Ýehowanyň Güwäçileriniň 2009-njy ýylda geçirjek welaýat kongresi
1. a) Welaýat kongresiniň üç gününe-de gatnaşsak, biz nähili bereket alarys? b) Häzirden nämäni planlaşdyrmaly?
1 Biz 2009-njy ýylda geçiriljek welaýat kongresinde «ruhy zerurlygyna düşünýän» we Ýehowany şöhratlandyrýan adamlar bilen ýygnanmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýarys (Mat. 5:3, TD). Ýehowanyň gününiň çalt ýetip gelýänligi sebäpli, imandaşlar bilen ýakymly gürrüňdeşlikden lezzet alyp hem-de ruhlanyp, imanda berk durar ýaly, biz hemmeleri kongresiň üç gününe-de gatnaşmaga çagyrýarys (Sef. 1:14). Kongresiň seždämiziň esasy bölegidigini mugallymlaryňa we başlyklaryňa öňünden aýt. Mümkin boldugyndan, kongrese öňünden taýýarlyk görüp başla. Eger batyrgaýlyk bilen Ýehowa bil baglasaň, ol seniň edýän tagallaňa pata berer (Iş. 50:10).
2. Halkara kongresine baryp bilmesek-de, nädip özümizi oňa gatnaşan ýaly duýup bileris?
2 Halkara kongresler. Bu kongresler belli bir ýurtlarda we şäherlerde bolýandygy üçin, olara diňe çagyrylanlar gatnaşar. Eger biz bu babatda berlen görkezmä eýersek, onda halkara kongresine aşa köp adam gelmez (1 Kor. 14:40; Ýew. 13:17). Emma welaýat kongresleriniň köpüsi halkara kongresine meňzeş bolar. Sebäbi daşary ýurtda gulluk edýän missionerler, beýtelçiler we halkara programma gatnaşýanlar öz watanyndaky kongrese bararlar.
3. Biz ýygnakdakylara nädip mesihi söýgimizi görkezip bileris?
3 Kongrese gatnaşmaga kömek et. Seniň ýygnagyňda kongrese gatnaşmak üçin kömege mätäç barmy? Sen olara kömek etseň, «diňe öz peýdaňy däl-de, beýlekileriň hem peýdasyny gözlärsiň» (Flp. 2:4).
4, 5. Eger başga ýerde geçirilýän kongrese gitmekçi bolsaň näme etmeli?
4 Maglumat gerek bolsa. Kongresiň bolýan ýerini we wagtyny sorap, filiala ýüzlerçe adam jaň edýär. Jaň etmeziňden öň, ýygnagyň kätibine ýüz tutmagy haýyş edýäris.
5 Eger sen ýygnagyň çagyrylan kongresine däl-de, başga ýerde geçirilýän kongrese gitmekçi bolsaň, onda «Aýratyn zerurlykly adamlary ýerleşdirmek barada haýyşnama» diýen blankdaky berlen adrese hat ýazyp, «Teklip edilýän jaýlaryň sanawyny» alyp bilersiň. Bu blankalar tizden ýygnagyň kätibine iberiler. Jogap almak üçin, iberjek hatyň içine marka ýelmenen, doly adresiň ýazylan täze konwerti salyp iber.
6. Eger aýratyn zerurlykly wagyzça ýaşara ýer gerek bolsa näme etmeli?
6 Aýratyn zerurlyklar. Eger wagyzçy ýaşar ýaly ýeri kongresiň jaý bölüminden almakçy bolsa, onda «Aýratyn zerurlykly adamlary ýerleşdirmek barada haýyşnamany» doldurmaly. Ýygnagyň gulluk komiteti haýyşnamadaky we 2008-nji ýylyň 14-nji dekabrynda ähli ýaşulular maslahatyna iberilen hatdaky görkezmä eýerip, şol haýyşnama serederler. Diňe şondan soň kätip haýyşnamany kongresiň jaý bölümine ibermeli.
7. Myhmanhanada ýaşajak bolsak nämäni göz öňünde tutmaly?
7 Myhmanhanada otag sargyt etmek. Eger sen başga şäherde geçirilýän kongrese gitmekçi bolsaň, onda myhmanhananyň gymmatdygyny göz öňünde tut, şol sebäpli welaýat kongrese gatnaşmak we myhmanhananyň bahasyny tölemek üçin öňünden pul süýşür.
8. Myhmanhanada otag almak üçin her birimiz haýsy maslahatlara eýermeli?
8 Biz her kimiň öz halaýan myhmanhasynyň bardygyna düşünýäris. Emma myhmanhanany «Teklip edilýän jaýlaryň sanawyndan» saýlamasak, doganlaryň tagallasyny puja çykararys. Ýaşamak islemeseň, otag sargyt etme we başga myhmanhana geçmek üçin, soňky pursatda sargydyňy ýatyrma. Şu masalahatlara eýersek, biz her bir myhman üçin otag sargyt edýän doganlara kömek ederis (1 Kor. 10:24).
9. 2009-njy ýyldaky welaýat kongresine taýýarlyk görenimizde we gatnaşanymyzda esasan nämä üns bermeli?
9 Hudaýy şöhratlandyrýan işler. Myhmanhananyň işgärleri we kongres geçirilýän şäherdäki adamlar bilen gürrüňdeşlikde ruhuň miwesini görkezip, esasanam, aýdýan sözümize, özümizi alyp barşymyza ünsli bolsak, Ýehowanyň halkynyň abraýyny gowulandyrmaga ýardam ederis hem-de başga adamlary-da büdretmeris (1 Kor. 10:31; 2 Kor. 6:3, 4). Goý, seniň 2009-njy ýylyň welaýat kongresine gatnaşmagyň we özüňi alyp barşyň Hudaýy şöhratlandyrsyn! (1 Pet. 2:12).
[5-nji sahypadaky çarçuwa]
Kongresiň geçiriljek wagty:
Penşenbe (diňe halkara kongresinde)
13:20-den 16:55-e çenli
Anna we Şenbe
9:20-den 16:55-e çenli
Ýekşenbe
9:20-den 16:00-a çenli