Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 6/06 sah. 4
  • Ruhy maksatlaryňa nädip ýetmeli?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ruhy maksatlaryňa nädip ýetmeli?
  • Hudaýa gullugymyz — 2006
  • Meňzeş maglumat
  • Ýaradyjyny şöhratlandyrýan maksatlary goýuň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2004
  • Ýaşlar, ömrüňizi nämä bagyş edersiňiz?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • 12. Maksat goýmak
    Oýanyň! — 2018
  • Maksatlaryňa ýetmek üçin näme etmeli?
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, I tom
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2006
km 6/06 sah. 4

Ruhy maksatlaryňa nädip ýetmeli?

1. Ýaş mesihçileriň köpüsinde nähili ruhy maksatlar bar?

1 Sen, ýaş Mesihçi hökmünde durmuşyňda maksatlar goýýansyň. Bu seniň Ýehowa bolan söýgiňi we Isanyň «öňürti Hudaýyň Patyşalygyny... agtaryň» diýen sözlerine çynlakaý garaýandygyňy görkezýär (Mat. 6:33). Belki, seniň maksadyň pioner bolup ýa-da wagyzçylaryň ýetmezçilik edýän ýerine gidip, köpräk gulluk etmekdir. Mümkin, sen Patyşalyk zallarynyň gurluşygyna gatnaşmak, Beýtelde gulluk etmek ýa-da missioner bolmak islegiň bardyr. Bu öwgä mynasyp we degerli maksat!

2. Ruhy maksatlaryňa ýetmäge näme kömek edip biler?

2 Ilki bilen, ruhy maksatlaryňy kagyza ýazsaň, gowy bolardy. 2004-nji ýylyň Gorkut (iýul) aýynyň 15-ne çykan sanyndaky «Garawul diňi» žurnalynda şeýle diýilýär: «Haçan-da howaýy pikirlerimizi sözlerimiz bilen aýtsak, olar has düşnükli bolar. Şonuň üçin [siz] öz maksatlaryňyzy we olara ýetmegiň ýollaryny kagyza ýazyp bilersiňiz».

3. Suwda çokundyrylmaga haýsy maksatlar kömek edýär?

3 Gysga möhletli maksatlar. Eger sen entek suwda çokundyrylmadyk bolsaň, şol maksadyňa ýetmek üçin näme etmelidigi barada oýlan. Belki, sen Mukaddes Ýazgylaryň esasy taglymatlaryny gowy öwrenmelisiň. Eger şeýle bolsa, «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär» atly kitapda getirilýän aýatlary açyp oka-da, bu kitaby dykgatly öwrenmegi maksat edin (1 Tim. 4:15). Beýtelde gulluk edýänlerden we Galaadyň okuwçylaryndan talap edilişi ýaly, Mukaddes Ýazgylary başdan-aýak okap çykmaklygy hem öz öňüňde maksat goý. Soňra Mukaddes Ýazgylary günde okamaklygy yzygiderli dowam et (Zeb. 1:2, 3). Bu seniň ruhy taýdan ösmegiňe gör, nähili kömek eder! Her gezek Mukaddes Ýazgylary okap, öwreneniňde, başynda hem soňunda ýürekden doga et we öwrenen zatlaryňy hemişe berjaý etmäge çalyş (Ýakup 1:25).

4. Mesihçi Beýtelde ýa-da missioner bolup gulluk etmek üçin, haýsy gysga möhletli maksatlary goýup biler?

4 Eger sen suwda çokundyrylan bolsaň, onda nähili maksat goýup bilersiň? Ökdelik bilen wagyz etmegi öwrenesiň gelýärmi? Meselem, sen Hudaýyň Sözüni wagyzda has ökdelik bilen ulanmagy maksat edinip bilersiň (2 Tim. 2:15). Wagyz gullugyň möçberini nädip artdyryp bilersiň? Seniň ýaşyňa we ýagdaýyňa görä, gysga möhletli maksatlar, esasy maksadyňa ýetmäge kömek eder.

5. Bir doganyň Beýtelde gulluk etmek maksadyna ýetmäge, gysga möhletli maksatlar nädip kömek etdi?

5 Waka. 19 ýaşly Toni Ýehowanyň Güwäçileriniň filialyna baranda, pikirinde Beýtelde gulluk etmek islegi döräpdi. Emma onuň durmuşy durnuksyzdy we heniz Hudaýa-da özüni bagyş etmändi. Toni Ýehowanyň isleýşi ýaly ýaşamak isledi we çokundyrylmagy maksat goýdy. Çokundyrylandan soň, ol başga maksat goýdy we kömekçi pioner, soňra pioner bolup gulluga başlajak wagtyny kalendarda belledi. Birnäçe wagt pioner bolup gulluk edenden soň, Beýtelde gulluk etmäge çakylyk alanda, Toni gör, nähili begenendir!

6. Ruhy maksatlaryňa ýetmäge näme kömek eder?

6 Senem öňürti Patyşalygy agtarsaň, ruhy maksatlaryňa ýetip bilersiň. «Işleriňi» dogada öňürti Ýehowa tabşyr we oňa ýetmek üçin yhlasly ýapyş (Sül. tym. 16:3; 21:5).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş