28-nji aprelden başlanýan hepdede «Beýik Mugallymdan öwreniň» atly kitaby geçip başlarys
1. Biz Isadan näme öwrenip bileris?
1 Ýehowa ata-enelere çagalarynyň aladasyny etmegi tabşyrdy (Kan. tag. 6:6, 7). Biz 28-nji aprelden başlanýan hepdede Mukaddes Ýazgylary öwrenmek duşuşygynda 49 hepdäniň dowamynda «Beýik Mugallymdan öwreniň» atly kitabyny öwreneris. Bu kitapda Isanyň taglymatlaryna esaslanan ajaýyp sapaklar berilýär. Biz olardan ýagşylyk etmegi, minnetdar bolmagy, başgalara hyzmat etmegi, jomart bolmagy, dogan-uýalary söýmegi, başga milletiň ýa-da tiräniň adamlary hakda ters pikirde bolmazlygy öwreneris. Şeýle-de kitapda ata-eneler we çagalar durmuşynda Isanyň öwreden zatlaryna eýerip biler ýaly owadan suratlar bar.
2. «Beýik Mugallymdan öwreniň» atly kitap nädip geçiler?
2 Kitaby nädip geçmeli? «Hudaýa gullugymyzyň» 2014-nji ýylyň mart aýynda çykan sanynyň içki sahypasynda «Beýik Mugallymdan öwreniň» atly kitabyny öwrenmek üçin görkezme berildi. Başda duşuşygy alyp barýan dogan birki sözlemden ybarat gysgaça giriş sözlerini aýdar. Soňra ähli abzaslar bilelikde okalar. Dogan abzaslarda we babyň soňuňda getirelen käbir aýatlary saýlap, olar barada pikir alşar. Soňra gaýtalamak üçin bir ýa-da iki sorag berip biler. Eger wagt galsa, dogan suratlar barada pikir alşar we diňleýjileriň pikirini bilmek üçin goşmaça soraglary berer.
3. Biz bu kitapdan doly peýdalanar ýaly näme etmeli we näme üçin?
3 Bu kitapdan doly peýdalanyň. Sen bu kitaby öň öwrenen bolsaň-da, şonda-da öňünden taýýarlanmaly. Jogap bermäge jan etseň, Ýehowany şöhratlandyrarsyň we aýdýan zatlaryň gowy ýadyňda galar hem-de başgalara-da peýdaly bolar (Zeb. 35:18; Ýew. 10:24, 25). Isanyň taglymatlary barada oýlansaň, Hudaýa ýakynlaşarsyň (Ýahýa 17:3). Şeýdip, sen Hudaýyň tabşyryklaryny berjaý etmegi ýüregiňe düwersiň we Ýehowa hakda yhlas bilen gürrüň berersiň (Zeb. 150:1—6).