MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Wagyz etmek tejribämizi artdyrýarys «Hakykaty kabul etmek isleýän adamlara» şägirt bolmaga kömek edýäris
NÄME ÜÇIN WAJYP? Ýehowa «ebedi ýaşaýşa eltýän hakykaty kabul etmek isleýän adamlaryň» ýüreginde ekilen hakykat tohumyny ösdürýär (Res 13:48; 1Kr 3:7). Biz wagyzda öwrenýän zatlaryna eýermek isleýän adamlara has köp üns berenimizde, Ýehowa bilen işleşýäris (1Kr 9:26). Okuw geçýän adamlarymyz halas bolmak üçin suwa çümdürilmegiň wajypdygyna düşünmeli (1Pt 3:21). Biz olara durmuşyny özgertmäge, wagyz etmäge, öwretmäge we özüni Ýehowa bagyş edip, şägirt bolmaga kömek edýäris (Mt 28:19, 20).
NÄDIP ETMELI?
Gyzyklanýanlara okuwyň maksadynyň Ýehowa barada «bilim almaga» we onuň göwnünden turmaga kömek etmekdigini ýatladyň (Ýah 17:3)
Olara ruhy ösüşleri etmek üçin ýaramaz endiklerini we erbetler bilen gatnaşygyny goýmaga kömek ediň
Olary suwa çümdürilmezinden öň we soň berkidiň hem-de ruhlandyryň (Res 14:22)
«ÝEHOWA SENI GOLDAR» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:
Özüňi Hudaýa bagyş etmäge we suwa çümdürilmäge nämeden gorky saklap biler?
Ýaşulular Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýänlere ruhy taýdan ösmäge nädip kömek edip biler?
Işaýa 41:10-dan Ýehowa barada näme bilýäris?
Bikämil bolsak-da, Ýehowa ýaramly gulluk etmäge haýsy häsiýetler kömek eder?
Şägirt taýýarlanymyzda Ýehowa bilen nädip işleşýäris?