«Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň»
1. «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň» atly kitap näme maksat bilen çap edildi?
1 Biz 8-nji martdan başlanýan hepde-de, Mukaddes Ýazgylary öwrenmek duşuşygynda «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň» atly täze kitaby öwrenmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýarys! Bu kitapda Ýolbaşçylyk maslahaty hatynyň soňunda ähli Ýehowany söýýän gullukçylara şeýle diýýär: «Biz bu kitap saňa mundan beýläk-de, hakykata görä ýaşap, Hudaýyň söýgüsinde galmaga kömek eder diýip umyt edýäris. Bu seni ebedi ýaşaýşa elter (Ýahuda 21)».
2. Bu täze kitap bize näme üçin peýdaly bolar?
2 Nämä serediler. Maşgala, dost we göwün açma saýlamak, gepleýiş, endikler, däp-dessurlar hem-de häkimiýete hormat goýmak babatda Mukaddes Ýazgylaryň haýsy prinsiplerine eýerip bolýar? Biz ynsabymyzy Hudaýyň Sözüniň ýokary ahlak kadalaryna görä terbiýeläp bilýäris (Zeb. 19:7, 8). Biz Ýehowanyň pikirine gowy düşünende, ony razy etmek üçin durmuşda ähli zatda Hudaýa gulak asmak isläris (Sül. tym. 27:11; 1 Ýahýa 5:3).
3. Näme üçin biz her hepde kitaby öwrenende, soraglara jogap berer ýaly tagalla etmeli?
3 Soraglara jogap ber. Ýygnak duşuşygyna taýýarlananyňda Hudaýy şöhratlandyrmagy maksat edin (Ýew. 13:15). Bu täze kitaby biz ýygnakda öwreneris. Her hepdede berilýän kiçi material, öwrenen zatlarymyz hakynda ýygnakda jogap berer ýaly gowy taýýarlanmaga mümkinçilik döreder. Biziň oýlanyp berýän gysgaça jogaplarymyz dogan-uýalary söýgä, oňat işlere höweslendirer we geçilýän material hakynda gyzykly hem-de manyly pikir alyşmaga ýardam eder (Ýew. 10:24). Şeýle-de biz imanymyzy bildirip, uly şatlyk taparys.
4. Ýehowanyň buýruklaryny berjaý etmek näme üçin wajyp?
4 Isa ýer ýüzünde ölmezinden öň soňky gije diňe Ýehowanyň buýruklaryny berjaý edip, Hudaýyň söýgüsinde galyp bolýandygyny aýtdy (Ýahýa 15:10). «Hudaýyň söýgüsi» atly kitap bize her gün Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine eýermegi we «özümizi Hudaýyň söýgüsinde» saklamagy berk ýüregimize düwmäge kömek eder (Ýahuda 21).