Köp kwartiraly jaýlarda düýpli wagyz edýäris
1. Biz nädip «hoş habary düýpli wagyz edip» bileris?
1 Pawlus ýaly biz hem «hoş habary düýpli wagyz etmek» isleýäris (Res. iş. 20:24, TD). Şol sebäpli biz Patyşalyk baradaky habary ýaşaýan ýerimizdäki adamlaryň köpüsine gürrüň bermäge çalyşýarys. Muňa köp kwartiraly jaýlarda ýaşaýan adamlar hem degişli. Käte şeýle jaýlara girmek kyn bolýar. Emma ol ýerde ençeme adamlaryň ýaşaýandygy sebäpli, bizde hoş habary wagyz etmäge gowy mümkinçilik bar.
2. Köp kwartiraly jaýlarda wagyz edende näme üçin paýhasly bolmaly?
2 Jenaýatçylygyň we zorlugyň howp abanýandygy sebäpli, köp kwartiraly jaýlaryň gapysy gulplanýar, olaryň garawuly bolýar ýa-da girelgede wideokameralar goýulýar (2 Tim. 3:1, 2). Jaýyň başlygynyň çagyrylmadyk adamlary içerik goýbermezlige haky bar. Eger ýaşaýjylaryň biri şikaýat etse, ol hatda bizi jaýdan çykaryp biler. Şonuň üçin paýhasly bolmaly.
3. Köp kwartiraly jaýlarda haçan wagyz etmek gowy we näme üçin?
3 Haçan wagyz etmeli. Başga meýdançalardaky ýaly köp kwartiraly jaýlarda hem ýaşaýjylar öýündekä wagyz etsek gowy bolar. Eger başga wagty gelsek, onda ýaşaýjylarda müňkürlik döredip bileris. Wagyzçylaryň köpüsi ýaşaýjylary agşamara we şenbe, ýekşenbe günleri gündiz öýünde tapýarlar. Eger köp kwartiraly jaýlarda, esasanam, dynç günleri irden wagyz etsek, ýaşaýjylar jaýyň başlygyna şikaýat edip bilerler.
4, 5. Köp kwartiraly gulplanylýan jaýlara nädip girip bileris?
4 Nädip girmeli. Wagyzçylara jaýyň tertip-düzgünine seredýän adamdan ýa-da onuň başga işgärinden wagyz etmek üçin rugsat soramak hökman däl. Eger girilýän gapyda domofon goýlan bolsa, onda ol arkaly gepleşip, girmäge rugsat berjek adamy taparys. Jaýa girizen adam bilen gepleşip bolandan soň, ýagdaýa görä, gapyma-gapy kakyp, beýleki ýaşaýjylara wagyz edip bileris. Emma kä ýagdaýda, başga ýaşaýjy bilen gepleşmek üçin jaýdan çykyp, domofon arkaly wagyz etsek gowy bolar. Domofon arkaly näçe adam bilen gepleşmelidigimizi paýhaslylyk bilen özümiz çözüp bileris.
5 Eger ýaşaýjylaryň biri senden näme maksat bilen gelendigiňi sorasa, ilki bilen, mähirli salamlaşyp adyňy aýt. Eger domofonda öý eýesiniň ady ýazylan bolsa, onuň adyny tutup ýüzlenseň gowy bolar. Soňra näme maksat bilen gelendigiňi gysgaça aýt. Käbir wagyzçylar şondan soň «Ýazgylary ulanyp ynandyrmak» (rusça) kitabyndan hödüri göni okaýarlar.
6. Goralýan jaýlarda nädip wagyz etmeli?
6 Eger jaýyň garawuly bizi wagyz etmäge girizmese, onuň özüne wagyz etmäge çalyşmaly. Garawullaryň köpüsi biziň edebiýatlarymyzy höwes bilen okaýarlar. Mümkin, biz garawulyň iş ýerinde onuň bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlarys. Eger ol gyzyklanan ýaşaýjynyň öýüne barmaga rugsat berse, onda başgalaryň gapysyny kakmasak gowy bolardy.
7. Wagza nähili sumka götermeli?
7 Daşky keşp we özüňi alyp barmak. Eger uly sumka götersek, ýaşaýjylaryň ünsüni özümize çekeris. Şol sebäpli uly sumka götermesek gowy bolar ýa-da sumkasyz gelmeli. Käbir wagyzçylar gerek edebiýatlary kiçi sumkada, Mukaddes Ýazgylary bolsa elinde ýa-da jübüsinde göterýärler.
8. Köp kwartiraly jaýlarda nädip topar bolup wagyz etmeli?
8 Adamlaryň ünsüni özümize çekmez ýaly, esasanam, girelgede ýa-da maşyn duralgasynda uly topar bolup ýygnanyşmaly däl. Ylaýta-da, jenaýatçylygyň has ösen ýerlerinde köp kwartiraly jaýlarda wagyz edenimizde seresap bolmaly (Sül. tym. 22:3). Meselem, iki ýa-da üç jübüt wagyzçylar bir-birini eşider ýaly uzaklykda gezekli-gezegine wagyz etmeli.
9. Biz nädip sypaýy bolup bileris we bu näme üçin wajyp?
9 Köp kwartiraly jaýa gireniňde aýakgabyňy süpürip, gapyny gowy ýapmaly. Şeýle sypaýyçylyk etsek, ýaşaýjylar nägilelik bildirmez. Jaýa girenden soň, göni lifte tarap ýöre ýa-da gerekli etaža çyk. Adamlarda şübhe döretmez ýaly girelgede saklanma.
10. Koridorda galmagal bolmaz ýaly näme etmeli?
10 Köp kwartiraly jaýlarda ses gowy eşidilýär. Şol sebäpli gaty gürlemeli däl. Diňe öý eýesi eşider ýaly gürlemeli. Adamlaryň ünsüni özüňe çekdirmez ýaly, ýanyňdaky ýoldaşyň bilen hem ýuwaş gepleş. Käbir wagyzçylar ýaşaýjylary biynjalyk etmezlik üçin gapylary yzly-yzyna aýlanmaýarlar. Ilki koridoryň bir çetindäki, soňra beýleki çetindäki gapyny kakýarlar. Şeýle-de gapyny gaty ýa-da yzyny üzmän kaksak, ýaşaýjyny gorkuzarys.
11. Gapynyň seredilýän deşigi bolsa nähili maslahatlar kömek eder?
11 Eger gapynyň seredilýän deşigi bolsa, onda özüň we ýanyňdaky wagyzçy görner ýaly dur. Deşikden biriniň seredýändigini göreniňde, mähirli salamlaş we gürrüňe başla. Eger ol: «Kim?» diýip sorasa, onda öz adyňy we ýoldaşyňkyny aýt. Şondan soň ol adam özüni rahat duýup, gapyny açmagy mümkin. Eger açmasa, onda ýapyk gapydan wagyz edip bilersiň.
12. Öýünde ýok adamlara galdyrylan edebiýat sebäpli döreýän arz-şikaýatyň öňüni nädip almaly?
12 Eger öýde hiç kim bolmasa. Köplenç jaýyň tertip-düzgünine seredýän adamlar koridorda ýa-da töwerek-daşda galdyrylan edebiýatlar üçin arz-şikaýat edýärler. Gapyda galdyrylan edebiýatlar ýere gaçyp, hapa dökülýän ýere düşmegi mümkin. Şonuň üçin öýünde ýok adamlara edebiýaty hiç kim görmez ýaly edip galdyrmaly.
13. Gaharjaň adama duşsak näme etmeli?
13 Gaharjaň adama duşsak. Eger gaharjaň adama duşup, ol hem garawula arz etjek bolsa, gowusy bu etaždan gidip, başga wagty gelmeli. Käte bolsa, garawul bilen dawalaşmaz ýaly, jaýdan gitsek paýhasly bolar. Eger şeýle adam ideg edilmegini islemeýändigini aýtmasa-da, gerekli bellikleri edip, meýdançanyň kartoçkasy bilen bile goýmaly. Başga ýagdaýlardaky ýaly ýaşaýjylaryň gyzyklanýandygyny bilmek üçin, şeýle kwartiralary wagtal-wagtal idäp durmaly.
14, 15. Işgärleriň biri gitmegi haýyş etse näme etmeli?
14 Eger gitmegi haýyş etseler. Eger jaýyň tertip-düzgünine seredýän tehniki işgär ýa başga bir işgär gitmegi haýyş etse, olara derrew gulak assak gowy bolar. Biz mümkin boldugyndan, suda ýa polisiýa habar ediljek haýbatdan we dawadan gaça durmak isleýäris. Köplenç şeýle ýagdaýlarda jaýyň işgärleri Ýehowanyň Güwäçilerine garşy däl-de, öz borjuny ýerine ýetirýärler.
15 Jaýyň işgäri gitmegi haýyş etse, sen näme üçin gelendigiňi sypaýyçylykly düşündirip bilersiň (1 Pet. 3:15). Biz ýaşaýjylary asuda we howpsuz ýaşatmak onuň borjudygyna düşünýäris. Mümkin, ol saňa jaýda galmaga rugsat berer. Eger rugsat bermese, jedel etmän, mylakatlylyk bilen hoşlaş. Eger mümkin bolsa, girelgede ýa-da poçta ýaşikde edebiýat galdyrmagy haýyş edip bilersiň (Kol. 4:6). Şeýle adamlar barada wagyz gözegçini duýdurmaly.
16. Köp kwartiraly jaýlarda wagyz etmäge mümkinçilik bolmasa näme etmeli?
16 Belki, biraz wagt geçenden soň, wagyzçylar şol jaýda arkaýyn wagyz edip biler. Eger mümkin bolmasa, onda bu meseläni wagyzçylar çözmän, ýaşulular kömek üçin filiala ýüz tutup biler. Eger wagyzçylar käbir köp kwartiraly jaýlara girip bilmeseler, onda telefon ýa hat arkaly wagyz etmäge çalyşmaly. Käbir wagyzçylar bolsa köp kwartiraly jaýyň töwereginde irden ýa-da agşamara ýaşaýjylaryň köpüsi işe barýarka ýa gelýärkä wagyz edýärler.
17. Köp kwartiraly jaýlarda wagyz etmek näme üçin wajyp?
17 Bu zalym dünýäniň ahyry golaýlaşýar. Diňe Ýehowanyň adyny çagyran halas bolar. «Olar öz iman etmediklerini nähili çagyrarlar? Eşitmediklerine nähili iman ederler?» (Rim. 10:13, 14). «Ebedi ýaşaýyş üçin bellenenleriň» ençemesi köp kwartiraly jaýlarda ýaşaýarlar (Res. iş. 13:48). Paýhasly bolsak, biz olara hoş habary ýetirip bileris.