◼ Kongresiň gün tertibi. Girelge 8:00-da açylar. Kongresiň üç güni hem 9:20-de başlanar. Patyşalyk sazy çalnanda, kongres mynasyp tärde başlanar ýaly her kim öz ýerine geçmeli. Kongres anna we şenbe günleri 16:55-de, ýekşenbe güni bolsa 15:50-de jemleýji aýdym we doga bilen gutarar.
◼ Halkara kongresler. Käbir ýurtlarda halkara kongresleri geçiriler. Muňa diňe käbir ýygnaklaryň we başga ýurduň delegatlarynyň çagyrylýandygyny unutmaň. Filial şeýle kongresleri gurnanda ýeri we myhmanhanadaky boş otaglary göz öňünde tutup, näçe adam çagyrmalydygyny planlaşdyrýar. Eger halkara kongresine çagyrylmadyk wagyzçylar barsa, onda ýer ýetmezçilik eder. Käbir sebäplere görä, siz ýygnagyňyzyň çagyrylan kongresine gidip bilmeseňiz-de, halkara kongresine barmaly däl.
◼ Maşyn goýulýan ýer. Kongres geçirilýän ýerlerde maşynlary mugt goýar ýaly ýer taýýarlanylar. Adatça, duralgada ýer çäkli bolýandygy üçin her maşynda köpräk adam gelse gowy bolar.
◼ Ýer. Her gün irden kongres geçirilýän ýeriň gapysy açylanda, islän ýeriňizde oturmak üçin dogan-uýalardan öňürdip, ylgamazlygy haýyş edýäris. Mesihçiler diňe özüni bilmän, eýsem, başgalaryň hem aladasyny edýärler. Şeýtsek, bizi synlaýan adamlar hem Hudaýy şöhratlandyrar (Ýahýa 13:34, 35; 1 Kor. 13:4, 5; 1 Pet. 2:12). Sen diňe özüň bilen bir maşynda gelenlere ýa-da bile ýaşaýanlara we Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýänleriňe ýer alyp bilersiň. Gartaşanlar we maýyplar üçin aýratyn ýer bolýar. Bu ýerler çäkli bolýandygy sebäpli, olara seretmek üçin diňe bir ýa-da iki adam ýanlarynda oturyp biler.
◼ Günortanlyk nahary. Arakesme wagty kongres geçirilýän ýerden başga ýere gidip naharlanmaz ýaly, iýmiti ýanyňyz bilen getirmegiňizi haýyş edýäris. Oturgyjyň aşagyna sygar ýaly nahar salynýan sumka alyp bilersiňiz. Gezelenje äkidilýän uly sowadyjy sumkany we çüýşeden ýasalan gap-gajy kongrese getirmeli däl.
◼ Meýletin sowgatlar. Biz Patyşalyk zalynda ýa-da kongresde bütindünýä işi üçin meýletin sowgatlar berip, gurnalan kongrese minnetdardygymyzy görkezip bileris.
◼ Dermanlar. Eger siz däri-derman içýän bolsaňyz, onda ýanyňyz bilen ýeterlikli derman getiriň, çünki kongresde olaryň bolmazlygy mümkin. Süýji keselinde ulanylýan şprisler we iňňeler zyýanlydygy üçin, ýörite zyňylýan ýeri bolmaly, olary kongres geçirilýän ýeriň hem-de myhmanhananyň hapa taşlanylýan ýerine zyňmaly däl.
◼ Seresap bolmak. Taýyp we büdräp ýykylmaz ýaly, howpsuzlyk çärelerini görmegiňizi haýyş edýäris. Her ýyl, esasanam, beýik ökjeli aýakgap zerarly şikes ýetýär. Aýakgap ýönekeý we aýagyňa laýyk bolmaly, şonda basgançakdan, gözenekli, ýapgyt we başga ýerlerden ýöremek amatly hem-de howpsuz bolar.
◼ Programmany ýazga almak. Kongresde ulanylýan elektrik toga ýa-da ses apparatyna hiç hili ýazga alýan serişdeleri birikdirmeli däl. Şeýle-de olary başgalara päsgel bermez ýaly ulanmaly.
◼ Çaga arabasy we eplenýän oturgyçlar. Kongres geçirilýän ýerlerde çaga arabasyny we eplenýän oturgyçlary ulanmaly däl. Emma ata-enesiniň ýanynda oturar ýaly, çaga oturgyjyny getirse bolýar.
◼ Atyr sepinmek. Häzir kongresleriň köpüsi ýapyk jaýlarda geçirilip, howasy emeli usul bilen çalşyrylýar. Şol sebäpli dem almasy kyn we başga keselli adamlara erbet täsir etmez ýaly, ýiti ysly atyrlary azrak sepinsek, olara hormat goýdugymyz bolar (1 Kor. 10:24).
◼ Restoranda. Restoranda özüňizi gowy alyp baryp we salykatly geýnip, Ýehowanyň adyny şöhratlandyryň. Eger ýerlikli bolsa, çaý puluny beriň.
◼ Ýaşamak üçin jaý. Hususy jaýda ýaşamagyň we özüňi alyp barmagyň düzgünleri:
Gereginden artyk otag sargyt etmeli däl we berlen otaga öý eýesiniň görkezen sanyndan artyk myhman çagyrmaly däl.
Eger garaşylmadyk ýagdaý sebäpli kongrese gidip bilmeseň, ýaşajak otagyňda başga biri ýaşap biler ýaly, haýal etmän, öý eýesine habar ber (Mat. 5:37).
Nahary diňe rugsat berilýän ýerde taýýarlaň.
Ýaşajak jaýyňyzda elektrik toguny, gazy we suwy tygşytly ulanyň. Şeýle-de öý eýesiniň berýän ertirlik naharyny, kofeni we başga-da zatlary gereginden artyk almaň hem-de kongrese ýanyňyz bilen alyp gitmäň.
Ýaşajak öýüňiziň maşgala agzalaryna ruhuň miwesini bildiriň. Olar köp myhmanlaryň aladasyny edýärler we biziň sabyr, ýagşylyk we akyldarlyk ýaly häsiýetlerimize minnetdar bolarlar.
Ata-eneler ýaşajak öýüniň töwereginde, suwa düşülýän basseýinde, girelgede, sport zalynda we başga ýerlerde-de hemişe çagalaryna gözegçilik etmeli.
Ýaşajak öýüňde kynçylyk ýüze çyksa, kongresiň jaý bölümine derrew habar berseň, olar saňa kömek eder.
◼ Meýletin kömekçiler bölümi. Kömek etmek isleýän dogan-uýalar kongresiň meýletin gulluk bölümine ýüz tutup bilerler. Şeýle-de 16 ýaşyna ýetmedik çagalar hem ata-enesiniň, hossarynyň ýa-da başga bir uly ýaşly mesihçiniň gözegçilik etmegi bilen öz goşandyny goşup biler.