmi?

19 Sen Isanyň «gözüň sag bolsun» diýen duýduryşyna üns berýärmiň? Bu dünýäniň adamlary baýlyga, at-abraýa kowalaşýan wagty, maşgalaň ruhy maksatlary goýýarmy? Maşgala ýa-da şahsy okuwyny geçirmäge tagalla edýärmiň? Şeýle okuw siziň maşgalaňyza Ýehowa ýakynlaşmaga we bir-biriňiz bilen ysnyşmaga kömek etdimi? Geçen makaladan bilşimiz ýaly, sen är, aýal ýa-da çaga hökmünde Ýazgylara esaslanan borçlaryňy ýerine ýetirip, bütin maşgalaň «oýa bolmagyna» ýardam edýärmiň? (1 Sel. 5:6). Şeýtseň, Ynsan Oglunyň gelmegine «taýýar bolarsyň».

a Injilde «gözüň sag bolsa» diýen jümle «Mukaddes Ýazgylaryň Täze dünýä terjimesinde» «gözüň sada bolsa» diýip terjime edilýär.

b Wagyzçy 4:12. Eger bir adam ony ýeňjek bolsa, iki bolup oňa hötde gelerler. Üç örümli ýüp hem çalt üzülmez.

c Maşgala okuwyny peýdaly we ýakymly geçirmek barada 2009-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda çykan «Garawul diňi» (sah. 29—31, rus.) žurnalyna we 2011-nji ýylyň ýanwar aýynda çykan «Hudaýa gullugymyza» serediň.

Siz näme öwrendiňiz?

«Gözi sag bolsa»,

ruhy maksatlar goýup, olara ýetse,

maşgala okuwyny geçirse,

• mesihçi maşgalalar nädip «taýýar» bolup biler?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş