«Ýaşlaryň sowallary. Hakyky dostlary nädip tapmaly?»
Ýehowa adamlary dost bolup, biri-birine täsir eder ýaly ýaratdy (Sül. tym. 17:17; 18:1, 24). Dostluk iki taraplaýyn peýdaly bolar ýaly, dostlary ünsli saýlamaly (Sül. tym. 13:20). «Ýaşlaryň sowallary. Hakyky dostlary nädip tapmaly?» diýen filmi görenden soň, şu aşakdaky soraglara jogap berip bilersiňizmi?
Giriş sözler.
1. Kime hakyky dost diýse bolýar?
Dostluga böwet bolýan zatlar.
2. Ýekesiremez ýaly näme etmeli? (Flp. 2:4). 3. Näme üçin häsiýetimizi gowulandyrmaly we kim bize kömek edip biler? (2 Kor. 13:11). 4. Köp dogan-uýalar bilen dostlaşmak üçin näme edip bileris? (2 Kor. 6:13).
Hudaý bilen dost bolmak.
5. Ýehowa bilen nädip has ýakyn dostlaşyp bileris we bu babatda näme üçin tagalla etmeli? (Zeb. 34:8). 6. Ýehowa bilen ýakyndan dostlaşsak, adamlar bilen dostlaşmaga nädip kömek eder?
Erbet dostlar.
7. Ýaman ýaranlar kim? (1 Kor. 15:33). 8. Erbet dostlar nädip ruhy taýdan zyýan ýetirip biler?
Häzirki zaman dramasy.
9. Mukaddes Ýazgylardaky Dina bilen bolan wakadan nähili sapak edinip bileris? (Gel. çyk. 34:1, 2, 7, 19). 10. Tara Ýehowanyň Güwäçisi bolmadyk ýaşlar bilen dostlaşyp, özüni nädip aklady? 11. Tarany klasdaşlary nähili howply ýagdaýa saldy? 12. Taranyň ene-atasy gyzynyň howply ýagdaýa düşendigine näme üçin üns bermedi, emma olar oňa Hudaý bilen ýene-de dostlaşmak üçin nädip kömek etdi? 13. Pioner uýa Taranyň hakyky jorasydygyny nädip görkezdi? 14. Tara nämä düşündi?
Netije.
15. Şu filmden näme öwrendiňiz? 16. Bu filmi adamlara görkezip nädip kömek edip bileris?
Biz iň uly dostlugy, ýagny Hudaý bilen dostlugy berkitmäge kömek edýän dostlary saýlap bileris! (Zeb. 15:1, 4; Iş. 41:8).