Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 4/06 sah. 6
  • Tanyşlaryň arkaly okuwa başlap gördüňmi?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Tanyşlaryň arkaly okuwa başlap gördüňmi?
  • Hudaýa gullugymyz — 2006
  • Meňzeş maglumat
  • Okuw geçýänlere şägirt bolmaga kömek ediň (II bölüm)
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
  • Wagyz etmek tejribämizi artdyrýarys. «Hakykaty kabul etmek isleýän adamlara» şägirt bolmaga kömek edýäris
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2018
  • Mukaddes Ýazgylar okuwyny tapmagyň bäş usuly
    Hudaýa gullugymyz — 2012
  • Okuw geçýäne suwa çümdürilmäge kömek ediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2006
km 4/06 sah. 6

Tanyşlaryň arkaly okuwa başlap gördüňmi?

Häzir Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýän bolsaň, öwrenýän adamyň dostlarynyň, garyndaşlarynyň ýa-da tanyşlarynyň hem Mukaddes Ýazgylaryň näme öwredýändigi barada bilesi gelýändir. Sen bu barada ondan sorap gördüňmi? Şonda ol käbir tanyşlarynyň adyny agzar. Eger öwrenýän adam razy bolsa, sen olara Mukaddes Ýazgylar okuwyny hödürläp bilersiň. Sen şeýle diýip bilersiň: «[Öwrenýäniň adyny tutup] Mukaddes Ýazgylary öwrenmegi gowy görýär. Ol maňa, belki, sizem Mukaddes Ýazgylary öwrenmek islärsiňiz diýdi». «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» diýen kitap boýunça okuwyň geçirilişini gysgaça görkez.

Seniň bilen öwrenýän adam ruhy taýdan ösýän bolsa, onda sen ony dostlaryna we garyndaşlaryna okuwyň geçirilişi barada gürrüň bermäge höweslendirip bilersiň. Öwrenýän adam olary özi bilen geçilýän okuwa çagyryp biler. Eger-de bu amatly bolmasa, özüň olar bilen duşuşyp okuwyň geçirilişini görkezip bilersiň. Şeýtsek, öwrenýän adamy Mukaddes Ýazgylardan öwrenen zatlaryny başga adamlara wagyz etmäge höweslendirer.

Seniň yzygiderli ikilenç ideg edýän adamlaryň özleri Mukaddes Ýazgylary öwrenmek islemese-de, belki, olaryň tanyşlaryndan biri okuw geçmek isleýändir. Sen bu barada olardan sorap gördüňmi? Sen olara «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» diýen kitaby hödürläniňde şeýle sorap bilersiň: «Belki, siziň tanyşlaryňyzam şu kitaby edinmek isleýändir?».

Wagtyň az galandygy üçin adamlar hoş habary eşidip, kabul eder ýaly biz ähli usullary ulanmak isleýäris. Tanyşlaryň arkaly okuw başlap gördüňmi?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş