Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 7/09 sah. 2
  • Etrap kongresi bizi ruhy taýdan berkidýär

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Etrap kongresi bizi ruhy taýdan berkidýär
  • Hudaýa gullugymyz — 2009
  • Meňzeş maglumat
  • Pikiriňizi goraň
    Hudaýa gullugymyz — 2012
  • Hudaýyň gullukçylary üçin taýýarlanýan kongresler
    Hudaýa gullugymyz — 2010
Hudaýa gullugymyz — 2009
km 7/09 sah. 2

Etrap kongresi bizi ruhy taýdan berkidýär

1. Hoş habary wagyz etmeli diýen tabşyrygy berjaý etmäge Ýehowa nädip kömek edýär?

1 Hoş habary wagyz etmeli diýen tabşyrygy berjaý eder ýaly, Ýehowa bize jomartlyk bilen bilim berýär, taýýarlaýar we goldaýar (Mat. 24:14; 2 Tim. 4:17). Bu babatda bize ýylda geçirilýän etrap kongresleri kömek edýär. 2010-njy gulluk ýylynyň täze meýilnamasy Rimliler 8:5-e we Ýahuda 17—19-njy aýatlara salgylanyp, «Ruhy taýdan berke» diýen tema esaslanar. Bu kongresler 2009-njy ýylyň 31-nji awgustyndan başlanýan hepdeden başlar.

2. a) Etrap kongresinde nämeleri bileris? b) Geçen etrap kongresleri saňa gullukda nähili kömek etdi?

2 Etrap kongresinde nämeleri bileris? Kongres bize wagtymyzy alýan we hakyky wajyp zatdan ünsümizi sowýan howplaryň öňüni almaga kömek edýär. Biz onda özdiýenlik ruhuna garşy durmagy öwreneris we ruhy taýdan ýetişen adamyň nähili bolmalydygyny bileris. Garşylyklara uçranda hem-de imanymyz synalanda, ruhy taýdan özümizi berkitmek üçin her birimiz we maşgala agzalarymyz bilen nähili ädimleri ätmelidigimiz barada ýekşenbe güni gürrüň ediler. Kongresiň meýilnamasy biziň ýüregimizi goramaga, ruhy saglygymyzy saklamaga we ruhy taýdan özüni berkidýän adamlara bol bereketleriň garaşýandygyny unutmazlyga kömek eder.

3. Etrap kongresiňiz haçan geçiriler we nämäni ýüregimize düwmeli?

3  Kongresiňiziň nirede we haçan geçirilýändigini bilen badyňyza, oňa gatnaşmaga taýýarlyk görüp başlaň. Kongresiň iki gününi-de sypdyrmajak boluň we ünsli diňläň. Edýän tagallalaryňyza Ýehowanyň bereket berjekdigine şübhelenmäň (Sül. tym. 21:5).

4. Etrap kongresi bizi näme bilen üpjün eder?

4 Hawa, etrap kongresi Ýehowadan inýän oňat sowgatdyr. Sadyk hyzmatkär arkaly taýýarlanylan meýilnama bizi wagyz gullugy üçin gerek zatlar bilen üpjün eder. Biz Ýehowa «Umydymyzyň ykraryny berk saklamaga» kömek edip, söýgi bilen berýän ähli zady üçin örän minnetdar (Ýew. 10:22—25; Ýakup 1:17).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş