Hudaýyň gullukçylary üçin taýýarlanýan kongresler
1938-nji ýylda Ýehowanyň guramasynda täze özgeriş girizildi. Ýygnaklaryň toparlary etrap kongreslerine çagyryldy. Näme maksat bilen? 1939-njy ýylyň ýanwar aýynda çykan «Hudaýa gullugymyzda» şeýle jogap berilýär: «Bu kongresler Ýehowanyň teokratik guramasynyň bir bölegi bolup, Patyşalyk gullugyny ýerine ýetirmek üçin görkezme berýär. Ol kongreslerde wagyz işini gowy ýerine ýetirer ýaly her birimize wajyp bilim berilýär». 1938-nji ýylda bary-ýogy 58 000 wagyzçy bardy, 2009-njy ýylda olaryň sany 7 000 000-dan geçdi. Diýmek, etrap kongresleri «wagyz işini gowy ýerine ýetirmäge» kömek edýär!
Taýýarlanylýan tema. Biz sentýabrda başlanjak etrap kongresine we olarda taýýarlanjak ruhlandyryjy pikirlere sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. «Siz dünýäden dälsiňiz» atly bu kongres Ýahýa 15:19-a esaslanar. Mesihçiler üçin nähili peýdaly nutklar taýýarlanylar? Kongresiň birinji güni «Doly wagt gullugy bizi nädip goraýar?» diýen nutgy eşideris. Şeýle-de, «Wagşy haýwandan», «Uly kemçinden» hem-de «Dünýä täjirlerinden» «... özüňüzi murdar etmäň» diýen, üç bölümli nutgy diňläp bileris. Kongresiň ikinji güni «Dünýäni däl-de, Hudaýy söýüň» atly birnäçe bölümli nutga dykgat ederis. Şeýle-de «Mesihiň Patyşalygy bu dünýäden däldir», «Garyplar we mysapyrlar ýaly boluň» we «Mert boluň! Siz dünýäni ýeňip bilersiňiz» atly nutklar bolar.
Wagyzda hyjuwy gowşan bir uýa soňky etrap kongresleriniň birine gatnaşýar. Uýamyz kongresiň ony öz ýagdaýyna täzeden seredip, «bahana tapman, wagyz etmegi» ýüregine düwendigi hakynda ýazýar. Täze gulluk ýyly üçin taýýarlanýan etrap kongresleri bize dünýäni däl-de, Ýehowany söýmäge kömek eder (1 Ýahýa 2:15—17). Hudaýyň gullukçylary üçin taýýarlanýan kongresden peýda alar ýaly, oňa gatnaşyp, ünsli diňlejek bol!
[Makalanyň soraglary]
1. 1938-nji ýylda nähili täze özgeriş girizildi we onuň maksady nämedi?
2. Etrap kongresinde täze gulluk ýyly üçin nähili nutklar taýýarlanar?
3. Etrap kongresine gatnaşsak, nähili peýda berer?