Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 4/08 sah. 4—5
  • Ruhy taýdan iýmitlendirýän we şatlandyrýan waka

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ruhy taýdan iýmitlendirýän we şatlandyrýan waka
  • Hudaýa gullugymyz — 2008
  • Meňzeş maglumat
  • Sen ruhy toýa taýýarlanýarmyň?
    Hudaýa gullugymyz — 2009
  • Özüňizi mynasyp alyp baryp, Isa Mesihe eýeriň
    Hudaýa gullugymyz — 2007
  • Ýehowa garaşyň
    Hudaýa gullugymyz — 2006
  • Welaýat kongreslerinde şatlyk bilen sežde edýäris
    Hudaýa gullugymyz — 2010
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2008
km 4/08 sah. 4—5

Ruhy taýdan iýmitlendirýän we şatlandyrýan waka

1. Ýehowa nädip ruhy taýdan gullukçylarynyň aladasyny edýär?

1 Ýehowa söýgi bilen gullukçylarynyň ruhy taýdan aladasyny edýär. Bütin dünýäde adamlaryň köpüsi ruhy taýdan aç bolsa-da, biziň bolelin ruhy iýmitimiz bar (Iş. 65:13). Ýehowa bizi dürli usul bilen iýmitlendirýär. Olardan biri: her ýyl geçirilýän welaýat kongresleri. Siz «Hudaýyň ruhy bize ýolbaşçylyk edýär» atly welaýat kongresine barmaga taýýarlyk görýärmisiňiz? Size mazmuna baý ruhy toý garaşýar.

2. Biz welaýat kongresi babatda öňünden nämäniň aladasyny etmeli?

2 Öňünden aladasyny ediň. «Işeňňir adamyň pikirleri diňe bolçulyga getirýändir» (Sül. tym. 21:5). Şol sebäpli, kongresiň üç gününe-de barmak üçin, işiňizden öňünden rugsat almagyň aladasyny ediň. Ýaşamaga ýer barada alada etdiňizmi? Siz arakesme wagty dogan-uýalar bilen bolmak isleýänsiňiz, şonuň üçin iýmitiňizi ýanyňyz bilen getiriň. Ýer tutmak we kongresiň başynda aýdylýan doga we aýdyma gatnaşmak üçin, her güni irräk barmaga jaň ediň.

3. Biz kongres döwründe nähili geýinmeli?

3 Biz egin-eşigimiziň ýönekeý we dabara mynasyp bolmagyny isleýäris (1 Tim. 2:9, 10). Welaýat kongresi adamlara wagyz etmäge ajaýyp mümkinçilik döreýär. Biz daş-keşbimiz hem-de welaýat kongresiniň ady ýazylan plaketkamyz bilen, Hudaýa gulluk etmeýän adamlardan tapawutlanyp, uly täsir galdyrýarys.

4. Bize we maşgala agzalarymyza kongresi gowy diňlemek üçin näme kömek eder?

4 Ünsli diňläň. Biz ruhy toýda peýdaly pikirleriň ählisini diňlemek isleýäris (Sül. tym. 22:17, 18). Mukaddes Ýazglylardan okalýan aýatlary yzarlasak hem-de gysgaça bellikler etsek, pikirimizi aýdylýan zatlara gönükdirmäge we ünsümizi sowmazlyga kömek eder. Soňra agşam eden belliklerimize göz aýlap, göwnümizden turan pikirleri dogan-uýalar bilen ara alyp maslahatlaşyp bileris. Soňky ýyllarda ýetginjekleriň käbiri bile oturyp, kongres geçip durka el telefony arkaly hat alyşýandygyna we gepleşýändigine üns berildi. Çagalar ýetginjek bolsa-da, ata-eneler olar bilen bile otursa gowy bolar. Çagalaryňyza deň-duşlary bilen oturmaga rugsat bermäň.

5. Biz kongresden nädip köp şatlyk alyp bileris?

5 Pikir alyşmakdan lezzet alyň. Saçagyň başynda dostlar bilen pikir alyşmak nahary has-da tagamly edýär (Sül. tym. 15:17). Şonuň ýaly, dogan-uýalar bilen pikir alyşmaklyk kongresi örän şatlykly edýär. Kongres başlamazyndan öň dogan-uýalar bilen tanşyp, pikir alyşsak, örän ýakymly bolýar (Zeb. 133:1). Kongresiň baş gözegçisi mähir bilen, ýeriňize geçmegi haýyş edende we saz çalynyp başlanda, siz gürrüňizi tamamlap, ýeriňize geçiň hem-de kongresi diňlemäge taýýarlyk görüň.

6. Welaýat kongresi geçirilen şäherlerde nähili wagyz edilendigi barada gürrüň beriň.

6 Wagyz etmegi unutmaň. Welaýat kongresi wagyz etmäge ajaýyp mümkinçilik döredýär. Ýolagçylar köpleç kongresiň delegatlaryndan plaketkasyndaky ýazgynyň näme aňladýandygyny soraýarlar. Bu ýagdaý dogan-uýalara hakykat barada wagyz etmäge mümkinçilik berýär. Şeýdip, käbir adamlar çagyryldy we olar kongrese geldiler.

7. Biz näme üçin kongrese barmaly?

7 Kongresiň meýilnamasyny düzmek, nutk we ýer taýýarlamak, şeýle-de kongresiň bölümlerini gurnamak üçin, müňlerçe sagat sarp edilýär. Şeýle ruhy toýýa taýýarlanmakda edilen tagallalar Ýehowanyň halky üçin edýän mähirli aladasyny görkezýär. Ruhy taýdan bol iýmitlenmek üçin, geliň, kongrese, gatnaşalyň! Eger şeýtsek, bu zalym dünýäden tapawutlylykda, biz «ýürekden şatlanyp, gygyrarys» (Iş. 65:14).

[4 sahypadaky çarçuwa]

Welaýat kongresi barada ýatlatma

◼ Kongresiň gün tertibi. Kongres her gün 9:20-de başlanar. Girelge 8:00-da açylar. Kongres mynasyp tärde başlanar ýaly, Patyşalyk sazy çalnanda, hemmeler öz ýerine geçmeli. Kongres anna güni we ruhgüni 16:55-de, dynçgüni bolsa 16:00-da gutarar.

◼ Maşyn duralgasy. Mümkin boldugyndan, kongres geçiriljek ýerlerde, maşynlary mugt goýmak üçin ýer bolar. Gelen badyňa maşyny duralganyň boş ýerinde goýup bilersiň. Plaketkaly delegatlar maşynyny duralgada goýup biler. Maýyplaryň ulagynda «Maýyp» diýen belgisi bolsa, maşynyny duralganyň aýratyn medançasynda goýup biler.

◼ Ýer tutmak. Siz diňe özüňiz bilen bir maşynda gelenlere ýa-da siziň bilen bile ýaşaýanlara ýer tutup bilersiňiz.

◼ Günorta nahary. Günorta nahar wagty başga ýere gidip naharlanmaz ýaly, iýmitiňizi ýanyňyzda getirmegiňizi haýyş edýäris. Isleseňiz, nahary gaba salyp, oturgyjyňyzyň aşagyna goýup bilersiňiz. Iýim-içimi uly ýa-da döwülýän gaba salmak we spirtli içgileri getirmek bolmaýar.

◼ Meýletin sowgat. Biz gurnalan duşuşyklara minnetdarlygymyzy bildirmek üçin, Patyşalyk zallarynda ýa-da kongreslerde meýletin sowgat berip bileris.

◼ Betbagtçylyk. Kongres geçirilýän ýerde garaşylmadyk ýagdaý dörände, hyzmatçy dogana habar beriň. Ol dessine ilkinji kömek ediş gullugyna habar berer. Şol bölümde meýletin gulluk edýän doganlar tejribeli medisina kömegini bererler. Eger gerek bolan ýagdaýynda, olar tiz kömegi-de çagyryp bererler.

◼ Çagalar üçin kolýaska we ýygnalýan oturgyç. Kongres geçirilýän ýerlerde çagalar üçin kolýaskany we ýygnalýan oturgyjy ulanmaly däl. Çagalar üçin howpsuz oturgyjy geçelgäni ýapmaýan ýerlerde ata-enesiniň oturgyjana berkitse bolýar.

◼ Atyr sepinmek. Welaýat kongresleriň köpüsi üsti ýapyk jaýda geçirilýär we onuň howasy emeli usul bilen çalşyrylýar. Şonuň üçin demgysma we başga keselli adamlara erbet täsir etmez ýaly, ýiti ysly atyry azrak sepinsek, olara hormat goýdugymyz bolar (1 Kor. 10:24).

◼ «Bu adamy idemegi haýyş edýärin» atly resmikagyz. Kongres döwründe resmi däl ýagdaýda wagyz edeniňizde adamda gyzyklanma dörände, «Bu adamy idemegi haýyş edýärin» atly S-43—U resmikagyzy dolduryp, ol adam hakda maglumat beriň. Wagyzçylar kongrese gidende, ýany bilen şol resmikagyzdan bir-iki sanysyny almaly. Doldurylan resmikagyzy edebiýat bölümine ýa-da kongresden geleniňizden soňra ýygnagyňyzyň kätibine bermeli (2005 ý. Baýdak aýynda çykan «Hudaýa gullugymyzyň» 6-njy sah. serediň).

◼ Ýaşamak üçin jaý. Haýyşnamany hususy öýde ýerleşmek üçin ýazanymyzda, şu aşakdakylary göz öňüne tutmaly: 1) ähli ýagdaýda (CO-5) resmikagyzy ulanmagy haýyş edýäris; 2) jaý bölüminden alnan ýaşaýyş ýer baradaky maglumaty bolan (CO-4) resmikagyzy başga birine bermeli däl; 3) jaý diňe kongres günleri berilýändigini unutmaň; 4) çagalaryňyza göz-gulak bolup, olary ýeke galdyrmaň; 5) imandaşlaryň edýän hyzmatyna minnetdar bolup, Ressullaryň işleri 20:35-däki prinsipe eýeriň; 6) hemişe ruhuň miwesini görkezmäge jan ediň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş