«Mukaddes Ýazgylar — deliller we pygamberlik kitaby»
«Mukaddes Ýazgylar — deliller we pygamberlik kitaby» diýen DVD-niň ilkinji üç bölüminde «Mukaddes Ýazgylar — adamzadyň iň gadymy döwrebap kitaby» (rusça) diýen filmler bar. Bu filmleri görüp, aşakdaky sowallara jogap beriň.
1) Mukaddes Ýazgylar häzirki ylma nädip gabat gelýär? 2) Mukaddes Ýazgylardaky pikirleriň şu günlere çenli üýtgemändigine nädip ynamly bolup bileris? 3) Mukaddes Ýazgylardaky gadymy wakalaryň şu günler nähili ähmiýeti bar? 4) Džon Uiklif, Iogann Gutenberg, Uilýam Tindal, Ýan Gus, Martin Lýuter, Kasiodoro de Reýna we Çarlz Teýz Rassell Hudaýyň Sözüniň bütin dünýä ýaýramagyna nähili ýardam etdiler, muňa buthanalar nädip güýçli garşylyk görkezdiler? 5) Mukaddes Ýazgylaryň haýsy maslahatlary adamlara keselçilik (Zeb. 34:8), humarly oýunlar (1 Tim. 6:9, 10), maşgalanyň bozulmagy we är-aýal biwepalygy (1 Kor. 13:4, 5; Efes. 5:28—33) hem-de baýlyga kowalaşmak (Mat. 16:26) ýaly kynçylyklary çözmäge kömek edýär? 6) Mukaddes Ýazgylardaky prinsipleriň milletparazlyga, etniki we jynsy dawalara döz gelmäge kömek edýändigi nämeden görünýär? (Luka 10:27). 7) Mukaddes Ýazgylardaky prinsipleri berjaý edýändigiň saňa bagtly bolmaga nädip kömek etdi? 8) Adamlara kömek etmek üçin bu filmi nädip ulanyp bolýar? (Seret km 2/06 s. 8).