Bildiriş
◼ Ýygnaga gelen «Garawul diňi» we «Oýanyň!» atly täze žurnallary, wagyzçylara tizräk paýlamaly. Bu olara žurnallaryň mazmuny bilen tanyşmaga we gullukda ulanmaga mümkinçilik berer.
◼ Indi «Wagyz üçin teklipler» diýen bölümde «Garawul diňi» we «Oýanyň!» atly täze çykan žurnallara salgylanylar, olarda pikir alyşmak üçin goşmaça maglumatlar bar. Bu žurnallary ilkinji idegde hödürlemelidigini aňlatmaýar. Ýerli ýagdaýa görä, biz adamy gowy tanamasak, diňe Mukaddes Ýazgylar arkaly gürrüňdeş bolmaly (Mat. 10:16; Sül. tym. 22:3). Emma biz «sadyk hem akylly hyzmatkäriň» edebiýatlaryndan wagyz gullugy üçin hödür taýýarlap, olary ulanyp bileris (Mat. 24:45).
◼ Ýygnagyň baş gözegçisi tarapyndan bellenen dogan dekabr, ýanwar we fewral aýlarynyň hasabatyny barlamaly. Muny mydama şol bir dogana tabşyrmaly däl. Barlagyň netijesini ýygnakda bildiriş etmeli.