Sowally bukja
◼ Wagyz etmäň diýseler näme etmeli?
Käte polisiýa işgärleri wagyz edýän dogan-uýalara duşanda, kanuny bozýarsyňyz diýip, wagyz etmegi gadagan edýärler. Eger olar gitmegi talap etseler, onda haýal etmän, ýuwaşlyk bilen gitmeli (Mat. 5:41; Flp. 4:5). Wagyz etmäge kanunyň rugsat berýändigini düşündirjek bolma. Eger mümkin bolsa, polisiýa işgärinden şahadatnamasyny görkezmegi we haýsy polisiýa bölümine degişlidigini sypaýyçylyk bilen sorap bilersiň. Soňra bu barada ýaşululara aýt, olar bolsa muny Beýtele habar bererler. Şonuň ýaly-da, eger köp etažly ýa-da başga jaýlaryň garawullary gitmegi haýyş etseler, derrew git we ýaşululara habar ber. Şeýle ýolbaşçy adamlara duşanyňda özüňi ýumşak we sypaýy alyp barsaň, köp kynçylygyň öňüni alarsyň (Sül. tym. 15:1; Rim. 12:18).