Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 4/07 sah. 4—5
  • Özüňizi mynasyp alyp baryp, Isa Mesihe eýeriň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Özüňizi mynasyp alyp baryp, Isa Mesihe eýeriň
  • Hudaýa gullugymyz — 2007
  • Meňzeş maglumat
  • Ruhy taýdan iýmitlendirýän we şatlandyrýan waka
    Hudaýa gullugymyz — 2008
  • Ýehowa garaşyň
    Hudaýa gullugymyz — 2006
  • Sen ruhy toýa taýýarlanýarmyň?
    Hudaýa gullugymyz — 2009
  • Welaýat kongreslerinde şatlyk bilen sežde edýäris
    Hudaýa gullugymyz — 2010
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2007
km 4/07 sah. 4—5

Özüňizi mynasyp alyp baryp, Isa Mesihe eýeriň

1. Özümizi mynasyp alyp barmagyň şu ýylky welaýat kongresiniň ady bilen nähili baglanyşygy bar?

1 Mukaddes Ýazgylarda Älemiň hökümdary Ýehowa «hormata we şöwkete geýnen» diýilýär (Zeb. 104:1). Isa Mesih hemişe aýdýan sözleri we edýän işleri bilen Atasyna hormat getirip, onuň ähli işlerini şöhratlandyrýardy (Ýahýa 17:4). «Isa Mesihe eýeriň!» atly welaýat kongresde her birimiziň Isa Mesihden görelde alyp, Ýehowany şöhratlandyrmaga mümkinçiligimiz bolar.

2. Näme üçin kongresiň bir bölümini-de geçirmez ýaly elimizde baryny etsek, Ýehowa hormat goýdugymyz bolar?

2 Mynasyp sežde. Ýehowanyň biziň üçin taýýarlan ruhy baýramçylygyna gatnaşsak, oňa hormat goýarys. Kongresiň üç gününe, şol sanda Anna güni hem gatnaşmak üçin iş ýerdäki başlygyňyzdan rugsat alyp, ähli işleriňizi ýola goýduňyzmy? Wagtynda gelip, ýeriňizi tapyp, kongresi açýan aýdyma we doga gatnaşmak üçin irräk barmagy göz öňünde tutduňyzmy? Iýjek iýmitiňizi öňünden taýýarlap, kongres geçirilýän ýerden uzaga gitmän, dogan-uýalar bilen arakesmede nahar edinmegiň aladasyny etdiňizmi? Her bölümiň öň ýanynda, kongresi alyp barýan dogan ýerimize geçmegi haýyş eder we saz çalnar; şonda gürrüňdeşligi tamamlap, meýilnama taýýar bolmak üçin ýerimize geçmeli.

3. Meýilnamany ünsli diňlesek, Ýehowany nähili şöhratlandyrarys?

3 Kongresi ünsli diňlemek bilen gökdäki Atamyzy şöhratlandyrarys. Welaýat kongresinde bolan bir habarçy şeýle ýazýar: «Kongresdäki adamlaryň özüni göreldeli alyp barşy, daşyndan syn edýän adamda uly täsir galdyrýar. Sebäbi hemme ýuwaş oturyp, dykgatly diňläp, ruhy soraglar bilen gyzyklanýandygyny görkezýär». Şeýle-de ol: «Çagalaryň köpüsiniň özüni gowy alyp barşy haýran galdyrýar, hatda Mukaddes Ýazgylardan aýatlary höwes bilen açyp okaýarlar» diýip belleýär. Kongres wagtynda ýerliksiz gürrüň etmegiň, el telefon arkaly hat alyşmagyň, iýmegiň ýa-da dälizde (koridorda) gezmegiň wagty däl. Çagalar we ýetginjekler meýilnamany ünsli diňlär ýaly, ata-enesi bilen bile oturmaly (Kanun. 31:12; Sül. tym. 29:15). Şeýtmek bilen, başgalara hormat goýýandygymyzy we ruhy iýmite minnetdarlygymyzy görkezeris.

4. Näme üçin kongrese mynasyp eşik geýmeli?

4 Mynasyp geýinmek. Geçen ýylky welaýat kongresde okalan «Hudaýyň beýikligini hemişe görkez» atly nutkdaky berlen ýatlatmalara köp adamlar minnetdarlyk bildirdi. Nutkda Hudaýyň gullukçylary egin-eşigi we daşky görnüşi bilen Hudaýyň beýikligini görkezmelidigi barada bellenilip geçildi. Şu ýyl hem biz muňa çynlakaý seretmeli, çünki eşigimiz Ýehowa we onuň Güwäçisi bolmak hormatyna garaýşymyzy görkezýär. Biz hemişe «Hudaý ýolunda gezýändiklerimizi ykrar edýän» mesihçiler ýaly geýinmeli (1 Tim. 2:9, 10).

5. Kongres geçirilýän günleri dynç alanda, nädip mynasyp geýnip bileris?

5 Diňe kongrese baranymyzda mynasyp geýinmelimi? Köp adamlar plaketkamyzy görüp, nirede bolsagam bize syn edýär. Biz daşky görnüşimiz bilen beýleki adamlardan tapawutlanmaly. Şol sebäpli dynç alýan wagtymyz, mysal üçin, kongresden soň naharhana baranymyzda, egin-eşigimiz Hudaýyň gullukçylaryna mynasyp bolmaly; şeýle ýagdaýda jinsi, gysga balak we futbolka ýaly egin-eşik makul däl. Bu ýerli ýaşaýjylara nähili şaýatlyk bolar! Hudaýyň gullukçylaryna mynasyp daş keşbimiz Ýehowany begendirer.

6. Özümizi mynasyp alyp barşymyz we daş keşbimiz nähili netije berýär?

6 Gowy netijeler. Mynasyp eşik geýip, kongresde özümizi göreldeli alyp barsak, resmi däl ýagdaýda wagyz etmäge mümkinçilik dörär we adamlarda gowy täsir galdyrarys. Welaýat kongresinden soň, guramanyň wekilleriniň biri şeýle diýdi: «Şeýle edep-ekramly adamlara biz hiç haçan duşmadyk. Hudaý hut siziň ýaly adamlary kabul edýär». Özümizi mynasyp alyp barşymyz hem-de daş keşbimiz bir-birimizi hormatlaýandygymyzy görkezýär we Ýehowany şöhratlandyrýar (1 Pet. 2:12). Şeýle-de Hudaýdan gorkýandygymyzy we gökdäki Atamyzyň öwredýändigine minnetdarlygymyzy görkezýäris (Ýew. 12:28). «Isa Mesihe eýeriň!» atly welaýat kongresine garaşyp, geliň, her bir zatda Ýehowany şöhratlandyralyň.

[5-nji sahypadaky çarçuwa]

Welaýat kongresi barada ýatlatma

◼ Kongresiň gün tertibi. Kongres her gün 9:20-de başlanar. Girelge 8:00-da açylar. Patyşalyk sazy çalnanda, kongres mynasyp tärde başlanar ýaly, her kim öz ýerine geçmeli. Kongres Annagüni, Ruhgüni 17:05-de, Dynçgüni bolsa 16:10-da gutarar.

◼ Maşyn duralgasy. Mümkinçilik bar bolsa kongres geçirilýän ýerlerde maşynlary mugt goýar ýaly ýer bolar. Maşyn duralgasynda diňe kongrese gelen plaketkasy bar delegatlar maşynyny goýup biler. Adatça, duralgada ýer çäkli bolýar, şonuň üçin her maşynda köpräk delegat gelse gowy bolar.

◼ Ýer tutmak. Sen diňe özüň bilen bir maşynda gelenlere ýa-da bile ýaşaýanlara ýer tutup bilersiň.

◼ Günortan nahary. Günortan wagty kongresden gidip, başga ýerde iýmez ýaly, iýmiti ýanyň bilen getirmegiňi haýyş edýäris. Isleseň oturgyjyň aşagyna sygar ýaly nahar salynýan gap alyp bilersiň. Gezelenje gidende nahar salmak üçin ulanylýan uly gaby, çüýşeden edilen gap-gajy we spirtli içgileri kongrese getirmek gadagan.

◼ Meýletin sowgat. Welaýat kongresini geçirmek üçin köp çykdajy edilýär. Şoňa görä-de, Patyşalyk zalynda ýa-da kongresde bütindünýä işi üçin meýletin sowgatlar berip, minnetdarlygymyzy bildirip bileris.

◼ Betbagtçylykly ýagdaý. Tiz kömegiň işgärleri el telefonyndan köplenç ähmiýetsiz zat üçin jaň edýändigi sebäpli nägilelik bildirýärler. Kongres geçirilýän ýerde bir zat bolsa, hyzmatçy dogana ýüz tutuň, ol dessine tiz kömek gullugyna habar berer. Şol bölümde meýletin gulluk edýän doganlar tejribeli medisina kömegini berer. Eger gerek bolsa, olar tiz kömek gullugyny-da çagyrarlar.

◼ Meýilnamany ýazga almak. Kongresde ulanylýan elektrik toga ýa-da ses apparatyna hiç hili ýazga alýan serişdeleri birikdirmeli däl. Şeýle-de ýazga alýan serişdeleri başgalara päsgel bermez ýaly ulanmaly.

◼ Atyr sepinmek. Kongresleriň köpüsi ýapyk jaýlarda geçirilip, howasy emeli usul bilen çalşyrylýar. Şol sebäpli dem alyş ýoly we başga keselli adamlara erbet täsir etmez ýaly, güýçli ysly atyrlary azrak sepinsek, olara hormat goýdugymyz bolar (1 Kor. 10:24).

◼ Gyzyklanýan adamlar. Kongres mahaly resmi däl ýagdaýda wagyz edip, birini gyzyklandyrsak, «Şu adamy idemegi haýyş edýäris» diýen S-43-U blankasyny dolduryp, ol adam hakda maglumat bermeli. Wagyzçylar kongrese gelende, ýany bilen şol blankadan birki sanysyny getirmeli. Şeýle blankany kongresde edebiýat bölüminden hem alsa bolar. Doldurylan blankany edebiýat bölümine ýa-da öz ýygnagyňyzyň kätibine bermeli («Hudaýa gullugymyz», Baýdak 2005 ý., s. 6-a seret).

◼ Ýaşamak üçin jaý. Hususy jaýda ýerleşmek üçin haýyşnama ýazanymyzda şu aşakdakylary göz öňüne tutmaly: 1) ähli ýagdaýda SO-5 blankany ulanmagy haýyş edýäris; 2) jaý bölüminden alnan ýaşaýyş ýer baradaky maglumatly SO-4 blankasyny başga birine bermeli däl; 3) ýanyň bilen ýorgan-ýassygyň daşyna geýdirilýän daşlyk we iýim-içim almak ýerlikli bolar; 4) çagalaryňyzy ýeke galdyrman, olara göz-gulak bolmaly; 5) imandaşlaryň edýän hyzmatyna minnetdar bolup, Resullaryň işleri 20:35-däki prinsipi unutmaň; 6) jaý barada haýyşnamaňyzy yzyna almak isleseňiz, onda hökman jaý bölümine habar beriň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş