Çynlakaý üns berilmeli film
«Bu film oýlanmaga mejbur edýär!»
«Bu film meniň ýüregime täsir etdi!»
«Nähili ajaýyp film!»
1 «Ýaşlaryň sowallary. Hakyky dosty nädip tapmaly?» diýen filmi ilki göreniňde, şeýle duýgulary başdan geçirýärsiň. Birnäçe ýyl mundan ozal, bir ýaş doganymyz ýaramaz dostlary saýlandygy sebäpli, durmuşynda agyr döwri başyndan geçirdi. Olar doganymyza şeýle bir täsir etdiler welin, onuň hakykatdan eli sowap, Ýehowa bilen gatnaşyk etmek hem islemedi. Soňra «Hakyky dostlar» diýen film çykdy. Ol şeýle ýazdy: «Men filmi gaýtalap-gaýtalap gördüm, her görenimde gözlerimden boýur-boýur ýaşlar akdy. Ýehowanyň öz wagtynda beren kömegine men gaty minnetdar!» Bu film onuň durmuşyny üýtgedip, gowy dostlary tapmaga kömek etdi. Soňra ol hatynda şeýle diýdi: «Filmden görşüm ýaly, siz ýaşlaryň nämelere uçraýandyklaryna gowy düşünýän ekeniňiz». Ata-eneler we ýaşlar, indiki maşgala okuwynda bu filme ýene bir sapar seredip bilmermisiňiz? Siz oňa seredeniňizde her bölüminden soň filmi saklap, şu aşakdaky soraglary ara alyp erkin ýagdaýda maslahatlaşyp bilersiňiz.
2 Giriş. Hakyky dost nähili bolmaly? (Sül. tym. 18:24).
3 Dostluga päsgel berýän böwet. Seni ret edenlerinde näme edip bilersiň? (Flp. 2:4). Näme üçin öz häsiýetleriňi üýtgetmäge taýyn bolmaly we muny etmäge saňa kim kömek edip biler? Köp dost tutunmaga näme kömek eder we olary nädip tapyp bolar? (2 Kor. 6:13).
4 Hudaý bilen dostluk. Ýehowa bilen nädip ýakyndan dostlaşyp bileris we dostlaşmaga näme üçin jan etmeli? (Zeb. 34:8). Hudaý bilen dostlugymyzy berkitmäge hemmelerden köp kim kömek edip biler?
5 Erbet dostlar. «Ýaman ýaranlar» kimler? (1 Kor. 15:33). Şübheli dostlar ruhy taýdan heläkçilige nädip getirip biler? Mukaddes Ýazgylardaky Dinanyň mysalyndan näme öwrenip bilersiň? (Bar. 34:1, 2, 7, 19).
6 Häzirki döwrüň dramasy. Tara ýekelik nähili täsir etdi? Ol dünýewi deň-duşlary bilen dostlaşanyny näme bilen aklaýardy? Näme üçin ata-enesi onuň ýagdaýynyň howpludygyny duýmadylar, ýöne ruhy taýdan berkemegine nähili garaýyş bilen kömek etdiler? Özüni Taranyň hakyky dostudygyny bir pioner uýa nädip subut etdi? «Akyldarlar bilen gezýän adam akyldar bolar; akylsyzlaryň dosty bolsa zelel çeker» hem-de «Ynsan ýüregi hileli we çüýrük. Kim ony tanap biler?» diýen sözlere mesihçiler näme üçin çynlakaý garamaly? (Sül. tym. 13:20; Ýerem. 17:9). Tara nähili sapak edindi?
7 Jemi. Bu filmden sen näme öwrendiň? Başgalara kömek eder ýaly, sen ony nädip ulanyp bilersiň? (Zeb. 71:17).