Teokratik gulluk mekdebinde geçilenleri gaýtalamak
2009-njy ýylyň dekabr aýynyň 28-inden başlanýan hepdede Teokratik gulluk mekdebinde şu aşakdaky sowallara serediler.
1. Häzirki mesihçiler Kanun taglymaty 14:1-däki prinsipi nädip ulanýarlar? (w05-U 1.1. s. 28; w04-U 15.9. s. 27, abz. 5).
2. Şu günler mesihçiler ýygnagynda Kanun taglymaty 20:5—7-nji aýatlardaky prinsipi nädip ulanyp bolýar? (w04-U 15.9. s. 27, abz. 6).
3. Ysraýyllylar uruş bilen bagly meselede başga halklardan nädip tapawutlanýardy? (Kan. tag. 20:10—15, 19, 20; 21:10—13) (cl-U s. 134, 135, abz. 17).
4. Ýehowa joşgunly ýürek bilen gulluk etmäge näme kömek edýär? (Kan. tag. 28:47) (w95-U 15.1. s. 16, abz. 4, 5).
5. Kanun taglymaty 32:9, 11, 12-nji aýatlarda Ýehowanyň Ysraýyla bolan söýgüsi beýan edilen meňzetmeden ata-eneler nähili sapak edinip biler? (w01-U 1.10. s. 9, abz. 7—9).
6. Çaparlary agtarmak üçin patyşanyň iberen adamlaryny Rahawyň aldandygyna nähili düşünmeli? (Ýeşuw 2:4, 5) (w04-U 1.12. s. 9, abz. 1; w93-U 15.12. s. 25, abz. 1).
7. Ýeşuw 3:15, 16-njy aýatlara görä ysraýyllylar bize nähili görelde galdyrdylar? (w04-U 1.12. s. 9, abz. 6).
8. Ýeşuwyň Ahanyň eden ogurlygyna bolan garaýşyndan nähili sapak edinip bileris? (Ýeşuw 7:20—25) (w04-U 1.12. s. 11, abz. 4).
9. Ýeşuw 9:22, 23-nji aýatlar Hudaýyň Sözüniň ýerine ýetýändigine nädip ynandyrýar? (w04-U 1.12. s. 11, abz. 3; si-U s. 48, abz. 13).
10. Kalebiň mysalyndan näme öwrenip bileris? (Ýeşuw 14:8, 10—12) (w04-U 1.12. s. 12, abz. 2; w93-U 15.5. s. 29, abz. 1).