Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 4/13 sah. 3—6
  • Göreldämiz bilen Hudaýy şöhratlandyrýarys

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Göreldämiz bilen Hudaýy şöhratlandyrýarys
  • Hudaýa gullugymyz — 2013
  • Meňzeş maglumat
  • «Milletler arasynda oňat edim-gylymly boluň»
    Hudaýa gullugymyz — 2014
  • Welaýat kongresi barada ýatlatmalar
    Hudaýa gullugymyz — 2015
  • Welaýat kongreslerimiz hakykat barada güýçli güwä geçýär
    Hudaýa gullugymyz — 2012
  • Ýehowa üç günläp bol bereketini seçer
    Hudaýa gullugymyz — 2011
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2013
km 4/13 sah. 3—6

Göreldämiz bilen Hudaýy şöhratlandyrýarys

1. Ýehowanyň Güwäçileri welaýat kongresine baranda näme üçin tanalýar?

1 Welaýat kongresine baranymyzda, adamlar bizi derrew tanaýar. Kongres geçirilýän şäherleriň köpüsinde täzeliklerde biz barada habar berilýär. Myhmanhanalarda we restoranlarda kongrese gelen delegatlar köp bolany üçin, şol ýerdäki adamlar myhmanlaryň köpüsinde kongresiň plaketkalaryny görýärler. Aşakda berilýän maslahatlar kongres geçirilýän şäherde göreldämiz bilen Hudaýy şöhratlandyrmaga kömek eder (1 Pet. 2:12).

2. Biz kongres geçirilýän şäherde Hudaýy nädip şöhratlandyryp bileris?

2 Salykatly eşik. Kongrese baranymyzda, salykatly geýnişimiz köplenç adamlara täsir edýär. Emma başga wagty, meselem, myhmanhanada registrasiýa edenimizde, restoranda naharlananymyzda, dükana baranymyzda ýa-da başga ýerlerde-de, adamlara hem uly täsir galdyrýar. Şu we başga ýagdaýlarda köýnek geýmek hökman bolmasa-da, gündeki ýaly geýinmän, salykatly we gelşikli geýinmeli. Adamlar biziň Hudaýa ynanmaýan adamlardan tapawutlanýandygymyzy görmeli (Rim. 12:2). Galyberse-de, adamlaryň ünsüni kongrese çekmek üçin, wagyz etmäge mümkinçilik bolar ýaly we kongrese gelen beýleki dogan-uýalar bizi tanar ýaly kongresiň plaketkasyny dakmaly.

3. Biz nädip sabyrly hem sypaýy bolup bileris?

3 Şu günler adamlaryň köpüsi diňe özüni bilýär we gadyr bilmez, şonuň üçin myhmanhanalarda hem restoranlarda özümizi sabyrly hem sypaýy alyp barsak, adamlara örän ýakymly bolar! (2 Tim. 3:1—5). Biz ýer tutanymyzda ýa-da täze çykan edebiýaty we filmi almak üçin nobata duranymyzda, öz peýdamyzy däl-de, başgalaryň hem peýdasyny gözlemeli (1 Kor. 10:23, 24). Bir gyzyklanýan adam birinji gezek kongrese barandan soň şeýle diýýär: «Men şol günki edilen çykyşlardan hiç zat ýadymda galmady, ýöne Ýehowanyň Güwäçileriniň özüni alyp barşy maňa örän täsir etdi».

4. Ýagdaýymyz bolsa kongresde meýletin kömek etmek hakynda näme üçin oýlanmaly?

4 Höwes bilen meýletin hyzmat edýänler. Mesihçiler meýletin hyzmat etmegi bilen tanalýarlar (Zeb. 110:3). Siz kongresde meýletin kömek edip bilersiňizmi? Bir kongresde 600 dogan-uýa kongres başlamazdan öň, arassaçylyk işine gatnaşdy. Şol ýerdäki işgärleriň biri şeýle diýdi: «Bu örän geň zat! Adamlaryň ählisiniň meýletin kömek edýändigine haýran galaýmaly». Biz 2013-nji ýylyň welaýat kongresine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şonda biz diňe bir diňläp, öwrenmän, eýsem Hudaýy hem şöhratlandyrarys.

[3-6-nji sahypadaky çarçuwa

2013-nji ýylyň welaýat kongresi barada ýatlamalar

◼ Kongresiň gün tertibi. Girelge 8:00-da açylar. Kongresiň üç güni hem 9:20-de başlanar. Patyşalyk sazy çalnanda, kongres mynasyp tärde başlanar ýaly, her kim öz ýerine geçmeli. Kongres anna we şenbe güni 16:50-de, ýekşenbe güni 15:35-de gutarar.

◼ Maşyn goýulýan ýer. Kongres geçirilýän ýerlerde mümkinçilik bolsa, maşynlary mugt goýar ýaly ýer taýýarlanylar. Adatça, duralgada ýer çäkli bolýandygy üçin her maşynda köpräk delegat gelse gowy bolar.

◼ Ýer. Sen diňe özüň bilen bir maşynda gelenlere ýa-da bile ýaşaýanlara we seniň bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýäne ýer tutup bilersiň. Gartaşanlar we maýyplar üçin ýer çäkli bolandygy sebäpli, maşgalasy bilen bile oturyp bilmez. Ýeri diňe gartaşanlar, maýyplar we olara seredýänler üçin goýmagyňyzy haýyş edýäris (1 Kor. 13:5).

◼ Günortanlyk nahary. Günortan wagty kongres geçirilýän ýerden başga ýere gidip naharlanmaz ýaly, iýmiti ýanyň bilen getirmegiňi haýyş edýäris. Oturgyjyň aşagyna sygar ýaly, nahar salynýan sumka alsa bolar. Gezelenje äkidilýän uly sowadyjy sumkany we çüýşeden edilen gap-gajy kongrese getirmek gadagan.

◼ Meýletin sowgatlar. Biz Patyşalyk zalynda ýa-da kongresde bütindünýä işi üçin meýletin sowgatlar berip, gurnalan kongrese minnetdarlygymyzy bildirip bileris.

◼ Dermanlar. Eger sen däri-derman içýän bolsaň, onda ýanyň bilen ýeterlikli dermanyňy getir, çünki kongresde olaryň bolmazlygy mümkin. Süýji keselinde ulanylýan şprisler we iňňeler zyýanly bolandygy üçin, ýörite zyňylýan ýeri bolmaly, olary kongres geçirilýän ýeriň we myhmanhananyň hapa taşlanylýan ýerine zyňmaly däl.

◼ Aýakgap. Her ýyl aýakgap zerarly şikes ýetýär. Aýakgap ýönekeý we aýagyňa laýyk bolmaly, şonda basgançakdan, gözenekli hem başga ýerlerden ýöremek amatly hem-de howpsuz bolar.

◼ Programmany ýazga almak. Kongresde ulanylýan elektrik toga ýa-da ses apparatyna hiç hili ýazga alýan serişdeleri birikdirmeli däl. Şeýle-de olary başgalara päsgel bermez ýaly ulanmaly.

◼ Çaga arabasy we eplenýän oturgyçlar. Kongres geçirilýän ýerlerde çaga arabasyny we eplenýän oturgyçlary ulanmaly däl. Emma ata-enesiniň ýanynda oturar ýaly, çaga oturgyjyny getirse bolýar.

◼ Atyr sepinmek. Häzir kongresleriň köpüsi ýapyk jaýlarda geçirilip, howasy emeli usul bilen çalşyrylýar. Şol sebäpli dem almasy kyn we başga keselli adamlara erbet täsir etmez ýaly, ýiti ysly atyrlary azrak sepinsek, olara hormat goýdugymyz bolar (1 Kor. 10:24).

◼ «Şu adamy idemegi haýyş edýäris» (S-43 U) diýen resmikagyz. Kongres mahaly resmi däl ýagdaýda wagyz edip, birini gyzyklandyrsak, «Şu adamy idemegi haýyş edýäris» (S-43 U) diýen resmikagyzy dolduryp, ol adam hakda maglumat bermeli. Wagyzçylar kongrese gelende, ýany bilen şol resmikagyzdan birki sanysyny getirmeli. Şeýle resmikagyzy kongresde edebiýat bölümine bermeli ýa-da kongresden gelenden soň, ýygnagyňyzyň kätibine bermeli.

◼ Restoranda. Restoranda özüňizi gowy alyp baryp, Ýehowanyň adyny şöhratlandyryň. Eger ýerlikli bolsa, çaý puluny beriň.

◼ Ýaşamak üçin jaý. Hususy jaýda ýaşamagyň we özüňi alyp barmagyň düzgünleri:

1) Gereginden artyk otag sargyt etmeli däl we bellenilen jaýa öý eýesiniň görkezen sanyndan artyk myhman gelmeli däl.

2) Eger garaşylmadyk ýagdaý sebäpli kongrese baryp bilmeseň, haýal etmän myhmanhana habar ber (Mat. 5:37).

3) Bank kartasy boýunça myhmanhanada registrasiýa edilýänleriň dykgatyna: myhmanhana kartaňyzdaky puluňyzyň bir bölegini otagyň bahasy, zyýan ýetirilip biljek zatlar we garaşylmadyk ýagdaý üçin alýar. Siz bu pullary myhmanhanadan gidensoň, hasaplaşýançaňyz, birnäçe günläp alyp bilmeýärsiňiz.

4) Ýüküň daşamaga taýýar bolansoň, ýük daşalýan arabany al we ony başgalar hem ulanar ýaly, derrew yzyna ber.

5) Adatça, edilýän bolsa, otagyňy arassalaýan adama we myhmanhananyň başga işgärlerine çaý puluny beriň.

6) Nahary rugsat berilýän ýerde taýýarlaň.

7) Diňe myhmanhanada ýaşaýanlar üçin mugtuna berilýän ertirlik naharyny, kofeni we buzy gereginden artyk almaň.

8) Myhmanhananyň işgärlerine ruhuň miwesini bildiriň. Olar köp myhmanlaryň aladasyny edýärler we biziň sabyr, ýagşylyk we akyldarlyk ýaly häsiýetlerimize minnetdar bolarlar.

9) Ata-eneler myhmanhananyň töwereginde, suwa düşülýän basseýinde, girelgede, sport zalynda we başga ýerlerde-de hemişe çagalaryna gözegçilik etmeli.

10) «Ýaşaýyş üçin jaýyň spisogynda» otagyň bir günlük bahasy görkezilýär. Eger saňa sargamadyk hem-de ulanmadyk zadyň üçin goşmaça töleg ýazsalar, onda sen töleme we dessine kongresiň jaý bölümine habar ber.

11) Myhmanhanada bolýan ýeriňde kynçylyklar ýüze çyksa, kongresiň jaý bölümine derrew habar berseň, olar saňa kömek eder.

◼ Meýletin kömekçiler bölümi. Kömek etmek isleýänler meýletin gulluk bölümine ýüz tutup biler. Şeýle-de 16 ýaşyna ýetmedik çagalar hem ata-enesiniň, hossarynyň ýa-da başga bir uly ýaşly mesihçiniň gözegçilik etmegi bilen, öz goşandyny goşup biler.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş