Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 8/08 sah. 1
  • Etrap kongresiniň meýilnamasy

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Etrap kongresiniň meýilnamasy
  • Hudaýa gullugymyz — 2008
  • Meňzeş maglumat
  • Hudaýyň gullukçylary üçin taýýarlanýan kongresler
    Hudaýa gullugymyz — 2010
  • Etrap kongresi bizi ruhy taýdan berkidýär
    Hudaýa gullugymyz — 2009
  • Täze etrap kongresiniň meýilnamasy
    Hudaýa gullugymyz — 2007
Hudaýa gullugymyz — 2008
km 8/08 sah. 1

Etrap kongresiniň meýilnamasy

1 Hakyky seždä zalymlyk bilen garşylyk görkezýän adamlaryň öňünde nädip berk durup bileris? Elmydama biziň bu zalym dünýä gitmegimizi isleýän güýçlere nädip garşy durmaly? 2009-njy gulluk ýylynda boljak etrap kongresi şu wajyp soraglara jogap berer. Bu kongresiň ady «Ýamanlygy ýagşylyk bilen ýeň» (Rim. 12:21). Onuň meýilnamasy bilen tanyş bolalyň.

2 Welaýat gözegçisi «Ýamanlygy ýagşylyk bilen ýeňmekde berk bol», «Özüňe göwnüýetijilikden ägä bol!», «Ähli erbetlik tizden ýok ediler!» we «Dünýäni ýeňmek üçin imanymyzy berkidýäris» diýen temalar bilen çykyş eder. Etrap gözegçisi Rimliler 13:11—13-nji aýatlara esaslanan «Häzir oýa bolmaly wagt!» we Süleýmanyň tymsallary 24:10-a esaslanan «Aladaly günde tapdan düşme» diýen temalar bilen çykyş eder. Şeýle-de biz etrap gözegçiniň ýerli zerurlyklar baradaky çykyşyny diňläris. Mundan başga-da, «Sen pioner bolup gulluk edip bilermisiň?» diýen nutk has hem ruhlandyrar. Iki dokladyň birinjisi «Iblisiň hilelerine garşy berk duruň» diýen tema barada bolar. Bu bize tehniki täzeliklerde, göwün açmada we bilimde Iblisiň mekir hilelerine garşy durup, olary ýeňmäge kömek eder. «Ýaman günde garşylyk görkezmekde güýçleneliň» diýen nutkda bolsa, Efesliler 6:10—18-nji aýatlardaky ylhamlanan maslahaty nädip doly ulanyp bolýandygy görkeziler.

3 Ýamanlygyň çeşmesini ýeňmek bilen Patyşalyk barada wagyz etmegiň arasynda gös-göni baglanyşyk bar (Ylh. 12:17). Şol sebäpli Şeýtanyň Ýehowanyň Güwäçilerine elmydama hüjüm edýänligi geň galdyrmaýar! (Iş. 43:10, 12). Emma Iblis üstünlik gazanmaz, sebäbi biz «ýamanlygy ýagşylyk bilen ýeňmegi» ýüregimize düwdük. Biz etrap kongresiniň dört bölüminiň birini-de sypdyrman, ondan uly peýda alar ýaly elimizden gelenini ederis.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş