Ýehowa üç günläp bol bereketini seçer
1. Bize welaýat kongresi nähili bereket berer?
1 Şeýtanyň ruhy taýdan çöle meňzeş dünýäsinde, Ýehowa hemişe gullukçylarynyň aladasyny edýär (Iş. 58:11). Meselem, Ýehowa bizi her ýyl geçirilýän welaýat kongresleri arkaly ruhlandyrýar. Ýetip gelýän welaýat kongresinden hem özümiz, hem başgalar ruhlanar ýaly, biz näme edip bileris? (Sül. tym. 21:5).
2. Kongrese nähili taýýarlyk görmeli?
2 Daşary ýurtda geçiriljek kongrese gitmäge seniň mümkinçiligiň barmy? Sen oňa taýýarlyk görüp başladyňmy? Her gün kongres başlamanka baryp, oturjak ýeriňi bellemäge wagtyň bolar ýaly, näçe wagt sarp etjegiňi göz öňünde tutduňmy? Biz Ýehowanyň taýýarlan ruhy iýmitiniň hiç birini-de sypdyrmak islemeýäris! (Iş. 65:13, 14). Sen kongrese nämede gitjekdigiň we nirede ýaşajakdygyň barada oýlandyňmy? Eger sen kongresi DVD-de görmekçi bolsaň, onda onuň üç gününe-de gatnaşar ýaly, ähli işleriňi öňünden planlaşdyr. Kongres babatda şu aşakdaky maslahatlara eýermäge çalyş.
3. Biz we maşgala agzalarymyz kongresden doly peýdalanar ýaly haýsy maslahatlar kömek eder?
3 Kongresde aýdylanlary ünsli diňlemäge näme kömek eder? Mümkin boldugyndan, kongres günleri gije gowy dynç alyň. Dokladça serediň. Aýatlar okalanda Mukaddes Ýazgylardan yzarlaň. Gysgaça bellik ediň. Ata-eneler çagalaryna ünsli bolmaga kömek eder ýaly, maşgala agzalary bile otursalar gowy bolar (Sül. tym. 29:15). Kongresde aýdylan esasy pikirleri her gün agşam maşgala agzalaryňyz bilen gürrüň edip bilersiňiz. Şeýle gürrüňdeşlik kongresden soň hem maşgalaňyzyň ruhlanmagyna ýardam berer. Maşgalaňyza degişli pikirlere maşgala okuwynda seredip bilersiňiz.
4. Biz başgalaryň ruhlanmagyna nädip ýardam edip bileris?
4 Başgalaryň ruhlanmagyna ýardam ediň. Biz başgalaryň hem kongresden ruhlanmagyny isleýäris. Siziň ýygnagyňyzda kongrese gitjek gartaşan ýa-da başga-da kömege mätäç wagyzçylar barmy? Siz olara kömek edip bilermisiňiz? (1 Ýahýa 3:17, 18). Ýaşulular, esasan hem, toparyň gözegçileri şeýle wagyzçylara ünsli bolmaly.
5. Biz kongresde ýagşy edim-gylymymyzy nädip görkezip bileris?
5 Ýagşy edim-gylym ruhlandyrýar. Şu günler köp adamlar «özüni söýüp», diňe özüni bilýär. Şeýle döwürde ýagşy edim-gylymly mesihçileriň arasynda bolmak, diýseň ýakymly! (2 Tim. 3:2). Kongres geçirilýän ýere wagtynda baryp (girelge 8:00-da açylýar), özümizi asuda alyp barsak we diňe özümiz bilen bile ýaşaýanlara, bir ulagda gelenlere ýa-da okuw geçýänlerimize ýer bellesek, edepliligimizi görkezeris. Kongresiň gözegçisi giriş sazyny yglan edende, ýerimize geçip otursak gowy bolar. El telefonyny ýa-da başga-da tehniki serişdelerini başgalaryň ünsüni sowmaz ýaly ýagdaýda goýmaly. Şeýle-de kongres wagty gepleşmesek, SMS ýazmasak, iýip-içmesek we mümkin boldugyndan, ýerimizde otursak gowy bolar.
6. Biz gürrüňdeşlik arkaly biri-birimizi nädip ruhlandyryp bileris?
6 Ruhlandyryjy gürrüňdeşlik. Kongresler bize halkara doganlykdan we agzybirlikden lezzet almaga mümkinçilik berýär (Zeb. 133:1—3). Siz «göwnüňizi giň tutup», dogan-uýalar bilen tanşyp bilermisiňiz? (2 Kor. 6:13). Her gün hiç bolmanda bir adam ýa-da bir maşgala bilen tanyşmagy maksat ediniň. Arakesme wagty tanyşmaga gowy mümkinçilik döreýär. Şol sebäpli arakesmede kongres geçirilýän ýerden daşa gitmän, dogan-uýalar bilen bile naharlanyp, gürrüňdeşlik eder ýaly, ýanymyz bilen biraz iýere zat getirip bileris. Şonda biz köp dogan-uýalar bilen dostlaşarys. Eger biz kongresi kiçi topar bolup, DVD-de görsek-de, gürrüňdeşlikden lezzet almaga we biri-birimizi has gowy tanamaga mümkinçilik bolar.
7. Biz näme üçin kongresde arassaçylyk işine kömek etmeli we ony nädip etse bolar?
7 Mukaddes gullukda imandaşlar bilen işleşmek göwnüňi göterýär. Sen kongres geçirilýän ýeri arassalaşmaga kömek edip bilermiň? (Zeb. 110:3). Munuň üçin kongresiň Meýletin gulluk bölümine ýüz tutuň. Kömekçi köp bolsa, iş şatlykly we aňsat bolar.
8. Biz egin-eşigimize we özümizi alyp barşymyza näme üçin üns bermeli?
8 Ýagşy göreldämiz ruhlandyrýar. Biz diňe kongres geçirilýän ýerde däl, eýsem, üç günüň dowamynda hem kongresiň delegatlary hasaplanýarys. Kongres geçirilýän şäheriň ýaşaýjylary Güwäçileriň başga adamlardan tapawutlanýandygyny görmeli (1 Pet. 2:12). Biz egin-eşigimiz we daş keşbimiz bilen kongresde-de, ýaşaýan hem naharlanýan ýerimizde-de Ýehowany şöhratlandyrmaly (1 Tim. 2:9, 10). Eger biz plaketkamyzy dakyp ýörsek, adamlar biziň Ýehowanyň Güwäçileridigimizi biler. Bu bize kongres barada olara gürrüň bermäge we wagyz etmäge mümkinçilik döreder.
9. Biz myhmanhananyň we naharhananyň işgärlerinde kongres hakda gowy ýatlamalar galar ýaly näme edip bileris?
9 Biz ýaşaýan myhmanhanamyzyň we naharlanýan ýerimiziň işgärleri bilen nädip işleşip bileris? Biz diňe gerekli otaglary sargyt etmeli, ýogsa, başga delegatlaryň ýer tapmagyna päsgel bereris ýa-da myhmanhananyň girdejisine zyýan ýetireris. Eger biz gelenimizde, otag heniz boşamadyk bolsa, onda sabyrly we mylakatly bolmaly (Kol. 4:6). Biz goş daşaýan, otagymyzy arassalaýan we başga-da dürli hyzmatlary ýerine ýetirýän myhmanhananyň hem naharhananyň işgärleriniň edýän hyzmaty üçin çaý puluny bermeli.
10. Mesihçileriň ýagşy edim-gylymy nähili täsir edýär?
10 Kongres döwri biziň ýagşy edim-gylymymyz başgalara nähili täsir edip biler? Gazagystanyň Almaty şäheriniň merkezi stadionynda geçirilen kongrese 6 605 adam gatnaşdy. Stadionyň müdiri: «Men siziň dürli zada bolan garaýşyňyzy görüp geň galdym. Siziň ähliňiz: ýaşlaryňyz-da, garrylaryňyz-da örän mylaýym. Men hudaýhon bolmasam-da, siziň doganlygyňyzy, ruhy we maddy zatlara bolan garaýşyňyzy mukaddes saýýaryn» diýdi. Kongrese gözegçilik eden polisiýa işgäri şeýle diýdi: «Kongres sebäpli men indi siziň bilen ikinji sapar işleşýärin. Ýehowanyň Güwäçileri bilen işleşmek meniň üçin uly hormat».
11. Biz kongres babatda nähili maksat goýmaly we näme üçin?
11 Welaýat kongresi ýetip gelýär! Kongres bilen bagly ähli zatlar ruhlandyryjy ýagdaýda geçer ýaly, köp wagt hem tagalla sarp edilýär. Ýehowa we Onuň guramasynyň edýän zatlaryna minnetdarlyk bildirmek üçin, kongresiň üç gününe-de gatnaşmagy maksat ediniň. Ýagşy edim-gylymyňyz, ýakymly gürrüňleriňiz we gowy göreldäňiz bilen başgalary ruhlandyrmagy ýüregiňize düwüň. Şonda siz-de geçen ýylky kongrese gatnaşan bir adamyň «Meniň ömrümde şeýle şatlykly gün bolmandy!» diýen sözlerine goşulyp bilersiňiz.
[6-njy sahypadaky sitata]
Biz egin-eşigimiz hem-de daş keşbimiz bilen kongresde-de, ýaşaýan we naharlanýan ýerimizde-de Ýehowany şöhratlandyrmaly
[7-nji sahypadaky sitata]
Ýagşy edim-gylymyňyz, ýakymly gürrüňleriňiz we gowy göreldäňiz bilen başgalary ruhlandyrmagy ýüregiňize düwüň
[4-7-nji sahypadaky çarçuwa]
2011-nji ýylyň Welaýat kongresi barada ýatlatmalar
◼ Kongresiň gün tertibi. Kongresiň üç güni hem 9:20-de başlanar. Girelge 8:00-da açylar. Patyşalyk sazy çalnanda, kongres mynasyp tärde başlanar ýaly, her kim öz ýerine geçmeli. Kongres anna we şenbe güni 16:55-de, ýekşenbe güni 15:40-da gutarar.
◼ Maşyn goýulýan ýer. Kongres geçirilýän ýerlerde mümkinçilik bolsa, maşynlary mugt goýar ýaly ýer taýýarlanylar. Adatça, duralgada ýer çäkli bolýar, şonuň üçin her maşynda köpräk delegat gelse gowy bolar.
◼ Ýer. Sen diňe özüň bilen bir maşynda gelenlere ýa-da bile ýaşaýanlara we seniň bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýäne ýer alyp bilersiň (1 Kor. 13:5).
◼ Günortanlyk nahary. Günortan wagty kongres geçirilýän ýerden başga ýere gidip naharlanmaz ýaly, iýmiti ýanyň bilen getirmegiňi haýyş edýäris. Oturgyjyň aşagyna sygar ýaly, nahar salynýan sumka alsa bolar. Gezelenje gidilende ulanylýan uly sowadyjy sumkany we çüýşeden edilen gap-gajy kongrese getirmek gadagan.
◼ Meýletin sowgatlar. Biz Patyşalyk zalynda ýa-da kongresde bütindünýä işi üçin meýletin sowgatlar berip, gurnalan kongrese minnetdarlygymyzy bildirip bileris.
◼ Betbagtçylykly ýagdaý. Eger kongres geçirilýän ýerde betbagtçylyk bolsa, hyzmatçy dogana ýüz tutuň, ol dessine tiz kömek gullugyna habar berer. Eger gerek bolsa, ol 103 belgä jaň edip, tiz kömek gullugyny çagyrar.
◼ Dermanlar. Eger sen däri-derman içýän bolsaň, onda ýanyň bilen ýeterlikli dermanyňy getir, çünki kongresde olaryň bolmazlygy mümkin.
◼ Aýakgap. Her ýyl aýakgap zerarly şikes ýetýär. Aýakgap ýönekeý we aýagyňa laýyk bolmaly, şonda basgançakdan, gözenekli hem başga görnüşli ýerlerden ýöremek amatly hem-de howpsuz bolar.
◼ Meýilnamany ýazga almak. Kongresde ulanylýan elektrik toga ýa-da ses apparatyna hiç hili ýazga alýan serişdeleri birikdirmeli däl. Şeýle-de olary başgalara päsgel bermez ýaly ulanmaly.
◼ Çaga arabasy we eplenýän oturgyçlar. Kongres geçirilýän ýerlerde çaga arabasyny we eplenýän oturgyçlary ulanmaly däl. Emma ata-enesiniň ýanynda oturar ýaly, çaga oturgyjyny getirse bolýar.
◼ Atyr sepinmek. Häzir kongresleriň köpüsi ýapyk jaýlarda geçirilip, howasy emeli usul bilen çalşyrylýar. Şol sebäpli dem almasy kyn we başga keselli adamlara erbet täsir etmez ýaly, ýiti ysly atyrlary azrak sepinsek, olara hormat goýdugymyz bolar (1 Kor. 10:24).
◼ «Şu adamy idemegi haýyş edýäris» diýen resmikagyz. Kongres mahaly resmi däl ýagdaýda wagyz edip, birini gyzyklandyrsak, «Şu adamy idemegi haýyş edýäris» (S-43 U) diýen resmikagyzy dolduryp, ol adam hakda maglumat bermeli. Wagyzçylar kongrese gelende, ýany bilen şol resmikagyzdan birki sanysyny getirmeli. Şeýle resmikagyzy kongresde edebiýat bölümine bermeli ýa-da kongresden gelenden soň, ýygnagyňyzyň kätibine bermeli (Seret km-U 2/05 sah. 6).
◼ Restoranda. Restoranda özüňizi gowy alyp baryp, Ýehowanyň adyny şöhratlandyryň. Eger ýerlikli bolsa, çaý puluny beriň.
◼ Ýaşamak üçin jaý. Hususy jaýda ýaşamagyň we özüňi alyp barmagyň düzgünleri:
1) Gereginden artyk otag sargyt etmeli däl we bellenilen jaýa öý eýesiniň görkezen sanyndan artyk myhman gelmeli däl.
2) Eger garaşylmadyk ýagdaý sebäpli kongrese baryp bilmeseň, haýal etmän myhmanhana habar ber (Mat. 5:37).
3) Ýük daşalýan arabany ulananyňdan soňra ony derrew yzyna ber.
4) Nahary aşhanasy bar otagda taýýarlaň.
5) Otagyňy arassalaýan adama we myhmanhananyň başga işgärlerine çaý puluny beriň.
6) Myhmanlar üçin berilýän ertirlik naharyna, kofä we başga-da zatlara at dakmaň.
7) Myhmanhananyň işgärlerine ruhuň miwesini bildiriň. Olar köp myhmanlaryň aladasyny edýärler we biziň sabyr, ýagşylyk we akyldarlyk ýaly häsiýetlerimize minnetdar bolarlar.
◼ Meýletin kömekçi. Kongresde meýletin kömegimizi bersek, biz has köp şatlyk taparys (Res. iş. 20:35). Kömek etmek isleýänler Meýletin gulluk bölümine ýüz tutup biler. Şeýle-de 16 ýaşyna ýetmedik çagalar hem ata-enesiniň, hossarynyň ýa-da başga bir uly ýaşly mesihçiniň gözegçilik etmegi bilen, öz goşandyny goşup biler.