Sowally bukja
◼ Wagyzda başga jynsdaky adam bilen gürleşeniňde nämeden seresap bolmaly?
Mesihçi dogan-uýalar ýokary ahlak kadalary boýunça ýaşamaga jan edýärler. Emma biz hapa, bozuk we ahlak kadalary pese gaçan dünýäde ýaşaýarys. Biziň niýetimiz gowy bolsa-da, erbetlikde aýyplanyp, abraýymyza ysnat gelmez ýaly özümizi alyp barşymyza hemişe ünsli bolmaly. Bu biziň wagyz gullugymyza-da degişli.
Köplenç biz wagyzda hakykat bilen ýürekden gyzyklanýan ýaly bolup görünýän başga jynsdaky adamlara duşýarys. Aýdaly, biz ýeke wagyz edýäris. Şonda gapyny başga jynsdaky adam açsa we onuň öýünde başga adam bolmasa, onda biz öýüne girmän gapynyň agzynda gürleşsek gowy bolar. Eger adam gyzyklansa, oňa başga bir wagyzçy bilen öýünde ýeke bolmadyk wagty geljekdigiňizi aýdyp bilersiňiz. Ýa-da gyzyklanan adamyň öý salgysyny onuň bilen bir jynsdaky wagyzça berseňiz paýhasly bolar. Meselem, erkek adam hakykat bilen gyzyklansa, onda ony doganlar idese gowy bolar. Şeýle maslahatlara başga jynsdaky adam bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçireniňde-de eýermeli (Mat. 10:16).
Biz bile wagyz etjek imandaşymyzy ünsli saýlamaly. Elbetde, dürli jynsdaky wagyzçylar (dogan we uýa) käbir sebäplere görä, käte bile wagyz edip bilerler. Emma ýanýoldaşymyz ýa-da ýakyn garyndaşymyz bolmadyk wagyzçy bilen yzygiderli gulluk etmek paýhasly däl. Hatda wagyzda-da ýanýoldaşyň bolmadyk dogan ýa-da uýa bilen adamsyz ýerlerde ikiçäk galmaly däl ýa-da aýlanyp ýörmeli däl. Şol sebäpli wagyz duşuşygyny geçirýän dogan wagyzçylary, hatda ýetginjekleri-de bile wagyz etmäge bellände, paýhasly bolmaly.
Biz hemişe paýhasly bolsak, özümiziň-de, başgalaryň-da «hiç zatda... büdremegine sebäp bolmarys» (2 Kor. 6:3).
Şu meselede biziň ählimiz paýhasly bolmaly. Munuň birnäçe sebäplerine seretdik. Ýöne bu aýlanýan gözegçileriň, şeýle-de beýleki doganlaryň uýalar bilen wagza çykmaly däldigini aňlatmaýar. Şu maslahatyň esasy manysy — dogan ýakyn garyndaşy bolmadyk uýa (başga jynsdaky wagyzçy) bilen yzygiderli wagza çykmaly däl ýa-da gullukda yzygiderli wagt geçirmeli däl.