Ýehowa garaşyň
1. Kongresiň ady näme we onuň ady näme üçin ýerlikli?
1 «Ýehowa — adalatly Hudaý. Oňa garaşýanlaryň hemmesi bagtlydyr» diýip, Işaýa pygamber ýazýar (Iş. 30:18). Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň duşmanlaryna jeza berşi hem-de wepaly gullukçylaryny halas edişi hakda köp gürrüň berilýär. Eýsem, Ýehowanyň häzirki gullukçylary şol wakalardan näme öwrenip biler? Hudaýyň «uly, aýylganç gününe» häzirden taýýarlanmak üçin biz näme edip bileris? (Ýowel 2:31, 32). Ýakynda boljak «Gutulyş golaýlady!» atly welaýat kongresi şu sowallaryň üstünde oýlanmaga we özümizi barlamaga höweslendirer. Şol kongres bize Ýehowa garaşmaga kömek eder.
2. Welaýat kongresi üçin minnetdarlygymyzy nädip bildirip bileris?
2 Şol kongresiň üç gününe-de gatnaşmak üçin taýýarlyk görýäňmi? Meselem, başlygyňdan işden galmaga rugsat aldyňmy? Muňa biperwaý garama. Gaýtam, bu barada doga et-de, başlygyňdan rugsat sora (Neh. 2:4, 5). Şeýle-de ulag, ýaşaýyş jaý we beýleki wajyp işleri hem soňa goýma. Sen şu zatlara oňat taýýarlyk görüp, Ýehowanyň ruhy saçagyna ýürekden minnetdarlygyňy bildirýärsiň. Ýaşulular kömege mätäç wagyzçylara kongrese taýýarlanmaga ýardam etmeli. Esasanam, ýygnakdaky garry wagyzçylary unutmaly däl (Gal. 6:10).
3. Kongres geçirilýän şäherde Ýehowanyň halky haýsy häsiýetleri bilen tapawutlanýar?
3 Oňat görelde Hudaýy şöhratlandyrýar. Biz kongreslerde özümizi oňat alyp barşymyz bilen adamlara wagyz edýäris. Biz munuň üçin näme etmeli? Myhmanhanalarda, restoranlarda we beýleki jemgyýetçilik ýerlerinde bize duşýan adamlar biziň sabyrlylyk, ýumşaklyk, özüne erk etmeklik we paýhaslylyk ýaly mesihi häsiýetlerimizi görmeli (Gal. 5:22, 23; Flp. 4:5). Biziň söýgümiz «biabraýçylykly iş etmeýär, öz nepini gözlemeýär, gaharlanmaýar, içinde hylt saklamaýar». Hatda kynçylyk ýa amatsyzlyk ýüze çyksa-da, biz «baryny Hudaýyň şöhraty üçin etmek» isleýäris (1 Kor. 10:31; 13:5).
4. Ene-atalar çagalaryna Ýehowany şöhratlandyrar ýaly özüni alyp barmaga nädip kömek edip bilerler?
4 Bir kongresden soň, myhmanhananyň dolandyryjysy biziň ýaşlarymyzyň özüni alyp barşyny we geýnişini şeýle halady welin: «Myhmanhanamyzyň gapysy Ýehowanyň Güwäçileri üçin hemişe açyk» diýdi. Bu sözler diýseň begendirýär! Onuň aýdan sözleri ene-atalaryň çagalaryna oňat terbiýe berýändigini we göz-gulak bolýandygyny görkezýär. Şonuň üçin paýhasly ene-atalar çagalaryny myhmanhanada öz başyna galdyrmaýarlar. Çagalara hemişe göz-gulak bolmaly (Sül. tym. 29:15). Çagalar, geliň, özümizi oňat alyp baryp, Ýehowany şöhratlandyralyň hem-de ýüregini şatlandyralyň! (Sül. tym. 27:11).
5. Biz egin-eşigimiz we daş keşbimiz bilen Ýehowany nädip şöhratlandyryp bileris?
5 Sada geýinmek. Biziň egin-eşigimiz we daş keşbimiz geň, utançsyz, edepsiz we hopul-sopul bolmasa, onda kongresi daşynda synlaýan adamlarda oňat täsir galdyrarys. Biz kongres geçirilýän şähere gidişin we gaýdyşyn, kongres geçiriljek ýeri taýýarlamaga kömek edýän wagtymyz we kongres mahaly hem şeýle göreldeli geýinmeli. Hudaýyň gullukçylary hökmünde biz, ilki bilen, öz bähbidimizi däl-de, Ýehowanyň at-abraýy hakda alada edýäris. Maşgalabaşy maşgalasynyň egin-eşiginiň we daş keşbiniň hemişe sada hem sagdyn düşünjeli bolmagyna jogapkärli (1 Tim. 2:9).
6. Diňe kongresde däl-de, eýsem, kongresden soň hem, meselem, agşamlaryna-da, näme üçin edepli geýinmeli?
6 Şeýle-de myhmanhanada, dükanda we restoranda hem edepli geýinmek örän wajyp. Kongresden soň agşamlyk edinmäge gitsek-de, kongrese geýnişimiz ýaly geýinsek oňat bolardy. Kongresiň «plaketkasyny» dakynsak, onda wagyz etmäge amatly mümkinçilik dörär (2 Kor. 6:3, 4).
7. Biz kongresiň tertip-düzgünli we şatlykly geçmegi üçin näme edip bileris? («Welaýat kongresi barada ýatlatmalara» seret).
7 «Ýehowa size mähribanlyk etmek üçin garaşar we size rehimdarlyk etmek üçin ýerinden galar» diýip, Işaýa öňünden aýtdy (Iş. 30:18a). Eger-de biz Ýehowanyň rehimdarlygy we merhemeti üçin minnetdar bolsak, onda kongres üçin ýygnanyşanymyzda biz özümizi alyp barşymyz we daş keşbimiz bilen Ýehowany şöhratlandyrmak isleýäris. «Gutulyş golaýlady!» atly kongresi, goý, Hudaýy şöhratlandyrsyn we bize Ýehowa garaşmaga kömek etsin!
[6-njy sahypadaky çarçuwa]
Welaýat kongresi barada ýatlatmalar
◼ Kongresiň gün tertibi. Kongres her gün 9:30-da başlanýar. Gapysy 8:00-da açylýar. Kongres başlamaga birnäçe minut galanda alyp baryjy dogan sahna çykyp, öz ýerine geçer welin, Patyşalyk sazy başlar. Kongres wagtynda başlar ýaly, şol wagtyň özünde her kes öz ýerine geçip oturmaly. Kongres Annagüni 17:15-de, Ruhgüni 17:05-de, Dynçgüni bolsa, 16:10-da gutarýar.
◼ Ýer tutmak. Sen diňe özüň bilen bir maşynda gelenlere ýa-da bile ýaşaýanlara ýer tutup bilersiň.
◼ Meýletin sowgat. Welaýat kongresini geçirmek üçin köp çykdajy edilýär. Şoňa görä-de, biz Patyşalyk zalynda ýa-da kongresde bütindünýä işi üçin meýletin sowgatlar berip, minnetdarlygymyzy bildirip bileris.
◼ Betbagtçylykly ýagdaý. Tiz kömegiň işgärlerine köplenç el telefonyndan ähmiýetsiz zatlar boýunça jaň edýärler. Şol sebäpli tiz kömegiň işgärleri nägilelik bildirýärler. Kongres geçirilýän ýerde birden tiz kömek gerek bolsa, onda golaýdaky hyzmatçy dogana ýüz tut. Ol dessine kongresiň tiz kömek gullugynda işleýän dogana habar berer. Şol bölümde işleýän doganlar tejribeli medisina kömegini bererler. Eger gerek bolsa, olar tiz kömek gullugyny-da çagyrarlar.
◼ Atyr sepinmek. Kongresleriň köpüsi ýapyk jaýlarda geçirilýär. Howasy bolsa, emeli usul bilen çalşyrylýar. Şol sebäpli dem alyş ýoly we başga keselli adamlara erbet täsir etmez ýaly güýçli ysly atyrlary azrak sepinsek, olara hormat goýdugymyz bolar (1 Kor. 10:24).
◼ Gyzyklanýan adamlar. Kongres mahaly ýolda-yzda wagyz edip, birini hakykat bilen gyzyklandyrsak, onda şol adam hakda maglumat bermek üçin S-43-U («Şu adamy idemegi haýyş edýäris») blankasyny doldurmaly. Wagyzçylar kongrese ýany bilen şol blankadan birki sanysyny almaly. Şeýle-de kongresde şol blankany alyp baryjynyň bölüminden alsa bolar. Doldurylan blankany alyp baryjynyň bölümine eltip bermeli ýa-da ýygnagyňyzyň mürzesine tabşyrmaly («Hudaýa gullugymyz», Baýdak 2005 ý., s. 6-a seret).
◼ Ýaşamak üçin jaý. Hususy jaýda ýerleşmek üçin haýyşnama ýazanymyzda şu aşakdakylary göz öňüne tutmaly: 1) Ähli ýagdaýda SO-5 blankany ulanmagy haýyş edýäris; 2) Jaý bölüminden alnan SO-4 blankasyndaky ýaşaýyş ýer baradaky maglumaty başga birine bermeli däl; 3) Ýanyň bilen prostyn, ýassykdaşy we ýorgandaş hem-de iýim-içim alsaň oňat bolar; 4)Çagalaryňa göz-gulak bolmaly, ýeke galdyrmaly däl; 5) Imandaşlaryň edýän hyzmatyna minnetdar bolmaly we Resullaryň işleri 20:35-däki prinsipi unutmaly däl; 6) Jaý barada haýyşnamaňy yzyna almak isleseň, onda hökman jaý bölümine habar ber.