Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 4/10 sah. 5—7
  • Welaýat kongreslerinde şatlyk bilen sežde edýäris

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Welaýat kongreslerinde şatlyk bilen sežde edýäris
  • Hudaýa gullugymyz — 2010
  • Meňzeş maglumat
  • Welaýat kongreslerimiz hakykat barada güýçli güwä geçýär
    Hudaýa gullugymyz — 2012
  • Ruhy taýdan iýmitlendirýän we şatlandyrýan waka
    Hudaýa gullugymyz — 2008
  • Sen ruhy toýa taýýarlanýarmyň?
    Hudaýa gullugymyz — 2009
  • Ýehowa üç günläp bol bereketini seçer
    Hudaýa gullugymyz — 2011
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2010
km 4/10 sah. 5—7

Welaýat kongreslerinde şatlyk bilen sežde edýäris

1. Ysraýyllylaryň baýramçylygynyň şu günki kongresler bilen näme meňzeşligi bar?

1 Ýusup hem Merýem çagalaryny alyp, başgalar bilen bilelikde Iýerusalimde geçirilýän baýramçylyklara her ýyl barýardylar. Şol günler sežde etmäge barýanlaryň hemmesi öz aladalaryny goýup, ünsüni ruhy zerurlyklara gönükdirip bilýärdi. Ol baýramçylyklar Hudaýyň ýagşylygy we kanunlary hakda oýlanmaga mümkinçilik berýärdi. Welaýat kongresleri bize-de Ýehowa şatlyk bilen sežde etmäge mümkinçilik berýär. Kongresler biziň ýurdumyzda geçirilmese-de, başga ýurtlarda geçirilýän kongreslere gidip bileris. Şeýle kongreslere gatnaşan dogan-uýalar ruhlanýarlar (Zeb. 35:18). Ýetip gelýän kongrese gatnaşmaga hemmeleriň mümkinçiligi bolmasa-da, Isanyň maşgalasyndan nähili görelde alsa bolar?

2. Welaýat kongresine gatnaşmak üçin nädip taýýarlyk görüp bileris?

2 Taýýarlyk gör. Isanyň maşgalasy baýramçylyga baryp, yzyna Nasyra dolanmak üçin 200 km ýol geçmelidi. Biz olaryň maşgalasynda näçe adamyň bolandygyny bilmeýäris, ýöne Ýusup bilen Merýem gowy taýýarlyk gören bolmaly. Welaýat kongresine doly üç gün gatnaşmak üçin senem taýýarlyk görýärmiň? Munuň üçin, belki-de, iş ýeriňden ýa-da çagalaryň üçin mekdepden rugsat almaly bolar. Belki-de, başga ýurda gidip gelmek üçin pul üýşürmeli bolar (1 Kor. 16:2). Myhmanhana otag sargyt etmeli bolarmy? Aýratyn zerurlykly dogan-uýalara kongrese gatnaşmak üçin kömek edip bilermiň? (1 Ýahýa 3:17, 18).

3. Ysraýyllylaryň baýramçylygy olara nähili mümkinçilik berýärdi?

3 Ruhlandyryjy gürrüňler. Ýehudylaryň baýramçylyklary olara biri-biri bilen gürrüňdeş bolmaga mümkinçilik berýärdi. Isanyň maşgalasy hem dost-ýarlary bilen görüşmäge sabyrsyzlyk bilen garaşandyr. Şeýle-de baýramçylyklar olara başga-da ýehudylar we ýehudy dinine geçenler bilen dostlaşmaga mümkiçilik berýärdi.

4. Dogan-uýalaryň gadyryny bilýändigimizi nädip görkezip bileris?

4 Sadyk hem akylly hyzmatkär nutklary çap edilen görnüşde bermän, olary welaýat kongreslerinde eşitdirip, dogan-uýalar bilen görüşmäge we birek-biregi ruhlandyrmaga mümkinçilik döredýär (Ýew. 10:24, 25). Kongrese her gün irräk gelseň, gözegçi dogan ýeriňe geçmegi we giriş aýdymyny yglan etmezden öň, imandaşlar bilen söhbetdeşlikden lezzet alyp bilersiň. Günortan naharlanmak üçin kongres geçirilýän ýerden daşa gitmän, ýanyň bilen iýere zat getirseň, dogan-uýalaryň arasynda bolmaga mümkinçilik bolar. Bütindünýä mesihçi doganlarymyz üçin, biz Ýehowa örän minnetdar! (Mika 2:12).

5. Kongres bize doly peýda getirer ýaly näme etmeli?

5 Bilim alýarys. Isa baýramçylyklara kiçilikden gatnaşyp, gökdäki Atasy hakynda bilim alýardy (Luka 2:41—49). Kongresiň nutklary bize we maşgalamyza peýda getirer ýaly näme etse bolar? Kongres wagtynda ýeriňde oturup, zerur bolmasa gepleşmejek bol. Başgalaryň ünsüni bölmez ýaly, el telefonyňy ýa-da başga-da tehniki serişdelerini ulanma. Nutgy ünsli diňläp, gysgaça bellik et. Maşgala bolup bile otursaňyz, çagalaryň hem diňlemegine gözegçilik edip bilersiňiz. Kongresden soň göwnüňize ýaran pikirler hakynda maşgalaňyz bilen gürrüňdeş bolup bilersiňiz.

6. Geýnenimizde biz nämäni göz öňüne tutmaly?

6 Egin-eşik we daş keşbimiz. Özge ýurtlaryň söwdagärleri baýramçylyga barýan ýehudylary we Isanyň maşgalasyny aňsat tanap bilýärdi. Sebäbi olaryň geýimleriniň eteginiň her burçunda gök ýüplük goşulan gotazjyk tikilgidi (San. 15:37—41). Bu gün mesihçileriň ýörite geýimleri bolmasa-da, egin-eşigiň salykatly, gelşikli we arassa bolmalydygyny bilýäris. Kongrese gidenimizde, gaýdanymyzda we şäherde ýöränimizde daş keşbimize aýratyn üns bermek gerek. Hatda kongresden soň hem geýýän eşigimiz Ýehowanyň adyna ysnat getirmeli däl. Şeýlelikde, biz bu dünýäden tapawutlanarys we üns berýän adamlarda gowy täsir galdyrarys.

7. Meýletin kömekçiniň işi näme üçin wajyp?

7 Meýletin kömekçiler. Kongres sazlaşykly geçer ýaly, köp kömekçi işgär gerek bolýar. Sen meýletin kömekçi bolup bilermiň? (Zeb. 110:3). Kongreslerde edýän hyzmatymyz mukaddes gullugymyzyň bir bölegi bolup, başgalara gowy güwälik edýär. Kongres geçirilen ýeriň müdirine meýletin kömekçileriň arassaçylyk işi gowy täsir galdyrdy. Ol şeýle ýazýar: «Men siziň eden uly işleriňize sagbolsun aýdasym gelýär. Ýehowanyň Güwäçileriniň il içinde ýagşy atly aýratyn adamlardygyny hemişe eşidýärin. Sizden soň ymarat öňküsinden-de arassa bolýar. Siz we siziň guramaňyz bu ymaraty jemgyýet üçin has ýaramly edýärsiňiz. Siz bilen işleşmäge biz elmydama şat».

8. Kongres geçýän şäherde güwälik etmäge nähili mümkinçilik döreýär?

8 Güwälik etmäge mümkinçilik. Eger kongres geçýän şäheriň adamlary biziň gowy geýnişimizi we daş keşbimizi görseler, bize bolan hormaty artar, bu bolsa olara kongres barada gürrüň bermäge mümkinçilik döreder.

9. Ýehowanyň taýýarlaýan kongreslerine minnetdar bolmakda Isanyň maşgalasyndan nähili görelde alyp bileris?

9 Ruhy taýdan bilim almak isleýän ýehudylar şatlykly baýramçylyklara sabyrsyzlyk bilen garaşýardy (Kanun. 16:15). Isanyň maşgalasy olara gatnaşyp, peýda almak üçin köp zatdan geçýärdi. Biz hem welaýat kongreslerine minnetdar bolup, olara gökdäki mähriban Atamyzyň sowgady hökmünde garaýarys (Ýakup 1:17). Ýehowa şatlyk bilen sežde etmek üçin, geliň, kongreslere häzirden taýýarlyk göreliň!

[6, 7-sahypadaky çarçuwa]

Welaýat kongresi bilen bagly ýatlatmalar

◼ Kongresiň gün tertibi. Kongresiň üç güni hem 9:20-de başlanar. Girelge 8:00-da açylar. Patyşalyk sazy çalnanda, kongres mynasyp tärde başlanar ýaly, her kim öz ýerine geçmeli. Kongres anna we şenbe güni 16:55-de, ýekşenbe güni 16:00-da gutarar.

◼ Maşyn goýulýan ýer. Kongres geçirilýän ýerlerde mümkinçilik bolsa, maşynlary mugt goýar ýaly ýer taýýarlanylar. Adatça, duralgada ýer çäkli bolýar, şonuň üçin her maşynda köpräk delegat gelse gowy bolar.

◼ Ýer. Sen diňe özüň bilen bir maşynda gelenlere ýa-da bile ýaşaýanlara we seniň bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýäne ýer tutup bilersiň (1 Kor. 13:5).

◼ Günortan nahary. Günortan wagty kongresden gidip, başga ýerde iýmez ýaly, iýmiti ýanyň bilen getirmegiňi haýyş edýäris. Isleseň oturgyjyň aşagyna sygar ýaly, nahar salynýan sowadyjy sumka alyp bilersiň. Gezelenje gidende nahar salmak üçin ulanylýan uly sowadyjy sumkany, çüýşeden edilen gap-gajy we spirtli içgileri kongrese getirmek gadagan.

◼ Meýletin sowgatlar. Biz Patyşalyk zalynda ýa-da kongresde bütindünýä işi üçin meýletin sowgatlar berip, gurnalan kongrese minnetdarlygymyzy bildirip bileris.

◼ Betbagtçylykly ýagdaý. Eger kongres geçirilýän ýerde betbagtçylyk bolsa, hyzmatçy dogana ýüz tutuň, ol dessine tiz kömek gullugyna habar berer. Eger gerek bolsa, 103 belgä jaň edip, olar tiz kömek gullugyny çagyrarlar.

◼ Aýakgap. Her ýyl aýakgap zerarly şikes ýetýär. Aýakgap ýönekeý we aýagyňa laýyk bolmaly, şonda basgançakdan, gözenekli hem başga görnüşli ýerlerden ýöremek amatly hem-de howpsuz bolar.

◼ Meýilnamany ýazga almak. Kongresde ulanylýan elektrik toga ýa-da ses apparatyna hiç hili ýazga alýan serişdeleri birikdirmeli däl. Şeýle-de ýazga alýan serişdeleri başgalara päsgel bermez ýaly ulanmaly.

◼ Çaga arabasy we eplenýän oturgyçlar. Kongres geçirilýän ýerlerde çaga arabasyny we eplenýän oturgyçlary ulanmaly däl. Emma ata-enesiniň ýanynda oturar ýaly, çaga oturgyjyny getirse bolýar.

◼ Atyr sepinmek. Häzir kongresleriň köpüsi ýapyk jaýlarda geçirilip, howasy emeli usul bilen çalşyrylýar. Şol sebäpli dem almasy kyn we başga keselli adamlara erbet täsir etmez ýaly, güýçli ysly atyrlary azrak sepinsek, olara hormat goýdugymyz bolar (1 Kor. 10:24).

◼ «Şu adamy idemegi haýyş edýäris» diýen resmikagyz. Kongres mahaly resmi däl ýagdaýda wagyz edip, birini gyzyklandyrsak, «Şu adamy idemegi haýyş edýäris» (S-43 U) diýen resmikagyzy dolduryp, ol adam hakda maglumat bermeli. Wagyzçylar kongrese gelende, ýany bilen şol resmikagyzdan birki sanysyny getirmeli. Şeýle resmikagyzy kongresde edebiýat bölümine bermeli ýa-da kongresden gelenden soň, ýygnagyňyzyň kätibine bermeli (Seret km-U 2/05 sah. 6).

◼ Restoranda. Restoranda özüňizi gowy alyp baryp, Ýehowanyň adyny şöhratlandyryň.

◼ Ýaşamak üçin jaý. Hususy jaýda ýerleşmegiň we özüňi alyp barmagyň düzgünleri: 1) Gereginden artyk otag sargyt etme. 2) Bellenilen jaýa öý eýesiniň görkezen sanyndan artyk myhman gelmeli däl. 3) Eger kongrese baryp bilmeseň, haýal etmän jaý bölümine we öý eýesine habar ber. 4) Öý eýesinden seni naharlamagyna we kongrese eltmegine garaşma. Ol zatlaryň aladasyny özüň etmeli bolarsyň. 5) Kongresden soň, öý eýesiniň bellän wagtyndan artyk gün galma. 6) Öý eýesine-de ruhuň miwesine degişli häsiýetleri bildir (Gal. 5:22, 23). 7) Eger sen başga ýerde geçýän kongrese gitmekçi bolsaň, onda ýygnagyň kätibine ýüz tutup bilersiň.

◼ Meýletin kömekçi. Kongresde meýletin kömek bersek, biz has köp şatlyk taparys (Res. iş. 20:35). Kömek etmek isleýänler Meýletin gulluk bölümine ýüz tutup biler. Şeýle-de 16 ýaşyny dolan çagalar hem ene-atasynyň, hossarynyň ýa-da başga bir ýetişen mesihçiniň gözegçilik etmegi bilen kömek edip, öz goşandyny goşup biler.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş