Gulluk duşuşygynyň tertibi
13-nji oktýabrdan başlanýan hepde
8-nji aýdym
10 min. Ýerli bildiriş. 8-nji sahypadaky wagyz üçin teklipleri gysgaça ara alyp maslahatlaş ham-de wagyzçylardan gullukda bolan wakalary gürrüň bermegi haýyş et.
35 min. «Ýygnak duşuşyklarynyň täze meýilnamasy»a Wagt bolsa, diňleýjilerden makalada getirilen käbir aýatlary okap, olary düşündirmegi haýyş et.
23-nji aýdym
20-nji oktýabrdan başlanýan hepde
12-nji aýdym
5 min. Ýerli bildiriş. «Hudaýa gullugymyzdan» bildirişler.
20 min. Gullukda şatlygyňy ýitirme. 2005-nji ýylyň 1-nji iýulynda çykan «Garawul diňi» žurnalynyň 24, 25-nji sahypalaryndaky 11—17-nji abzaslara esaslanan ruhlandyryjy nutk. Ençeme ýyldan bäri Ýehowa wepaly gulluk edýän bir-iki wagyzçydan interwýu al. Adamlaryň biperwaýdygyna garamazdan, şatlygyny ýitirmezlige olara näme kömek edýär?
20 min. Noýabr aýynda hoş habary wagyz etmäge taýýarlanyň. Diňleýjilerden ýaşaýan ýeriňizdäki adamlary haýsy temalaryň we näme üçin gyzyklandyrýandygyny sora. Mukaddes Ýazgylardaky haýsy aýatlaryň we nähili soraglaryň kömegi bilen gürrüňe başlap bolýar? Soňra 8-nji sahypadaky ýa-da ýaşaýan ýeriňize gabat gelýän başga hödürleri nädip ulanyp bolýandygyny görkez.
22-nji aýdym
27-nji oktýabrdan başlanýan hepde
5-nji aýdym
5 min. Ýerli bildiriş.
10 min. Ýerli zerurlyklar.
30 min. «Näme üçin Mukaddes Ýazgylaryň şahsy we maşgala okuwyny geçirmek wajyp»b Wagt bolsa, diňleýjilerden makalada getirilen käbir aýatlary okap, olary düşündirmegi haýyş et.
21-nji aýdym
3-nji noýabrdan başlanýan hepde
18-nji aýdym
10 min. Ýerli bildiriş. Wagyzçylara oktýabr aýy boýunça wagyz hasabatyny tabşyrmagy ýatlat.
20 min. 2009-njy ýylyň Teokratik gulluk mekdebi. Mekdebiň gözegçisi «Teokratik gulluk mekdebiniň 2009-njy ýyl üçin meýilnamasyndaky» görkezme esasynda diňleýjiler bilen söhbetdeşlik geçirer. Ondaky üýtgeşiklige üns ber. Hemmeleri berlen ýumuşlary gowy ýerine ýetirmäge, Mukaddes Ýazgylardan peýdaly pikirlere jogap taýýarlamaga we Mekdebiň gözegçisiniň «Gulluk mekdebi» kitabyna esaslanan maslahatyny yhlasly ulanmaga höweslendir.
15 min. «Öwretmek ukybyňyzy kämilleşdiriň». Wagyz gözegçisi ýa-da başga bir ukyply ýaşuly 2008-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda çykan «Garawul diňi» žurnalynyň 9—12-nji sahypalaryndaky 5—18-nji abzaslara esaslanan şägirt taýýarlamagyň bäş esasy usullaryny agzap, olara gysgaça seredip geçer. Bir-iki wagyzçy şu usullary ulanyp, mugallymçylyk tärlerini kämilleşdirendigi barada gürrüň bersin.
9-njy aýdym
[Çykgytlar]
a Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýdyp, sorag-jogap görnüşinde geçir.
b Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýdyp, sorag-jogap görnüşinde geçir.