Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 12/09 sah. 3—4
  • Men näme edip bilerin?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Men näme edip bilerin?
  • Hudaýa gullugymyz — 2009
Hudaýa gullugymyz — 2009
km 12/09 sah. 3—4

Men näme edip bilerin?

1 Men näme edip bilerin? 1870-nji ýyllarda Çarlz Teýz Rasselliň döreden toparynyň agzalary özlerine şeýle soragy berdi. Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamlar Hudaýyň islegini näçe köp bildigiçe, şonça-da ony adamlara nädip ýetirmelidigi hakynda oýlanýardy. Olaryň Mukaddes Ýazgylardan alan bilimini ähli ýerde yglan etmegi uly işdi.

2 Olar bu işi üstünlikli ýerine ýetirdiler. Nädip? Her kim ähmiýetsiz ýaly bolup görünýän borjuny ýerine ýetirdi. Şu günler Ýehowanyň Güwäçileri bütin dünýäde belli gurama! Ýedi milliondan gowrak Ýehowanyň Güwäçileri 236 ýurtlaryň we ýerleriň 100 müňden gowrak ýygnaklarynda gulluk edýär (Iş. 60:22).

3 Eliňde baryny et. Isanyň pygamberlik eden işine şu soňky günlerde biziň her birimiziň gatnaşmagymyz örän wajyp (Mar. 13:10). Wagyz işini az sanly ýaşulularyň we pionerleriň üstüne ýükläp bolmaýar. Bu wajyp ýumuş her bir mesihçä ynanyldy. Biziň ählimiz wagyz işine goşant goşup bilýäris (1 Tim. 1:12). Biz näçe wagyz etsekde, hem özümize, hem başgalara peýda getirýäris (1 Tim. 4:16).

4 Biziň her birimiz dürli ýol bilen dogan-uýalary goldap bilýäris. Biz ýygnak duşuşyklaryna yzygiderli gatnaşyp, yhlasly jogap berip doganlary goldaýarys (Zeb. 122:1, 8, 9). Ýygnak ahlak taýdan arassa bolar ýaly, elimizden gelenini edip bilýäris. Ählimiziň ýagdaýymyza görä, wagyz işini maddy taýdan goldamaga mümkinçiligimiz bar. Şeýle-de biz ýygnak duşuşygy geçirilýän ýerleri arassalap bilýäris. Her bir mesihçi täze gelen adamlara, ýaşlara we gartaşanlara kömek etse, dogan-uýalaryň söýgüsi hem agzybirligi berkär (Kol. 3:12, 14).

5 Diýmek, sen özüňe şeýle sorag berýänsiň: «Men näme edip bilerin?». Seniň edýän işiň ujypsyz ýaly bolup görünse-de, öz borjuňy ýerine ýetirseň, ýygnakdaky dogan-uýalaryň ruhy taýdan berk we yhlasly bolmagyna ýardam edersiň. Şeýdip, biziň ählimiz Ýehowanyň adyny şöhratlandyrarys!

(Soňy 4-nji sahypada)

(öňi 3-nji sahypada)

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş