Sowally bukja
◼ Ýygnaklar we adamlar Ýehowanyň Güwäçileriniň ýuridiki birleşiginiň nyşanyny ýa-da logotipini ulansa bolýarmy?
Nyşan ýa-da logotip — bir guramanyň şertli ady ýa-da belligi bolup, ony aňsat hem ýalňyşsyz tapawutlandyrmaga kömek edýär. Garawul diňi görnüşindäki nyşan — Garawul diňi jemgyýetinden we onuň beýleki birleşiklerinden ybarat guramany aňladýar. Ýehowanyň Güwäçileriniň ýygnagy resmikagyzlarynda nyşan hökmünde açyk duran Mukaddes Ýazgylaryň suratyny ulanýarlar. Ýehowanyň Güwäçileriniň beýleki birleşikleri bolsa öz nyşanyny ýa-da logotipini ulanýarlar.
Ýygnaklar we adamlar guramanyň ýuridiki birleşikleriniň nyşanlaryny ýa-da logotipini, şol sanda üýtgedilen görnüşli nyşanlaryny Patyşalyk zallarynda, olaryň ýazgylarynda, resmikagyzlarynda, şahsy we başga zatlarda ulanmaly däl. Şeýle nyşanlary görüp, döwlet işgärleri, wagyzçylar we başga adamlar ýerli ýygnak ýuridiki gurama degişlidir öýtmekleri mümkin. Şeýle nyşanly hatlary Ýehowanyň Güwäçileriniň Bütindünýä baş edarasy we filiallary tarapyndan ýazylandyr ýa-da iberilendir diýip, ýalňyş düşünmekleri mümkin.
Garawul diňi jemgyýetiniň nyşanyny we logotipini ýa-da onuň üýtgedilen görnüşini gurulýan Patyşalyk zallarynda — guramanyň hususy emlägi bolsa-da — ulanmaly däl. Eger käbir ýygnaklaryň Patyşalyk zallarynda şeýle nyşanlar bar bolsa, onda olary derrew aýyrjak bolmaly däl, çünki muňa köp wagt, serişde we güýç gerek bolar. Ýöne ony aýyrmak onçakly kyn hem agyr bolmasa, muny derrew aýyrsaňyz bolar. Eger bu mümkin bolmasa, onda Patyşalyk zalyny remont edeniňizde nyşany-da üýtgedip bilersiňiz.